• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Milli Liderimiz Balkan welaýatynda täze desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Milli Liderimiz Balkan welaýatynda täze desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Neşir: 14.07.2021 Seredilen: 1261

Milli Liderimiz Balkan welaýatynda täze desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Milli Liderimiz Aşgabadyň Halkara howa menzilinden dikuçarda ulag düzüminiň geljekki desgasynyň guruljak ýerine geldi.

“Ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylan Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Aziýany we Ýewropany söwda hem-de medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyrypdyr. Yklymara ýollaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz häzirki döwürde hem adamzat ösüşinde uly ähmiýete eýe bolan bu meşhur ýoly täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldýär.

Ulag-kommunikasiýa ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň we söwdasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ol dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna gönüden-göni täsir edýär, durnukly ösüşiň wezipelerini çözmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan oňyn başlangyçlarynyň örän wajypdygy äşgärdir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly — Ýewropa gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegini hem-de bu ulgamda bar bolan kuwwaty nazara almak bilen, halkara ölçeglere laýyk gelýän we ulaglaryň ähli görnüşlerini, şol sanda howa ulagyny özüne birleşdirýän multimodal üstaşyr ulag düzümini ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, onuň düzümini uçarlar bilen ýetirmek, pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, täze howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

2010-njy we 2018-nji ýyllarda Türkmenbaşy hem-de Türkmenabat şäherlerinde Halkara howa menzilleriniň işe girizilendigini ýatlatmalydyrys. 2016-njy ýylda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň täze toplumy açyldy. Geçen aýda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menzili ulanylmaga berildi. Ine, bu gün bolsa Balkan welaýatynda ýene-de bir döwrebap howa menziliniň gurluşygyna badalga berildi. Sebit we sebitara üstaşyr ulag gatnawlarynda bu howa menziline möhüm orun degişlidir.

Milli Liderimiziň şu aýyň başynda günbatar sebite amala aşyran iş saparynyň barşynda degişli ýolbaşçylara Jebel şäherçesindäki täze howa menziliniň taslamasyny taýýarlamak işini çaltlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berendigini bellemelidiris.

Döwlet Baştutanymyzyň oňyn strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag hem-de logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyny üpjün etmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça milli düzümi giňeltmekde öňde goýan wezipelerini çözmek babatda netijeli çäreler görülýär. Munuň özi ýük daşalmagyny we ýolagçy gatnadylmagyny has-da işjeňleşdirmäge, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam etmelidir.

Ýurdumyz sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, bu ulgamdaky uly kuwwatyndan netijeli peýdalanýar.

Täze howa menziliniň düýbüniň tutulýan ýerine — Jebel şäherçesine gelende, milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary mübärekläp, özi üçin niýetlenen ýere geçýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara hem-de watandaşlarymyza ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyz gün-günden rowaçlanyp, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýar diýip, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi.

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýine barýan eziz Diýarymyz uly üstünliklere beslenip, belent sepgitlere ýetýär. Muny şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri hem doly tassyklaýar. Ýubileý ýylynyň geçen alty aýynda ýurdumyzda 32 sany iri desga, ähli amatlyklary bolan köp sanly döwrebap ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglarydyr beýleki möhüm desgalar gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde işe girizilen Halkara howa menzilini, Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasyny we ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar.

Häzirki döwürde hem ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan-da geçýän iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy dowam edýär. Biz bu işleri mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň birine öwrülmegi üçin amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli döwrebap binalardyr desgalaryň ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ösýändiginiň, ata Watanymyzyň kuwwatynyň artýandygynyň subutnamasyna öwrülip, güneşli ülkämiziň keşbiniň tanalmaz derejede özgerdýändigini, munuň bolsa biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýändigini belledi.

Ynha, şu gün hem biz Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen täze Halkara howa menzili toplumynyň dabaraly ýagdaýda düýbüni tutýarys. Potratçysy bäsleşik esasynda kesgitlenjek bu halkara toplumyň gurluşygy ýurdumyzyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Karz ylalaşygyna laýyklykda maliýeleşdirilýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen ysnyşykly, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň, berkarar döwletimiziň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň uludygynyň aýdyň subutnamasydyr.

200-e golaý işgär işlejek täze Halkara howa menziliniň umumy meýdany 275 gektara barabar bolar. Taslamanyň düzüminde birnäçe binalardyr desgalar bar. Olaryň hatarynda ýolagçy we ýük terminallaryny, howa hereketini dolandyryş diňini, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasyny görkezmek bolar. Bu ýerde uzynlygy 3 müň 200 metr bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagy, iki öwrüm ýollary, alty howa gämisine hem-de dört dikuçara niýetlenen meýdança hem gurlar. Ýöriteleşdirilen aerodrom we howa gämilerine ýerüsti hyzmat ediş gulluklarynyň binalary, jemi 15 sany esasy desga bina ediler. Uçarlara ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin täze Halkara howa menzilini dürli görnüşli 45 sany ýöriteleşdirilen ýerüsti tehnikalar bilen üpjün etmek hem göz öňünde tutulýar.

Nesip bolsa, ýene-de üç ýyldan bu ýerde döwrebap howa menzili bina ediler, dürli kysymly howa gämileri uçup-gonar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, düýbi tutulýan täze Halkara howa menzili toplumy berkarar döwletimiziň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ol howa ulaglary arkaly ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmakda, ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmekde, halkymyza döwrüň talaplaryna laýyk hyzmat etmekde wajyp orny eýelär.

Milli Liderimiz bular barada aýdyp, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak bu täze desganyň gurluşygynda işlejek, işe girizilenden soň toplumda zähmet çekjek adamlaryň ählisine uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz şu gün welaýatyň merkezi Balkanabat şäherinde döwrebap «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we 3000 orunlyk sadaka jaýynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga beriljekdigini belledi. Ýurdumyzyň günbatar welaýatynyň görküne görk goşjak “Türkmeniň ak öýi” binasy döwletli maslahatlary we dürli köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenilýär. Bu ajaýyp bina şanly seneleri, baýramçylyk we toý dabaralaryny, şowhunly aýdym-sazly çykyşlary hem-de at üstündäki oýunlary guramak üçin ähli şertler döredilen merkeze öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merdana halkymyzyň döwletlilik däplerini özünde jemleýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň Balkan welaýatynda alyp barýan işlerimizi üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orny eýelejekdigini, medeniýetimizi hem-de sungatymyzy ösdürmekde, ýaşlarymyzy watançylyk, millilik, zähmetsöýerlik we ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, gadymy Balkan topragynda ýaşap geçen Baýram şahyryň meşhur aýdyma öwrülen şu setirlerini ýatlatdy:

«Daglaryna diýrler Balkan,

Müňkürdir oňa at dakan,

Gyşy geçip, ýaza ýakyn,

Nurlar döker bulutlary».

Zehinli şahyryň aýdyşy ýaly, gojaman Balkan daglarynyň tebigy keşbi häzirki Garaşsyzlyk döwründe has-da gözelleşýär. Balkanabat şäherinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasy bolsa şu daglaryň gözelligi bilen özboluşly sazlaşyp, bu sebitlere aýratyn öwüşgin çaýýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mälim bolşy ýaly, Balkan topragy Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Gurbandurdy Zelili, Baýram şahyr ýaly ençeme akyldarlaryňdyr nusgawy şahyrlarymyzyň ýaşap geçen topragydyr. Olaryň nusgalyk edebi mirasy, özboluşly sungat ýoly ýaş nesillerimizi mynasyp terbiýelemäge uly ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän gadymy Balkan topragynda täze howa menziliniň düýbüniň tutulmagy we «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen dabara gatnaşyjylary hem-de watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlady. Olaryň ählisine berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Goý, bu ajaýyp binalar geljek nesillerimize bizden hemişelik ýadygär galsyn diýip, milli Liderimiz çykyşyny jemledi.

Soňra döwlet Baştutanymyza hem-de dabara gatnaşyjylara Jebel şäherçesindäki täze guruljak Halkara howa menzili hem-de onuň esasy häsiýetnamalary barada anyk düşünje almaga mümkinçilik berýän wideoşekiller görkezildi.

Soňra ösüp gelýän ýaş nesliň wekilleri milli Liderimizden howa menziliniň gurluşygyna ak pata bermegini hem-de geljekki nesillere ýüzlenilen ýadygärlik ýazga gol çekmegine haýyş edýärler. Döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazga gol çekýär we ony ýörite gutujyga salyp, geljekki howa menziliniň binýadyna goýýar.

Asylly däbe görä, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalar astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyga badalga berip, täze howa menziliniň binýadyna pil bilen beton guýdy.

Hormatly ýaşulular we beýleki dabara gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerdiler.

Milli Liderimiz çagalar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň tomusky dynç alyş möwsümini geçirişleri bilen gyzyklandy. Körpeler jogap hökmünde Arkadag Prezidentimize oňat dynç almak ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz çagalar hem-de uly ýaşly nesliň wekilleri bilen ýadygärlik surata düşdi.

Dabara tamamlanandan soň, milli Liderimiz awtoulagynda Balkanabada, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.

Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz şäheriň “Gaýragoýulmasyz Tiz kömek” merkeziniň golaýynda saklandy. Lukmançylyk edarasynyň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri tüýs ýürekden mübärekleýärler.

Milli Liderimiz halkymyzyň, esasan-da, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigini aýdyp, bu gaznadan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny sowgat bermek baradaky karara gelendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň geljekde hem biziň geljegimiz bolan çagalar, olaryň beden taýdan sagdyn ösmegi hem-de Watanymyza bolan söýgi ruhunda terbiýelenilmegi üçin yzygiderli alada etjekdigini belledi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan milli Liderimize Diýarymyzyň ýaş raýatlary barada ýadawsyz alada edýändigi hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda hemişe goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lukmanlar bilen söhbetdeş bolup, täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň olaryň işine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz lukmanlar bilen hoşlaşyp, olaryň asylly we jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Balkanabatda gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasyna tarap ugrady.

Balkan welaýatynyň edara ediş merkeziniň täze binagärlik ajaýyplygyna öwrülen bu iri durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda guruldy.

Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desganyň öňündäki meýdança barýar. Şol ýerde ýurdumyzyň günbatar sebitiniň birleşen döredijilik toparlarynyň köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz bäş welaýatyň we paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary hem-de kümüş saçly eneleri bilen bilelikde toý bagyny kesýär. Täze ajaýyp desga açylýar.

Milli Liderimiz binanyň içine girýär. Hormatly Prezidentimizi çagalar joşgunly goşgy okamak bilen garşylaýarlar, olar şeýle hem “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirýärler. Bu ýerde halk saz gurallary topary çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen söhbetdeşlikde olaryň sungata garaýyşlary bilen gyzyklandy. Körpe artistler ýurdumyzda aýdym-saz bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyza ösüp gelýän nesliň sazlaşykly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertlere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şanly waka mynasybetli “Türkmeniň ak öýi” binasynda milli amaly-haşam sungaty hem-de döredijiligiň görnüşleri, milli senetçiligiň özboluşlylygy barada düşünje almaga mümkinçilik berýän sergi guraldy. Döwlet Baştutanymyz giň gerimli sergini synlady, ol türkmen halkynyň köpugurly döredijilik zehininiň hem-de örän baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmeniň ak öýi” binasynyň bezegi we abadanlaşdyrylyşy, onuň keşbindäki şähergurluşyk ulgamyndaky öňdebaryjy gazanylanlar hem-de milli binagärligiň iň gowy däpleri, dürli derejedäki çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Ägirt uly ak öý görnüşinde bina edilen we üç müň adama niýetlenilen “Türkmeniň ak öýi” binasy halkymyzyň gadymdan gelýän asylly myhmansöýerlik däp-dessurlaryny alamatlandyrýar hem-de abadançylygyň we ösüşiň nyşany bolup durýar. Durmuş üpjünçilik ulgamynyň toplumy bilen üpjün edilen bu bina häzirki zaman gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri esasynda guruldy. Onuň içki bezeginde ulanylan milli binagärlik sungatynyň usullary hem-de haly nagyşlary aýdyň milli öwüşgini bilen tapawutlanýar.

“Türkmeniň ak öýi” toplumynda zerur häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen giň konsert zaly, iş otaglary we beýleki ugurdaş otaglar, eýwan göz öňünde tutuldy. Bu 3 müň orunlyk sadaka üçin aýratyn binany hem öz içine alýan tutuş desgalar toplumydyr. Onuň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyryldy hem-de bagy-bossanlyga büreldi, köp sanly pürli agaç nahallary hem-de bezeg ösümlikleri ekildi, bina gelýän ýol çekildi, bezeg, yşyklandyryş enjamlary gurnaldy.

Toplumyň golaýynda bezegli ak öýler we hiňňildikler gurnalypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Türkmeniň ak öýi” binasyny gurmak boýunça başlangyjy esasynda amala aşyrylýan giň gerimli taslama täze taryhy eýýamda döwürleriň hem-de nesilleriň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geçen aýda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda şunuň ýaly desga Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde hem açyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desga bilen tanyşlygyny tamamlandan soňra, şanly waka mynasybetli guralan welaýatyň sungat ussatlarynyň konserti geçirilýän zala bardy.

Baýramçylyk konserti “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly edebi-sazly çykyş bilen açyldy. Soňra welaýatyň belli aýdymçylary we döredijilik toparlary çykyş edip, joşgunly aýdymlary, tanslary bilen ussatlyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar topary hem ajaýyp öwüşginli çykyşyny taýýarlady. Bedewe erk etmegiň inçe tilsimlerini ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetirýän bu topar Diýarymyzda hem, onuň çäklerinden daşarda hem uly şöhrata hem-de giň ykrar edilmegine mynasyp boldy.

Geçen ýyllarda “Galkynyş” topary daşary ýurtlarda ençeme gezek çykyş edip, uly üstünliklere, şeýle hem iri halkara bäsleşiklere gatnaşyp, köp sanly baýraklara mynasyp boldy. Türkmen jigitleri ajaýyp çykyşlary bilen Ýer ýüzünde milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan atçylyk sungatyny giňden wagyz etmäge uly goşant goşýarlar, özüniň gözelligi bilen haýran galdyrýan ahalteke bedewleri milli buýsanjymyzdyr.

Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlaryň bezegidir. Ine, bu gün hem manežde meşhur Akhan peýda bolýar. Mälim bolşy ýaly, ol çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we özüniň ozalky görkezijisini iki esse ýokarlandyrdy. Munuň özi türkmen bedewleriniň diňe bir beden gurluşy, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy bilen däl-de, öz seýsi bilen doly düşünişip, täsin tilsimleri ýerine ýetirmäge ukyplydygyny-da görkezýär. Akhany başarjaň we tejribeli çapyksuwar, şeýle hem atşynaslyk babatynda ykrar edilen ussat halypa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň seýisländigini bellemek buýsançlydyr.

Arassa ganly ahalteke bedewlerini gorap saklamakda hem-de olaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmakda döwlet Baştutanymyza uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň köpasyrlyk atşynaslyk ýörelgeleri häzirki wagtda mynasyp derejede dowam etdirilýär.

Milli Liderimiz Akhan bedewini “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar toparyna sowgat bermek bilen, bu bedewiň täze üstünliklerine ýol açdy. Akhan bu toparyň düzüminde köp ýurtlarda çykyş edip, halkara festiwallarda uly üstünlikleri gazanmaga goşant goşdy.

Asylly däbe görä, konsert maksatnamasyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk döredijiliginiň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň subutnamasy bolan gadymy “Küştdepdi” tansy hem girizildi.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Alkyş aýdýas Arkadaga!” aýdymy dabaranyň köpöwüşginli jemlemesine öwrüldi. “Türkmeniň ak öýi” binasynda emele gelen watançylyk we baýramçylyk ruhy türkmen halkynyň milli Lideriniň töwereginde mäkäm jebisleşendiginiň, ajaýyp Watanymyza bolan çäksiz buýsanjynyň aýdyň alamatyna öwrüldi.

Konsert tamamlanandan soňra, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar üçin kitaba ýadygärlik ýazgy ýazdy.

Döwlet Baştutanymyz şu günki ajaýyp wakanyň şanyna Balkanabat şäherinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynda işlejek döredijilik toparlary üçin niýetlenilen täze awtobusy sowgat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy. Sadaka tamamlanandan soňra, milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şol gün döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz Aşgabada gaýdyp geldi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Onuň dowamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça çäreler, şanly senelere taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň günbatar sebitine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde durmuşa geçirilen çäreler, şeýle hem öňde boljak halkara wakalara hem-de baýramçylyk dabaralaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda meýilleşdirilen çäreleriň, şol sanda halkara ähmiýetli maslahatlaryň maksatnamalary talabalaýyk derejede taýýarlanyldy. Şol bir wagtda degişli düzümler bilen bilelikde, “Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň möhüm wakalaryna gabatlanyp, medeni maksatnamany taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli maksatly binalaryň 30-dan gowragynyň ulanmaga berlendigi we ýene-de şu ýylyň dowamynda 22 desganyň gurluşygyny tamamlamagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň, şol sanda halkara ähmiýetli forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmeginiň hem-de olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, maslahaty jemledi we ýurdumyzyň günbatar welaýatyna bolan iş saparynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýlelikde, şu gün Balkan welaýatynda guralan dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysyna täze sahypany ýazdy. Nobatdaky iri desgalaryň dabaraly ýagdaýda düýbüniň tutulmagy hem-de ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan