Arkadag şäheri “Smart-сity” konsepsiýasyna esaslanýar
“Akylly” şäher tehnologiýasy ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary “Smart-сity” konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr.
Ol Internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň we howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň işini awtomatik we sazlaşykly üpjün edýär. Şunuň netijesinde, öýleri we hojalyk işlerini aralykdan, mysal üçin, smartfonuň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Täze şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli Interneti ulanmaga mümkinçilik berdi. Ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi.
Şeýle hem Arkadag şäheriniň gurluşygy we onuň sanly binýadynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we professor-mugallymlar düzümi üçin nazaryýet bilimlerini, ukyplaryny, täzeçil tekliplerini we pikirlerini iş ýüzünde ulanmagyň özboluşly mekdebine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň nygtýaşy ýaly, ýaş nesil Watanymyzyň geljegidir, onuň okgunly ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda ýaşlarymyzy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny we iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, täze şäherde birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde “akylly” ulgamyny goldamak işlerini amala aşyrdylar. Şunuň bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilim ulgamy üçin sanly çözgütler işlenip taýýarlanyldy.
Arkadag şäherinde şeýle hem ilkinji gezek täze “123” gullugy işe girzildi. Munuň özi degişli dessin gulluklary, şol sanda gaz we ýangyn howpsuzlygy, tiz kömek gulluklaryny çagyrmagyň bitewi belgisidir. Şeýlelikde, “123” gullugynyň işi adatdan daşary ýagdaýlarda zerur kömegi bermäge we öňüni alyş çärelerine gönükdirilendir.
https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/73637/arkadag-saheri-smart-sity-konsepsiyasyna-esaslanyar
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan