• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbi tutuldy

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbi tutuldy
Neşir: 08.08.2022 Seredilen: 963

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbi tutuldy

8-nji awgustda Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm saýty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň 16-njy iýunynda kabul edilen Karara laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354, ini 21 metre deň bolan, ikitaraplaýyn gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak göz öňünde tutuldy.

Soňra täze awtomobil köprüsi bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu şanly waka mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyryp, ony ýörite guta ýerleşdirdi. Türkmen döwletiniň Baştutany gutyny täze gurluşygyň binýadyna atyp, awtomobil köprüsiniň ilkinji betonyny guýdy.

Bu täze köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, awtomobil, demir ýol ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ugur boýunça çykmaga amatly şertleri döreder.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan