• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylygyň öň ýanynda täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylygyň öň ýanynda täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Neşir: 17.09.2021 Seredilen: 972

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylygyň öň ýanynda täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýene-de bir desganyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy.

Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolan bu toplum Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy baýramçylyk äheňinde gurnalan, ak reňkli howa şarlary bilen bezelen derwezäniň öňündäki meýdançada saklanýar.

Sungat ussatlarynyň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Olar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy wasp edýän köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlary taýýarladylar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär. Şeýlelikde, Döwlet münberi açylýar. Şol pursatda dürli reňkdäki howa şarlary asmana uçurylýar.

Milli Liderimiz Döwlet münberiniň binasyna barýar we onuň gurluşynyň hem-de bezeginiň aýratynlyklary bilen tanyşýar.

Täze desganyň ajaýyp keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de häzirki zamanyň binagärlik çözgütleri ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Bu toplum kaşaňlygy bilen haýran galdyrýar. Onuň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr, granit we ak mermer bilen örtülen bu toplum üsti gümmezli iki gatly binany, Prezident münberini hem-de myhmanlar üçin niýetlenen 1 müň orunlyk münberi öz içine alýar.

Bu ýerde dabaralar üçin niýetlenen, mermer bilen bezelen giň holl, myhmanlary kabul etmek hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen zallar bar. Bezeglerde ulanylan milli öwüşginler hem-de hyzmat ediş zolagy bu desgalaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.

Ýörite enjamlar, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze toplumda köpçülikleýin çäreleri geçirmek hem-de olary onlaýn görnüşde şöhlelendirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Münberiň öňünde granit daşy bilen örtülen meýdança ýerleşýär. Onda dabaraly harby ýörişler hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we durmuş toplumynyň gazanýan üstünlikleriniň gözden geçirilişi, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler.

Şeýle hem münbere gelýän üç kilometre golaý ýol çekildi. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy, dürli görnüşli bag nahallary oturdyldy, bezeg gülleri ekildi, şeýle hem oňa ýanýoda çekildi we özboluşly yşyklandyryş ulgamy ornaşdyryldy.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde hem ahalteke bedewleri ähli milli baýramçylyklaryň bezegidir. Bedewler türkmenleriň wepaly ýoldaşyna, Watanymyzyň taryhynyň we iň täze eýýamyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Munuň özi täze Döwlet münberiniň toplumynyň taslamasynda hem göz öňünde tutulypdyr.

Bu ýerde Merkezi Aziýada iň uly 120 metrlik LED ekrany hem-de 8 sany 30 metrlik maçtalar oturdyldy. Mundan başga-da, merkezi binanyň günorta tarapynda dikuçar meýdançasy, awtoduralgalar we beýleki desgalar guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň ikinji gatyna çykýar. Şol ýerden ak mermerli Aşgabadyň, onuň täsin binagärlik toplumlarynyň, döwrebap şaýollarynyň we köçeleriniň, seýilgähleriniň hem-de seýilbaglarynyň ajaýyp görnüşi açylýar.

Şu ýyl esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenen ak mermerli paýtagtymyz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň häzirki ajaýyp gününi we nurana geljegini alamatlandyrýar. Seýilgählere hem-de seýilbaglara, Günüň nuruna öwşün atýan altyn gümmezli köşklere, köp sanly suw çüwdürimlerine beslenen şäher täsin we döwrebap binalaryň hem-de desgalaryň toplumlary bilen haýran galdyrýar. Şolaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bu ulgamda innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagy milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarydyr. Bularyň ählisi türkmen paýtagtynyň okgunly ösüşini, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini, olaryň döredijilikli zähmet çekmegini, ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklaryny hem-de göwnejaý dynç almaklaryny üpjün edýär.

Meýdançada sahnalaşdyrylan dabara başlanýar. Oňa paýtagtymyzyň döredijilik toparlary gatnaşýarlar. Aýdymçylar we sazandalar öz çykyşlarynda eziz Watanymyzy hem-de milli Liderimiziň beýik işlerini, täze taryhy eýýamyň ruhubelentligini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda okgunly ösüş ýolunda gazanylan ägirt uly üstünlikleri, giň gerimli özgertmeleri, türkmen halkynyň jebisligini we bitewüligini wasp edýärler.

Ine, indi 30 ýylyň dowamynda mähriban halkymyz özbaşdak ýagty geljegini gurýar, tutanýerli zähmet çekip, eziz Watanymyzy gülläp ösýän mekana öwürýär. Mähriban topragymyzda öňden gelýän däp-dessurlara we mirasa sarpa goýulýar. Halkymyz şu günüň gazananlaryna buýsanýar hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Geçen gysga döwrüň içinde ýurdumyz dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi, onuň halkara giňişlikdäki abraýy barha artýar. Milli Liderimiziň parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlarynyň bilelikde ýerine ýetiren joşgunly aýdymy biziň güneşli ýurdumyzda halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň we bagtyýar durmuşynyň özboluşly senasyna öwrüldi.

Aýdym-sazlar, joşgunly tanslar ýörite döwrebap enjamlar hem-de sanly tehnologiýalar arkaly döredilýän täsin şekiller we ajaýyp görnüşler bilen sazlaşykly utgaşdy. Paýtagtymyzyň arassa asmanynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň milli gymmatlyklarynyň, döwlet nyşanlarynyň şekilleri peýda bolýar.

Köpöwüşginli çykyşlar soňky döwürde baýramçylyk dabaralarynyň esasyny düzýän dronlaryň şüweleňiniň ýatdan çykmajak pursatlary döredýändigini görkezdi. Innowasion tehnologiýalar ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryna, şol sanda medeniýet we sungat ugurlaryna içgin ornaşýar. Bularyň ählisi häzirki döwürde Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän dabaralary hemmetaraplaýyn esasda we täzeçil usullar arkaly guramaga çemeleşmäniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Dronlaryň şüweleňiniň feýerwerkleriň dürli reňkli öwüşginleri bilen utgaşmagy Döwlet münberi toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan çäreleriň ýatdan çykmajak pursatlara baý bolmagyny şertlendirdi. Feýerwerkiň köpöwüşginliligi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplygyny hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny alamatlandyrdy.

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň taryhyndaky şanly wakalar mynasybetli guralýan baýramçylyk feýerwerki paýtagtymyzyň asmanyny köpöwüşginli reňkler bilen ýagtylandyryp, şu günki dabaranyň ajaýyp pursatlaryna öwrüldi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan