Has gowy şäher geljeginiň ýolunda: 5-nji oktýabr – Bütindünýä binagärlik güni
Halkara binagärler birleşiginiň (HBB) 1985-nji ýylda döreden Bütindünýä binagärlik güni oktýabryň birinji duşenbesinde BMG-nyň Habitat (ýaşaýyş jaýy) Bütindünýä güni bilen birlikde bellenilýär, bu ýyl onuň temasy « Has gowy şäher geljeginiň ýolunda» -diýlip atlandyryldy. Her ýyl bu şanly günüň temasyny täzeden saýlaýan HBB bu gezek kärine ussatlaryň, şeýle hem jemgyýetçiligiň ünsüni şäherlere we ýaşaýyş gurşawyna degişli meselelere çekmäge çalyşýar.
«Ählumumy pandemiýanyň tutuş dünýäde durmuş ýörelgelerini we giňişligi üýtgedişi ýaly, ol çökgünlikleriň ilatyň iň garyp hem-de has pes goragly toparyna deň bolmadyk güýçli täsir edýändigini ýene bir gezek görkezýär. Dünýä ýurtlarynyň şäherleriniň juda köpüsinde adamlara arassa suwuň, howanyň, hat-da giňişligiň-de ýetmeýänligi sebäpli hem olar howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edip bilmeýärler. Şaher syýasaty raýatlaryň ählisine deň hyzmatlary, ýaşaýyş jaýyny we dynç alyş ýerlerini üpjün etmelidir. Şäheriň binalarynyň ýerleşdirilişiniň, diýaznynyň we arhitekturasynyň hemmeler üçin has gowy şäher geljeginiň hatyrasyna aýgytlaýjy ähmiýeti bar» - diýlip HBB-niň Prezidenti Tomas Wonýeniň beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň durmuş goraglylygyna gönükdirilen şähergurluşyk syýasaty şu möhüm ideýalaryň aýdyň mysaly bolup durýar, ol Aşgabadyň häzirki gurluşygynda has-da aýdyň ýüze çykýar. Giň möçberli ýaşaýyş jaý maksatnamasy hökümetiň we şäher häkimliginiň ileri tutýan wezipeleriniň biridir. Eýýäm sany ýüzlerçä ýeten köpgatly jaýlardaky oňaýly öýler ýeňillikli karz netijesinde ortaça girdejili adamlar üçinem elýeterli boldy, şol bir wagtyň özünde täze ýaşaýyş toplumlarynda ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli düzümleriň kemala gelmegi aşgabatlylara aňryçäk amatlyklary döredýär. Beýik jaýlar bilen birlikde köp çagaly maşgalalar üçin mellekli dört we iki gatly jaýlar tapgyry-da gurulýar.
Aşgabat gurluşyk pudagyndaky änlumumy ýörelgelre laýyklykda ösdürilýär. Şäher düzümlerini ösdürmegiň strategiýasy paýtagtyň ilaty üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmegi göz öňünde tutýar. Şäheriň çäginde tutuş sebitler täzeden gurulýar, täze ýaşaýyş jaýlar toplumlary peýda bolýar, edara we jemgyýetçilik binalar toplumlary bina edilýär, seýilgähler we gezelenç zolaklary abadanlaşdyrylýar, ýollar çekilýär, şäheriň köne çäkleri abadanlaşdyrylýar.
Häzirki wagtda ýokary amatlykly on iki gatly jaýlardan ybarat şäheri gurmagyň 16-njy tapgyrynyň gurluşygy tamamlanyp barýar.Ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işgärleriniň müňüsiniň maşgalalary otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýlere göçüp bararlar. Bu ýerde gurulýan jaýlara barýan ýollar, ulag duralgalary, ýaşyl zolaklar, şeýle hem uly söwda merkezi onuň ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş we dynç alyş şertlerini döreder.
Binagärler monumental sungatyň çeper serişdelerini işjeň ulanyp, bu sebite özboluşly keşp bermäge çalşypdyrlar. Olar her öýüň gapdal diwaryndaky mozaiki pannolardyr, şeýle hem aýlawly ýolaýrtyň merkezinde oturdylan türkmen alabaýynyň heýkelidir.
Halkara binagärler birleşigi – ÝuNESKo-nyň ykrar eden halkara derejesinde hereket edýän ýeke-täk binagärler birleşigi bolan hökümete degişli däl guramadyr. Ol tutuş dünýädäki binagärleri olaryň milli guramalarynyň birleşigi arkaly birleşdirmek üçin 1948-nji ýylyň 28-nji iýunynda Şweýsariýanyň Lozanna şäheinde döredildi. Guramanyň esaslandyryş assambleýasyna gatnaşan 27 wekilýetden HBB giňelip, indi ol ýurtlaryň 115-sinden esasy hünärmenler gurmalaryny we üç milliondan gowrak binagäri birleşdirýär. Üç ýyldan bir gezek geçirilýän kongresler we forumlar, dizaýn halkara bäsleşikleri, iş toparlary we komissiýalary arkaly HBB durnukly ösüşe aýratyn üns berýär, binagärlik ösüşi üçin innowasion we bilelikdäki çözgütleri döretmäge kömek edýär we bilimleri alyşmak üçin meýdança hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan