• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy
Neşir: 25.01.2022 Seredilen: 943

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy

Ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýän «Watan goragçylarynyň güni» mynasybetli Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin iki gatdan ybarat kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 32 sanysy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

Ýerli gurluşykçylar tarapyndan ýokary hil derejesinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary otaglarynyň giňligi we ýagtylygy bilen tapawutlanyp, myhmanlara, çagalara, dynç almaklyga niýetlenen otaglardan, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen aşhanadan ybaratdyr. Täze ýylyň ilkinji aýynda birbada 32 maşgalanyň jaý toýlaryny toýlamaklary ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň maşgalalary üçin döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň buýsandyryjy subutnamalarydyr.

Ähli amatlyklary bolan täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň şowhunly aýdym-sazlaryna giň gerim berilmegi, ýaşuly nesliň wekilleriniň, täze jaýlara göçüp gelen ýaşaýjylaryň hoşallyk çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy jaý toýlaryny ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/60385/taze-yasayys-jaylarynyn-acylys-dabarasy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan