• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

BELENT HORMATYŇ EÝELERI Her ýylyň bahar aýynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlay bilen Halkara zenanlar güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Ýaňy-ýakynda şeýle dabaraly baýramçylyk çäre

Neşir: 11.03.2024 Seredilen: 723

BELENT HORMATYŇ EÝELERI Her ýylyň bahar aýynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlay bilen Halkara zenanlar güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Ýaňy-ýakynda şeýle dabaraly baýramçylyk çäre

                              BELENT HORMATYŇ EÝELERI

Her ýylyň bahar aýynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlay bilen Halkara zenanlar güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Ýaňy-ýakynda şeýle dabaraly baýramçylyk çäresi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň mejlisler zalynda geçirildi.

Ösüşlere beslenýän döwrümizde ýurdumyzda zenanlaryň döwrebap durmuşda bagtyýar ýaşamagy, jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda mynasyp zähmet çekmegi, bagtyýar durmuşda nesil daragtyny gülletmegi hem-de saglygyny berkitmegi babatda çuňňur aladalar edilýär. Bu işleriň netijesinde türkmen zenanlary ähli ugurlar bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan Gurluşyk pudagynda mynasyp zähmet çekip, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine barýan ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

Baýramçylyk çäresinde ýurdumyzyň gülläp ösmeginde hem-de milli özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlaryň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watana wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alnyp pudakda zähmet çekýän aýal-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan güller we  pul sowgatlary gowşuryldy.

Baýramçylyk çäresi Watanyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan türkmenistanly aýal-gyzlara goýulýan çäksiz hormatyň aýdyň subutnamasy boldy.

Dabara gatnaşan zenanlar özleriniň ata Watanymyzyň gujagynda mynasyp zähmet çekmekleri, bagtyýar durmuşa ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan