“Dinamiki agramly maşynlaryň binýatlary” atly TGK hakynda
“Dinamiki agramly maşynlaryň binýatlary” atly TGK 2.02.05-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň
25-nji iýulynda çykaran 90-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyp, 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda bellenen tertipde döwlet belligine alyndy.
Bu Kadalar dinamiki agramly maşynlaryň binýatlaryny, aýlanýan bölekli maşynlaryň, kriwoşip-şatunly mehanizmli maşynlaryň, demirçilik çekiçleriň, metal guýulýan önümçiligiň galyplaýjy (formalaýjy) maşynlarynyň, gurnama demirbeton öndürmek üçin galyplaýjy maşynlaryň, urgy meýdançalaryň kopýor enjamlarynyň, owradyjy, sozujy, basyjy enjamlaryň, degirmen gurluşlarynyň, metal kesiji stanoklaryň we aýlanýan peçleriň binýatlaryny taslanylanda peýdalanmaklyga degişlidir.
Şu mesele boýunça sorag ýüze çykan halatynda şu telefon belgilerine
44-46-12, 44-46-53 jaň edip bilersiňiz.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan