• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

BIZIŇ TÄZE ÝEŇIŞLERIMIZ


Neşir: 16.10.2024 Seredilen: 341

BIZIŇ TÄZE ÝEŇIŞLERIMIZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň özeni sagdyn jemgyýeti bina etmekden  ybaratdyr. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ýola goýmak, türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak meselelerini üns merkezinde saklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sporty ösdürmek baradaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyndaky «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň türgenleri ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ýeňişler gazanýarlar.

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şygarly 2024-nji ýy­lyň 14-15-nji oktýabrynda Aşgabat köpugurly sport toplumynda sportuň ýeňil atletika görnüşinden Türkmenistanyň kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň tälimçileri Türkmenistanyň ýeňil atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň agzalary, sport ussatlary üstünlikli çykyş edip I orunlara mynasyp bolmagy başardylar:

Meredowa Walentina 100 metr aralyga ylgamakda 11.9 s. netije görkezip, I orny eýledi. Uzynlygyna bökmek boýunça 5 m. 25sm netije görkezip, I orny eýeledi.

Sadulaýew Alişer  100 metr aralyga ylgamakda 10.6 s. netije görkezip, I orny eýledi.   

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyndaky «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň agzybir türgenleri we işgärleri ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ýola goýmak, türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak meselesinde ähli mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almaklaryny arzuw edýärler.

 

                                                                                                              Baýrammuhammet BABAÝEW,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamygyndaky “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň direktorynyň w.w.ý.ý.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan