• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Hormatly Prezidentimiz: Her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar


Neşir: 12.02.2022 Seredilen: 1063

Hormatly Prezidentimiz: Her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar

Geljekde eziz Diýarymyzda her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar. Bu barada hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde nygtady.

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň halkymyza elýeterli bolmagy üçin ähli tagallalary etjekdigini aýratyn üns çekdi. Milli Liderimiz Mundan başga-da, sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşa has giňden ornaşdyryljakdygy belledi.

«Döwrüň talabyna görä, biz halkymyz üçin «akylly» jaýlary we şäherleri gurmagy dowam ederis. Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde we «Aşgabat-sitide» gurlan ilkinji şeýle jaýlary biz öňi bilen öz raýatlarymyza bereris. Şeýlelikde, geljekde her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar» diýip hormatly Prezidentimiz nygtady.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/60808/hormatly-prezidentimiz-her-bir-masgalanyn-ayratyn-oyi-ya-da-jayy-bolar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan