• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy
Neşir: 28.09.2022 Seredilen: 818

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy

Berkarar döwletimiziň Baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary ajaýyp toý sowgadyny aldylar.

Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda birbada 100 sany ähli amatlyklary bolan 2 gatly, 5 otagly, kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlar toplumy açylyp ulanylmaga berildi. Ýerli gurluşykçylar tarapyndan ýokary hil derejesinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary otaglarynyň döwrebaplygy, giňligi we ýagtylygy bilen tapawutlanyp, myhmanlara, çagalara, dynç almaklyga niýetlenen otaglardan, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen aşhanadan ybaratdyr.

Ýaşaýyş jaýlar toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, dürli bag nahallarynyň oturdylmagy, şeýle hem howlularda ýaşaýjylaryň gök – bakja ekinlerini ekmekleri üçin ýer bölekleriniň bolmaklygy kalplarda aýratyn hoşallyk duýgularyny döredýär. Aňyrsyna göz ýetmeýän, ähli amatlyklary bolan täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly aýdym-sazlaryna, milli ýörelgelerimizi, şowhunly toýlarymyzy şöhlelendirýän folklor toparlarynyň çykyşlaryna giň gerim berilmegi, ýaşuly nesliň wekilleriniň, täze jaýlara göçüp gelen ýaşaýjylaryň hoşallyk çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy şatlyk – şowhuna, ýokary ruhubelentlige beslenip geçen jaý toýlaryny ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan