Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatyna gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa gatnaşdy. Onda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyklar, gaznanyň işini mundan beýläk-de yzygiderli alyp barmak we mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
R.Bazarow, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy bilen gutlady hem-de Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen gaznanyň hemaýat bermeginde köp sanly näsag çagalarda operasiýalaryň geçirilendigi, olaryň saglyklaryny dikeldip, häzir bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandygy barada aýtdy. Munuň özi hajy Arkadagymyzyň howandarlyga mätäç çagalar hakyndaky üns-aladalarynyň we olaryň jemgyýetimiziň doly derejeli raýatlary bolup ýetişmekleri ugrunda tagallalarynyň aýdyň netijesidir.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli 29-njy martda Arkadag şäherinde giň möçberli medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilleşdirilendigi barada aýdyldy. Şol bir wagtyň özünde, gaznanyň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup geçen heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalara ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna mahsus ýagşy dessurlary baş ýörelge edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň we ýurdumyzda haýyr işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmelidigini nygtady we olarda parasatly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde mynasyp derejede dowam etdirilmeginiň öz beýanyny tapmalydygyny aýdyp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa Gahryman Arkadagymyzy gaznanyň döredilmeginiň üç ýyllygy bilen gutlap, häzirki döwürde merkezde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, olaryň doly derejede sagalmaklary ugrunda amala aşyrylýan bejergi işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle-de M.Öküzowa gaznanyň hasabyna operasiýa edilen çagalara merkezde operasiýadan soňky geçirilýän bejergi işleri, olaryň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde degişli bejergi we dikeldiş işlerini amala aşyrmak, lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramak üçin ähli zerur şertlerdir mümkinçilikler bar. Lukmanlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, M.Öküzowa lukmanlaryň bir toparynyň Awstriýa Respublikasyna gidip, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçjekdiklerini habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň raýatlarynyň, aýratyn-da, çagalaryň saglygy baradaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň we ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň halkara standartlara doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Aýratyn-da, lukmanlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilmelidir. Şeýle hem Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň taýýarlyk derejesine ünsi çekip, onuň dowamynda geçiriljek çäreleriň bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin döredilýän şertleriň derejesine kybap gelmelidigini aýtdy.
Çagalar baradaky alada hakynda aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bejergi alýan çagalaryň arasynda döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmeginiň we olaryň höweslendirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Aýratyn-da, çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşikleriň geçirilip, oňa hödürlenen suratlaryň gaznanyň muzeýinde goýulmagy maksadalaýyk bolar. Şunda çagalaryň çeken suratlaryny synlap, Watanymyzyň nurana geljegine göz ýetireris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen işleriň ýokary derejesini üpjün etmek we sagaldyş işlerini talabalaýyk alyp barmak babatda birnäçe tabşyryklary berip, haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygynyň bellenilýän günlerinde bejergi alýan çagalaryň hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň gaznanyň hasabyna ýakynda açylan “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde bolup, wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini üpjün etmegi tabşyrdy. Munuň özi ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi baradaky aladanyň aýdyň netijesine öwrülmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemledi we oňa gatnaşanlara işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew täze şäheriň çäklerinde gurulýan köpriniň germewleriniň, beýleki serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdiler.
Hajy Arkadagymyz metjidiň we beýleki desgalaryň gurluşygynda hem-de bezeg işlerinde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň, sütünleriň, germewleriň hiline ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz olaryň berklik, göze gelüwlilik babatda häzirki zaman talaplaryna we halkara standartlara doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi hem-de bezeg serişdelerini saýlamak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Soňra Milli Liderimiziň garamagyna täze şäherde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähleriň, köpugurly stadionyň, şäheriň ýol-ulag ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary görkezildi.
Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Täze şäheriň çagalar seýilgähiniň gurluşygy hem-de onuň bezeg aýratynlyklary ýaş nesilleriň dünýäsine kybap gelmelidir. Onda türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilleriniň oturdylmagyna oýlanyşykly, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bezeg işlerinde ulanylýan mermer daşlarynyň görnüşlerini synlap, olaryň şöhlelendiriş usullarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini, bezeg işleriniň desganyň yşyklandyryş ulgamy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini aýratyn belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda geçirilen owgan önümleriniň sergisinde gurluşyk önümleri, esasan-da, oniks mermer daşy görkezildi. Bu önüm häzirki wagtda uly isleg bildirilýän gurluşyk serişdesidir.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän “Saglyk” seýilgähiniň taslamasy bilen tanşyp, onda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedew heýkelleriniň görnüşlerini synlady. Türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy we buýsanjy bolan bedewleriň şekilleriniň täze şäheriň çäginde gurulýan desgalarda öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu işlere döwrüň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belledi.
Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň aýratynlyklary, köçeleriň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünler, beýleki serişdeler barada hasabat berildi. Hormatly Arkadagymyz görkezilýän şekil taslamalary bilen tanşyp, Arkadag şäherinde gurulýan dürli maksatly binalar bilen bir hatarda, ýollaryň gurluşygynda-da ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we çekilýän ýollaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyna, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine bildirilýän talaplar göwnejaý ýerine ýetirilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyklary, Arkadag şäheriniň ilatynyň jaý bilen üpjünçiligi ýaly möhüm meselelere garaldy.
D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň şekil taslamalarynyň taýýarlanandygy, şäheriň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygyny ýokary derejede alyp barmak ugrunda degişli taýýarlyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Şeýle-de hasabatyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza käbir desgalaryň gurluşygynda ulanylmagy meýilleşdirilýän aýnalaryň görnüşleri görkezildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşyk işlerinde bolşy ýaly, olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylyşyna-da möhüm talaplaryň bildirilýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, desgalarda oturdyljak aýnalar, olaryň bezeg serişdeleri hil babatda ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidir. Şunda binalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegine zerur üns berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde şäheriň ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň dowam edýändigini aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz ilaty jaý bilen üpjün etmek meseleleri boýunça degişli işleriň geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda ýaşaýyş jaýlarynyň “akylly” öýlerinde oturdylan sanly tehnologiýalaryň hil derejesi, olaryň işleýiş ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr. Bu barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz mundan beýläk-de täze şäheriň ähli desgalarynda we ýaşaýyş jaýlarynda “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alyp, täzeçil usullary, nano-tehnologiýalary ornaşdyrmagy, bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan