Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze taslamalar we birnäçe desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini ösdürmegiň köpasyrlyk däplerini dowam etmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler bilen gyzyklandy.
Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Halkymyzyň ýaşaýşy üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegi, şol sanda şäheriň abadanlaşdyrylmagy we ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýän milli Liderimiz öňde durýan wezipeleriň çözgüdine täzeçil çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekýär.
Uzak möhletleýin ösüşi nazara alyp, paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa Watanymyzyň häzirki ösüşini we halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeniýetini özünde jemleýän ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbinde öz beýanyny tapýar.
Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birine geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça taýýarlanan birnäçe taslamalary görkezdi.
Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän türkmen alabaýlarynyň Tohumçylyk merkezleriniň baş meýilnamasy we taslamalary hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynda gurulmagy meýilleşdirilýän Karantin merkeziniň baş meýilnamasy we taslamasy görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýyl «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi, onuň Düzgünnamasy we nyşany tassyklandy. Şeýle hem onuň ýolbaşçysy saýlandy we birleşigiň gözegçilik-barlag topary döredildi.
Ugurdaş düzümiň döredilmegi alabaý itlerini ösdürmegiň milli mekdebiniň iň gowy ýörelgeleriniň kämilleşdirilmegini, halk seçgiçilik usullaryny we dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny ulanmak arkaly alabaýlaryň ulgamlaýyn esasda ösdürilmegini üpjün eder.
Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda Ahal welaýatynda weterinar hassahananyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin toplumyň açylyş dabarasynyň bolandygyny bellemeli. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça bina edilen desgalar toplumy täze ugur bolmak bilen, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär we ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi.
Milli Liderimiz Tohumçylyk merkeziniň taslamalary bilen jikme-jik tanyşdy. Merkeziň baş maksady arassa ganly alabaý itlerini köpeltmekden, rowaýata öwrülen alabaýlaryň tohumyny, onuň ähmiýetli häsiýet aýratynlyklaryny saklamakdan ybarat bolup durýar. Şeýle hem desgalar toplumynyň düzüminde gözegçilik-geçiriş bölümi, edara ediş binasy, işgärler üçin niýetlenen desga, sergi we türgenleşik meýdançalary, münberler, weterinar hyzmaty üçin toplum, beýleki degişli desgalar bar.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alabaýlaryň heýkel şekilleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Şolary binagärleriň we taslama düzüjileriň pikirine görä, merkezi girelgede hem-de toplumyň çäklerinde oturtmak meýilleşdirilýär.
Bu ýerde şeýle hem türkmen alabaý itleriniň arasynda dürli ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen meýdançanyň baş meýilnamasy hem-de onuň çäklerinde ýerleşjek desgalaryň taslamalary görkezildi. Olaryň hatarynda münber, sergi we türgenleşik meýdançalary, weterinar gullugy we işgärler üçin otaglar, beýleki degişli binalar bar.
Ahal welaýatynda hem 30 ite niýetlenen alabaýlar üçin Karantin merkeziniň gurluşygy göz öňünde tutulýar, onuň çäginde ugurdaş we kömekçi desgalar toplumy ýerleşdiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alabaýlaryň müňýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň wepaly ýoldaşlary, kömekçileri hem-de dostlary bolandygyny, hemişe edermenligiň we çäksiz wepadarlygyň nusgasy bolandygyny belläp, şeýle ajaýyp häsiýetleriniň netijesinde, ynsanyň bu dostlarynyň halkymyzyň taryhynda, medeniýetinde hem-de gündelik durmuşynda mynasyp orun eýeländigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa hem-de assosiasiýanyň başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa ýüzlenip, halkymyzyň milli gymmatlygy bolup durýan alabaý tohum itlerini köpeltmegiň baý tejribesini we asyrlardan bäri ýola goýlan däplerini gorap saklamak hem-de geljekki nesillere ýetirmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz taslamalar bilen tanşyp, olar babatynda birnäçe belliklerini we tekliplerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Tohumçylyk we Karantin merkezleri, türkmen alabaýlarynyň arasynda ýaryşlary geçirmek üçin meýdança ähli ölçegleri babatynda bellenilen maksadyna hem-de ýokary hil häsiýetnamalaryna laýyk gelmelidir.
Munuň özi bu desgalaryň gurluşygy, abadanlaşdyrylyşy we enjamlaşdyrylyşy, arassa ganly alabaýlara ideg etmek, olary köpeltmek hem-de terbiýelemek, ýurdumyzyň itleri ýetişdirmek boýunça toplan iň gowy tejribelerini saklap galmak we köpeltmek, itleriň bu tohumynyň gymmatly genofonduny kemala getirmek, degişli ylmy we seýisçilik işlerini yzygiderli esasda geçirmek üçin ähli zerur şertleri döretmek babatynda hem şeýledir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow alabaýlaryň heýkelleriniň dürli görnüşleri bilen tanşyp, olarda türkmen itleriniň esasy häsiýetleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi.
Daşky keşbi, häsiýetleriniň hem-de özüni alyp barşynyň aýratynlyklary netijesinde, örän güýçli we şol bir wagtyň özünde hem hoşgylaw, eýesiniň buýruklaryna tabyn alabaýlar diňe Türkmenistanda däl-de, daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýedirler. Olar gorag tohumly itleriň hatarynda dünýäniň köp sanly ýurtlarynda öňdäki orunlary eýeleýärler, şol sebäpli hem alabaýlar ösdürilip ýetişdirilende bolşy ýaly, olaryň şekilleri taýýarlananda tapawutly aýratynlyklarynyň, häsiýetleriniň göz öňünde tutulmagy möhüm talap bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, şol sanda desgalaryň bezegi babatynda anyk tabşyryklary berdi, şunda aýdyň öwüşginli milli äheňler olaryň tapawutly aýratynlygy bolmalydyr.
Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda döredilýän täze dynç alyş zolagynyň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Döwrebap dynç alyş düzüminiň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan durmuş ulgamyndaky düýpli özgertmeler syýasatynyň özenini düzýär.
Gysga döwrüň içinde şäheriň demirgazyk künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu ýerde ilkinji desgalar toplumy açyldy. Olarda Aşgabadyň ilatynyň we myhmanlarynyň, şol sanda çagalaryň oňaýly dynç alşy üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy.
Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyza täze dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary hakynda anyk maglumat berýän taslamalaryň taýýarlanandygy we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Özboluşly binagärlik çözgüdi bolan, bezeg aýratynlyklary, gurluşy boýunça tapawutlanýan hem-de ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej toplumlarynyň taslamalary taýýarlandy. Bellenilişi ýaly, dynç alýanlar üçin amatly iki gatly kottej jaýlary, çagalar we sport meýdançalary, açyk ýüzüş howuzlary, akwaparklar, beýleki degişli desgalar gurlar.
Şunuň bilen birlikde, bu ýerde edara ediş binasynyň, lukmançylyk we söwda-dynç alyş merkezleriniň, beýleki degişli desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde zerur bolan inženerçilik-tehniki we ýol düzümine degişli desgalar gurlar.
Görkezilýän taslamalar, çyzgylar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurluşyklaryň esasy ugurlary bilen gyzyklandy. Döwrebap dynç alyş düzümi döredilende, ýerli tebigy aýratynlyklar ýaly ähli ugurlar göz öňünde tutulmalydyr. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar tebigat bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.
Özboluşly tebigy gurşaw, gyzykly we peýdaly dynç alyş üçin döredilýän şertler, şol sanda maşgala bolup dynç almaga gönükdirilen mümkinçilikler, amatly ekologiýa ýagdaýy paýtagtymyzyň bu künjeginiň halkymyz we myhmanlar üçin özüne çekijiligini üpjün eder.
Görkezilen taslamalara birnäçe anyk bellikleri aýdyp we degişli düzedişleri girizip, döwlet Baştutanymyz zerur bolan gurluşyk serişdelerini netijeli peýdalanmak, olaryň uzak möhletleýinligini, berkligini, ekologiýa we gözellik ýagdaýyny nazara alyp, gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meseleleri barada aýdyp, milli Liderimiz gök zolaklar we seýilgähler döredilende, ýerli aýratynlyklary göz öňünde tutmak, täzeçil işläp taýýarlamalary we tebigy bezeg serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda wise-premýere hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdaky gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşan ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň bu işler tamamlanandan soň, “Altyn kölüň” kenarynda 17-nji nobatdaky desgalaryň gurluşygyna girişmekleri barada anyk görkezmeleri berdi.
Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelýän «Altyn köl» döwrebap dynç alyş zolagynda bina edilýän desgalaryň täze guruljak Aşgabat-sitiniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň bilen baglanyşykly meseleler babatda düýpli oýlanyşmagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş saparyny dowam edip, Aşgabadyň günorta böleginde bina edilýän Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Ol ýerde desganyň potratçysy bolup durýan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasynyň wekili bu möhüm täze gurluşykdaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň garamagyna otaglaryň bezeg işleriniň taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, işleriň barşyna ünsi çekdi hem-de olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň, gurluşygyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň, ýanaşyk çäkleri talabalaýyk abadanlaşdyrmagyň hem-de bagy-bossanlyga öwürmegiň zerurdygyny nygtady.
Binalaryň içki bezeglerinde öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ulanmak gerek, milli bezeg işleriniň hem-de bu ugurda häzirki zaman gazananlarynyň sazlaşykly utgaşmagyna üns berip, döwrebap tehnologik mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda birnäçe tabşyryklary berdi.
Toplumy sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak meselelerine degip geçip, milli Liderimiz netijeli işlemek we köpçülikleýin çäreleri, ýokary guramaçylyk çärelerini geçirmek üçin hemme şertleriň döredilmegine ulgamlaýyn çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli görkezmeleri berip, Maslahatlar merkeziniň paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşmalydygyny hem belledi.
Döwlet Baştutanymyz binanyň gurluşygy we içki bezegi bilen tanşyp, maslahatlary hem-de giňişleýin mejlisleri geçirmek üçin niýetlenen zala baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Şeýle hem milli Liderimiz ýokary derejeli duşuşyklara niýetlenen zala baryp, onda döredilen şertleriň döwrüň talabyna doly kybap gelmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz zalyň enjamlaşdyrylyşyna we umuman möhüm çäreleri geçirmäge, olara gatnaşyjylaryň netijeli işlemegine iň oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz şäheriň merkezine tarap ugrady. Bu ýerde S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil geçelgesi hem-de pyýada geçelgeleri, şeýle hem çatrygyň merkezinde özboluşly desga bilen birlikde iki gatly ýolaýrydynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işleriň ýagdaýy we depginleri bilen gyzyklanyp, şunuň ýaly desgalaryň gurulmagynyň paýtagtymyzda awtoulaglaryň sanynyň artmagyndan hem-de ýolda ulag hereketiniň ýokarlanmagyndan gelip çykýandygyny belledi. Aşgabatda ozalky gurlan köprüler, ulag ýolaýrytlary esasy ýollara düşýän agramy ep-esli azaltmaga hem-de ýol hereketini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýol-ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilende, bu ulgamdaky öňdebaryjy gazananlary, täze inžener-konstruktorçylyk we dizaýnerçilik çözgütlerini işjeň peýdalanmagyň, ýokary hilli gurluşyk, bezeg hem-de beýleki serişdeleri ulanmagyň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz ýanaşyk ýerleriň degişli derejede abadanlaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýdyp, täze inženerçilik desgasynyň şäheriň bu böleginiň binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşmalydygyny belledi. Şeýle hem onuň ulanyş häsiýetlerine we bezeg işlerine aýratyn üns berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňini dowam edip, çatrygyň merkezinde özboluşly desganyň ýerleşjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şäheriň ulag-kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülişiniň oýlanyşyklylygyna paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ep-esli derejede bagly bolup durýandygyny belläp, ähli ölçegler boýunça halkara derejelere kybap gelmeli desgada işleriň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz täze «Diwan» myhmanhanasynyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ýolugruna paýtagtymyzyň bu künjeginde arassaçylyk ýagdaýynyň göwnejaý derejede saklanylmagyna, bu ýerde ýerleşen binalaryň daşky bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Aşgabadyň dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäher hökmünde öz ornuny barha berkidýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Häzir Aşgabat sebit we dünýä derejesindäki hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezidir. Bu bolsa halkara häsiýetli iri çäreleri geçirmek, daşary ýurtly myhmanlary we syýahatçylary mynasyp kabul etmek üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny şertlendirýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, myhmanhana işewürliginiň baý mümkinçiligini amala aşyrmak maksady bilen, Diýarymyzda bu ulgama iň oňat tejribeleri hem-de iň täze işläp taýýarlamalary çekmegiň ähmiýetini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ugurdaş desgalaryň daşky we içki bezeginde aýratyn, ýagty milli öwüşginleriň bolmalydygyny, munuň halkymyzyň baý medeniýeti bilen daşary ýurtly myhmanlaryň tanyşmaklaryna ajaýyp mümkinçilik döretjekdigini belläp, şunuň bilen baglylykda degişli tabşyryklary berdi.
Myhmanhananyň binasynyň gurluşygynda işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmegine, onuň keşbinde milli binagärlik däpleriniň hem-de binagärlik ulgamynda häzirki zaman gazananlarynyň sazlaşykly utgaşmagyna aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şonuň bilen birlikde, dürli hünär ugurly düzümleýin taslamalaryň taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine innowasion çemeleşmeleriň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz iş saparynyň ahyrynda paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň, durmuş üpjünçilik ulgamyna degişli gulluklaryň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda we umuman, ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möhüm ileri tutulýan ugrunyň adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybarat bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtady hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan