• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Geljekki Aşgabat-sitiniň çäklerinde geologiýa barlaglary işjeň alnyp barylýar

Geljekki Aşgabat-sitiniň çäklerinde geologiýa barlaglary işjeň alnyp barylýar
Neşir: 06.08.2022 Seredilen: 899

Geljekki Aşgabat-sitiniň çäklerinde geologiýa barlaglary işjeň alnyp barylýar

Türkmen paýtagtynyň demirgazygynda geljekki Aşgabat-sitiniň çäklerinde iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen geologiýa barlag işleri işjeň alnyp barylýar.

Iri möçberli taslama baradaky maglumatlar beýan edilen diwarlyk şu gün Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergisinde görkezildi.

Hünärmenler öňdebaryjy enjamlary ulanyp topraga barlag geçirdiler hem-de Aşgabat-sitiniň geljekki binalarynyň esasy sütün gurluşlarynyň taslamasyny dogry düzmek üçin zerur bolan düýpli işleri geçirmegi dowam edýärler.


Orient Link: https://www.orient.tm/tm/post/39202/geljekki-asgabat-sitinin-caklerinde-geologiya-barlaglary-isjen-alnyp-barylyar

Şeýle hem hünärmenler şäher içinde geljekki şäheriň çäklerinde ýörite döredilen ylmy zolakda şol ýerleriň beýleki aýratynlyklaryny öwrenýärler. Şunda olara dürli sanly enjamlar, şol sanda ösen elektron abzallar bilen üpjün edilen uçarmansyz uçýan tehnikalar kömek edýär. Şolar guşuçar belentlikden maglumatlary toplaýarlar hem-de alymlara şol ýerleriň ähli häsiýetnamalary barada has köp bilmäge kömek edýärler.

Sergide görkezilen maket geljekki Aşgabat-sitiniň geologlar tarapyndan öwrenilen köpanly ýerasty gatlaklaryny beýan edýär we topragyň fiziko-geologiýa, gidrologiýa hem-de beýleki häsiýetleri barada gürrüň berýär.

Taslamanyň häzirki ýagdaýyndaky keşbiniň ýanynda bina edilmegi göz öňünde tutulýan ähli ýaşaýyş jaýlary we desgalary bolan geljekki Aşgabat-sitiniň taslamasy bar. Alymlara hem-de gurluşykçylara bilelikde işlemäge ýene-de örän köp işleriň garaşýandygy düşnüklidir, ýöne, gün geçdigiçe taslamanyň durmuşa geçirilmegi baradaky pikir barha ýakynlaşýar.


Orient Link: https://www.orient.tm/tm/post/39202/geljekki-asgabat-sitinin-caklerinde-geologiya-barlaglary-isjen-alnyp-barylyar

Aşgabat-sitiniň düýbüni tutmak dabarasy geçen ýylyň maý aýynda geçirildi. “Akylly” mazmuny özünde jemlejek häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerinde 12-35 gatly kaşaň jaýlaryň 180-sinde 107 müňden gowrak ýaşaýjylaryň ýaşamagyna garaşylýar.

Taslamanyň umymy meýdany 744 gektara barabar bolup, şonça ýerde 240-dan gowrak dürli maksatly desgalary bina etmek göz öňünde tutulýar. Şäher içinde şäheriň ýaşaýyş jaýlarynda 17 müňden gowrak öýler bolar.


Orient Link: https://www.orient.tm/tm/post/39202/geljekki-asgabat-sitinin-caklerinde-geologiya-barlaglary-isjen-alnyp-barylyar

https://www.orient.tm/tm/post/39202/geljekki-asgabat-sitinin-caklerinde-geologiya-barlaglary-isjen-alnyp-barylyar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan