Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýurdumyzda öndürilmegi: kompozit armaturadan arassaçylyk serişdelerine çenli önümçilikler
Ykdysadyýeti diwersikasiýalaşdyrmak ýoluna düşen Türkmenistanda senagaty ösdürmek we daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurtda öndürmek döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bazar gatnaşyklary gurallarynyň ornaşdyrylmagy, telekeçiligiň ösdürilmegi we innowasiýalaryň kemala getirilmegi – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Toplumlaýyn çäreler netijesinde ykdysadyýetiň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagynda we daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurtda öndürmekde hususy pudagyň ähmiýeti ýokarlanýar.
Mysal üçin, «Kompozitenergo» hojalyk jemgyýeti elektrik energiýasy desgalarynyň gurluşygynda ulanylýan aýna süýümli armatura öndürilişini artdyrdy. Ýylyň başyndan bäri paýtagtyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän demir-beton önümleri zawodynda «Полоцк-стекловолокно» APJ-den (Belarus Respublikasy) satyn alynýan çig maldan şu material çykarýan önümçilik işe girizildi.
Ulanylýan ýerine görä üznüksiz aýna süýüminden alynýan armatura epoksid, poliefir ýa-da poliefir winil şepbigi çalynýar, olar önüme aýratyn sypat – berklik, himiki taýdan zyýanly zatlara ýa-da çyglylyga durnuklylyk häsiýetlerini berýär. Ol az agramy we has berkligi bilen tapawutlanýar.
DBÖ zawodynyň önümçilik bölümleriniň birinde kuwwatlylygy 10 müň tonna aýna süýümli armatura çykarýan enjam oturdyldy. «Kompozitenergo» HJ eýýäm dürli desgalaryň gurluşygynda, şeýle hem elektrik geçiriji liniýalaryň sütünlerinde we ýokary woltly EGL-leriň fundamentinde ulanylýan şu gurluşyk materialynyň 400 tonnadan gowragyny çykardy.
Kompozit armaturanyň nusgalary Türkmenistanyň seýsmikidurnukly gurluşyk YBI-nda synaglardan üstünlikli geçdi. Kärhana laýyklyk sertifikaty we howpsuzlyk sertifikaty berildi, aýna plastikden öndürilýän täze materialyň kalkulýasiýasy tassyklanyldy, ony ulanmagyň ölçegleri işlenilip taýýarlanylýar.
***
«Türkmeniň Rysgaly» hususy kärhanasy täze önümiň iki görnüşiniň – erkekler üçin sakal syrylýan gurallaryň iki we diş pastasynyň birnäçe görnüşiniň önümçiligini özleşdirdi.
2016-njy ýylda döredilen kompaniýanyň «Ak Bulut» söwda nyşany bilen çykarylýan çygly süpürgiçleri, arassaçylyk gatlary, awtomatik usulda we el bilen kir ýuwujy serişdeleri bahasydyr hiliniň amatlylygy üçin alyjylaryň arasynda islegli harytlara öwrüldi. Önümleriň ähli görnüşi halkara ölçeglerine laýyk gelýär, olar gigiýena, ekologiýa talaplaryna gabat gelýär, gipoallergen.
Şu ýylyň aprelinde işe girizilen önümçilikde häzire çenli sakal syrylýan gurallaryň 72 müňden gowragy çykaryldy. Mundan başga-da, maryly telekeçiler her iş çalşykda 40 müň gaba golaý atyr we kir sabynlaryny çykarmaga niýetlenen awtomatlaşdyrylan enjam satyn aldylar.
Kompaniýa ýakyn wagtda suwuk sabyn, şampun we duşda ulanylýan gel çykarmagy göz öňünde tutýar. «Ak Bulut» nyşanly suwuk ýuwujy we arassalaýjy serişdeler kärhananyň özünde çykarylýan plastik gaplara guýlar.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan