• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy


Neşir: 13.08.2021 Seredilen: 760

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.

Irden Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wakalaryň geçýän ýerine geldi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Harby-Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň täze desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, Watan goragçylaryny bu şanly waka bilen gutlady. Soňra milli Liderimiz Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň dolandyryş binasynyň esasy girelgesine tarap ugrady.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, täze harby bölümi açyp, onuň düzümleri bilen tanşyp başlaýar.

Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň hem-de bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Baş binada dolandyryş bölümi, şeýle hem nobatçylyk alyp barýan harby deňizçiler üçin iş otagy ýerleşýär. Hemme bölümlere Harby-Deňiz Güýçleriniň hünärmen-serkerdeleri tarapyndan taýýarlanylan ýörite programma üpjünçiligi ornaşdyryldy.

Täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň, elektron kartanyň kömegi bilen Hazar deňzindäki ýolagçy we harby gämileriň hereketlerini yzarlamak mümkin. Munuň özi deňziň kenarýaka bölegine gözegçilik etmek üçin niýetlenen radiolokasiýa enjamlaryň we HDG-niň söweşjeň gämilerinde bar bolan tehniki toplumlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem sanly enjamyň, hemra aragatnaşygynyň kömegi bilen gämileriň deňizde ýerleşýän ýerleri, olaryň ýangyç we suw üpjünçiligi kesgitlenilýär. Bu bolsa dolandyryş nokadyndan harby gämiler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär.

Dolandyryş bölüminde alnan maglumatlar toplanylýar we işlenilýär, bu ýerde oturdylan enjamlar işleri ýeňilleşdirýär hem-de maglumatlary bellenen ýerleri boýunça ibermäge şert döredýär.

Harby gullukçy gulluk etmäge we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge döredilen ajaýyp şertler üçin Belent Serkerdebaşa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Ýaragly Güýçleriň ähli şahsy düzüminiň adyndan Watan goragçylarynyň mähriban Watanymyza mundan beýläk-de ak ýürekden we wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.

Şol pursatda “Sanjar” gorag gämisiniň serkerdesi onlaýn görnüşinde gäminiň taýýarlyk ýagdaýy, şahsy düzüm tarapyndan geçirilen degerli taýýarlyk barada hasabat berip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada döwlet derejesindäki aladasy üçin hoşallyk bildirdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gämini dürbi arkaly gözden geçirdi. Häzirki wagtda HDG-ne Watanymyzyň deňiz giňişliklerinde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmekde uly orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdä jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw edip, binanyň birinji gatyna bardy.

Soňra döwlet Baştutanymyz harby bölümiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Harby-Deňiz Güýçleriniň harby gullukçylaryna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Harby-Deňiz Güýçleriň täze harby bölüminiň desgalarynyň bu ulgamdaky döwrebap talaplara laýyk gurlandygyny bellemek gerek. Onuň çäklerinde esgerler ýatakhanasy bolup, onda harby gullukçylar üçin amatly durmuş şertleri üpjün edildi. Şunda arassaçylygyň we düzgün-tertibiň saklanylmagyna degişli düzgünleriň berk berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Harby gullukçylar üçin niýetlenen naharhana we onuň enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Ammar önümlerini saklamak üçin sowadyjylar bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we amala aşyrylýan harby özgertmäniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem harby bölümde dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen hem-de ýyladyş we salkynlaşdyryş ulgamlary bilen degişli derejede üpjün edilen jaý bar.

Iň täze tehnologiýalar we sanly ulgamlar bilen üpjün edilen okuw binasy hem göz öňünde tutuldy. Bu ýerde okuwlaryň Harby-deňiz institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan programma üpjünçiligi esasynda geçirilýändigi bellärliklidir. Sanly ulgamlaryň kömegi bilen harby gämileriň dolandyrylmagy, ugurdaş enjamlaryň ulanylyşy, deňiz giňişligine gözegçiligiň alnyp barlyşy öwredilýär.

Okuw binasynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen, harby talyplar we ýaş serkerdeler degişli bilim alýarlar hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar.

Harby bölümiň çäklerinde üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary ýerleşdirildi, şolarda harby gullukçylar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, boş wagtlaryny peýdaly geçirip bilýärler. Şeýle hem halkara ölçeglere kybap gelýän iň täze enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi bar. Bu ýerde harby gullukçylara we olaryň maşgala agzalaryna zerur lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler üpjün edildi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni aladasy netijesinde ähli ýaşdaky türkmenistanlylaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň çeper döredijilik we aýdym-saz bilen meşgullanyp bilmeklerine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Medeniýet öýünde harby gullukçylaryň zehinlerini hem-de özlerine sungat dünýäsini açyp bilmekleri üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Harby bölümiň düzümine baý kitap gaznasyna eýe, okalga zaly bolan döwrebap kitaphana girýär. Ol Watan goragçylaryna bilimlerini artdyrmaga hem-de boş wagtlaryny kitap, şol sanda çeper eserleri okamak bilen geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde islän kitabyňy almak işi sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa wagtyňy ep-esli tygşytlaýar.

Döwrebap binasy bolan we häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary hem-de ugurdaş enjamlar bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdepde harby gullukçylaryň çagalary orta bilim alarlar. Bu ýerde sapaklar häzirki zaman usulynda alnyp barlar. Bu bolsa çagalaryň ylymlara işjeň aralaşmaklary üçin zerur şertleri üpjün eder.

Şeýle hem harby bölümiň çäginde ösüp gelýän ýaş nesillere bilim-terbiýe bermegiň häzirki zaman usullaryny özünde jemleýän çagalar bagy hereket edýär. Iki gatly döwrebap binada körpeleriň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri, olaryň başlangyç bilim almagy üçin ýokary derejeli şertler döredildi.

Çagalar baglarynda birnäçe gurnak otaglary bolup, olarda körpeleriň islegine görä, birnäçe ugurlar boýunça okuw sapaklary geçiriler. Şol bir wagtyň özünde çagalarda zähmet endiginiň ösdürilmegine uly üns berler. Bu bolsa ýaş nesliň sowatly, edep-terbiýeli bolup ýetişmeginde ähmiýetlidir.

Çagalar üçin niýetlenen, ajaýyp görnüşde enjamlaşdyrylan oýun meýdançalary bar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmekleri, bilim-terbiýe almaklary ugrunda edilýän aladanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendiginiň aýdyň beýanydyr.

Toplumyň binalarynyň köptaraply häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda durmuş maksatly binalaryň taslamalarynyň taýýarlanmagyna jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini aňladýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň çäginde iki sany 3 gatly, 60 öýli ýaşaýyş jaýy, şeýle hem ýaş serkerdelere niýetlenen 2 gatly umumy ýaşaýyş jaýy bar. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynda amatly ýaşaýyş we dynç alyş üçin ähli zerur şertler üpjün edildi.

Şonuň bilen birlikde, täze jaýlaryň binagärlik çözgüdine hem-de bezegine uly üns berlipdir. Olarda giň, ýagty otaglar, döwrebap talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan amatly aşhanalar bar. Munuň özi ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary taýýarlananda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, öýleriň amatlylyk derejesinde bolşy ýaly, olaryň zamanabap ýagdaýda enjamlaşdyrylmagynyň esasy şert hökmünde kesgitlenendigini aňladýar.

Toplumyň çäklerinde ugurdaş binalardan başga-da, alyjylara gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşini hödürleýän köpugurly dükan hereket edýär. Bu goşmaça amatlyklary döredýär.

Täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alkyş sözlerini aýdýarlar. Täze öýleriň töründe giňden ýazylan bereketli desterhanlaryň başynda agzybirlikde tagam dadylyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öwran-öwran alkyş sözleri aýdyldy.

Toplumyň çäginde bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy. Bu ýerde dürli gülleriň hem-de saýaly baglaryň ekilmegi ekologiýa abadançylygyny saklamaga ýardam edýär.

Harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk senesine ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrülen bu täze binalar we desgalar toplumy olaryň mähriban Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmegi esasy ugur edinýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň tutuş ýurdumyzy gurşap almagy Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby bölümiň Dolandyryş nokadyna çykyp, harby gämileriň duralgasyna bardy. Bu harby bölümde harby gämiler üçin duralganyň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek, şeýle hem bu ýerde milli HDG-niň ygtyýarynda bolan täze “Deňiz han” atly harby gämi bar. Ol Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Gämileri abatlaýyş kärhanasynda guruldy.

Ýola goýlan asylly däbe eýerip, söweşjeň gäminiň serkerdesi gämä gelen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň baýdagyny galdyrmaga rugsat bermegi barada haýyş bilen ýüzlendi. Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Şol pursatda harby gämileriň ýokarsynda asman giňişliginde ýurdumyzyň harby howa güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan harby uçarlar peýda boldy. Olar dürli belentlikde birnäçe çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirdiler. Bu görnüşler uçarmanlaryň ussatlyk derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda dürli düzümlerde gulluk edýän harby gullukçylaryň hünär taýdan kämilleşmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa Watan goragçylarynyň, şol sanda harby uçarmanlaryň özleriniň saýlap alan hünärlerinde täze belentliklere çykmaga çalyşýanlarynyň sanynyň barha artmagyna getirýär. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän döwürde has-da möhümdir. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň harby-söweşjeň uçarda synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrmagy harby gullukçylary öz ussatlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ruhlandyrdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tagallalary netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilmegi dowam edýär.

Harby uçarlaryň uçuşyny synlap, döwlet Baştutanymyz bu ýerden Döwlet serhet gullugyna degişli täze binalar toplumynyň açylyş dabaralarynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Bu ýerde wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna täze binalar toplumynyň açylmagyna taýýarlygy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz serhet galasynyň täze binalar toplumynyň toý bagyny kesip, onuň işine ak pata berdi. Munuň özi merdana serhetçiler üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň gadymy ýörelgelerine laýyklykda, amala aşyrylýan hoşniýetli goňşuçylyk, goňşy ýurtlar we halklar bilen özara ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmekde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň mukaddes çäklerini dost-doganlyk serhedine öwürmek babatda Watan goragçylaryna möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Şeýlelikde, ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şol sanda Döwlet serhet gullugynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şol bir wagtyň özünde türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki durmuş maksatly binalary gurmak hakynda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň üstünlikli dowam etdirilmeginiň wajypdygyny nygtaýar.

Serhet goşunlarynda degişli düzümleriň sazlaşykly hereketine, serhetçileriň işlerine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Bu bolsa galanyň gözegçilik edýän çägi boýunça degişli maglumatlary toplamak, olary seljermek we gaýtadan işlemek wezipesiniň dessin hem-de dürs ýerine ýetirilmeginde serhetçilere kömek edýär.

Bu ýerde Dolandyryş merkeziniň işiniň täzeçil tehnologiýalar esasynda alnyp barylmagy toplanylan maglumatlaryň öz wagtynda hem-de maksadalaýyk ulanylmagyny üpjün edýär, bu bolsa gullugyň döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna ýardam edýär. Serhet bölüminiň serkerdesi döredilen amatly şertler üçin hoşallygyny beýan edip, Watana ak ýürekden gulluk etjekdigine kasam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeler bilen baglylykda, serhet galasynyň täze binalary gurlanda, olarda serhetçiler üçin ýokary derejeli gulluk we amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Galanyň çäginde beýleki durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, gulluk itleriniň saklanylýan desgalarynyň bardygyny hem bellemeli.

Ýatakhanalarda ýaş serhetçileriň amatly dynç alşyny üpjün edýän ähli zerur şertler bar. Harby gullukçylaryň naharhanasynyň binasynda ýokumly tagamlary taýýarlamak, azyk önümlerini degişli derejede saklamak aýratyn möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi. Bu ýerde nahar taýýarlaýan aşpezleriň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby esasy gollanma öwrendikleri aýratyn nygtaldy.

Döwrebap kitaphana serhetçileriň hyzmatynda, onda gözýetimiňi giňeltmäge hem-de göwün söýen çeper edebiýatyňy okamaga zerur mümkinçilikler bar. Serhetçi esgerler bu ýere höwes bilen gelip, kitaplardan özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap tapýarlar.

Toplumyň çäginde ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport meýdançalary ep-esli orun tutýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, özara bäsleşikleri guramak ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belläp, serhetçiler döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýtdylar.

Toplumyň serhetçi itler üçin niýetlenen meýdançasynda alabaýlar bilen türgenleşik işleri yzygiderli geçirilýär. Olar serhetçileriň ýakyn ýardamçylaryna öwrüldiler. Şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde geçirildi. Onuň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” ady bilen bäsleşik geçirildi. Onda Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaý ýeňiji boldy.

Mundan başga-da, toplumda serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoulaglar üçin duralga we beýleki desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilipdir.

Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň milli hünärmenler tarapyndan bina edilmegi aýratyn bellärliklidir. Täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar ýaşaýjylar türkmeniň asylly däp-dessurlaryna eýerip, toý saçagyny giňden ýazdylar. Ýaşaýyş jaýlarynyň otaglary döwrebap mebeller bilen, aşhanasy bolsa ýokary hilli hojalyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Serhetçiler we olaryň maşgalalary özleri barada taýsyz tagallalary edip, şeýle ajaýyp ýaşaýyş-durmuş hem gulluk şertlerini döredip berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sagbolsunlaryny, çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň dowamynda milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, degişli gulluklaryň işine häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdiler. Aýratyn-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk barada aýdyldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini berjaý etmek, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine laýyklykda, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabatlarda aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň harby gullukçylarynyň şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirmekleri, olaryň watansöýüjilik ruhunyň belende galmagy ugrunda zerur tagallalary etmekleri babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň, aýratyn-da, dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine möhüm üns berilmelidir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy düzümlere degişli binalar we desgalar toplumlarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw etdi we maslahaty jemledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy. Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet serhet gullugy üçin täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan