• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Täze toplum üçin ösen infrastruktura


Neşir: 25.01.2022 Seredilen: 1146

Täze toplum üçin ösen infrastruktura

Daşoguz şäherinden halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda 71 gektar meýdanda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlar we desgalar toplumynyň dürli maksatly zerur inženerçilik we tehniki desgalar ulgamy bolar. Olaryň gurluşygyny tenderde ýeňiji bolan «Ýüpek yolý gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri amala aşyrarlar.

Täze toplum birnäçe ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn gurlar. Onuň düzüminde rahat öýe niýetlenen köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy, häzirki zaman saglyk merkezi, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk orta mekdep, hyzmatlar öýi we beýlekiler bolar.

Iri ýaşaýyş toplumyny abadanlaşdyrmak üçin, inženerçilik torlarynyň ähli zerur görnüşleri, şol sanda suw, ýylylyk we elektrik bilen üpjün edijiler, lagym ulgamy we beýlekiler gurlar. Bu ýerde diňe suw üpjünçiligi üçin on müň metrden gowrak dürli diametrli we maksatly turbalaryň ulanyljakdygyny, suw geçirijisiniň uzynlygynyň 4600 metr, ýyladyş ulgamynyň 5400 metr boljakdygyny aýtmak ýeterlikdir. Täze topluma iki sany lagym suw sorujy beket, täze elektrik astbeket hyzmat eder. Jemi 30 sany transformator, şol sanda modully transformator-da gurlar. Bu bolsa has kiçi meýdanda ulgama has köp ulanyjynyň birleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Köçe yşyklandyryş ulgamyny gurmak üçin 446 sütün dikmek meýilleşdirilýär.

Täze ýaşaýyş jaý toplumynda inženerçilik desgalarynyň ýerasty görnüşi giňden ulanylar. Döwrüň talabyna laýyklykda, tutuş ýurtda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda-da ilatly nokatlaryň gurluşygynda doly suratda işleýän infrastrukturany döretmäge, şol sanda çäkleriň inženerçilik taýdan abadanlaşdyrylmagy üçin ähli möhüm elementleriň bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa amatly ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekden başga-da, tebigy baýlyklary has tygşytly ulanmaga we daşky gurşawy goramaga ýardam eder.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/60398/taze-toplum-ucin-osen-infrastruktura

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan