• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Smart siti — «akylly» ösüş

Smart siti — «akylly» ösüş
Neşir: 27.07.2022 Seredilen: 652

Smart siti — «akylly» ösüş

«SalamNews» «Aşgabat siti» gurulýan desgalaryň direksiýasy bilen bilelikde «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumy hakyndaky makalalar toplumyny taýýarlady. Olary yzygiderlilikde siziň dykgatyňyza ýetireris.

«Smart siti» düşünjesi 1950-nji ýylda meşhur amerikan alymy we menejment nazaryýetçisi Piter Drukeriň «Menejmente sözbaşy» atly işinde ulanylyp, onuň üsti bilen netijeli dolandyryşyň şertleri salgy berilýär. Soňra bu düşünje şähergurluşyga aralaşýar. Ýöne ylmy jemgyýetçilikde bu adalganyň gelip çykyşy «akylly» bileleşik» (smart community), täze urbanizm akymynyň çäginde döredilen «akylly» ösüş», şeýle-de «intellektual şäher» (intelligent city) düşünjeleri bilen hem baglanyşdyrylýar.

Dünýäniň 2500 töweregi şäherinde dürli derejede «akylly» şäher taslamalary durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Singapuryň «Akylly» halk» («Smart Nation»), BAE-niň Abu-Dabi emirligindäki «Masdar City», Saud Arabystanynyň «Neom», Ýaponiýanyň «Jemgyýet 5.0» («Super Smart Society», «Society 5.0»), «The Fujisawa Sustainable Smart Town (Fujisawa SST)», Günorta Koreýanyň  «Songdo International Business District (Songdo IBD)» taslamalary, dördünji senagat rewolýusiýasynyň gazananlary ýaly dünýäde uly seslenme tapan işler bar. Bu ugurda sebitde alnyp barylýan işleriň mysalynda Azerbaýjanyň «Hazar adalaryny», Gazagystanda «Smart Astanany», Özbegistanda Nurafşon şäherini, «Tashkent City», «Delta City» taslamalaryny we beýlekileri görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde paýtagtymyzda täze, döwrebap «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny gurmak boýunça degişli işleriň geçirilmegine aýratyn üns berdi. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni, şeýle-de onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli, paýtagtymyzda täze, döwrebap «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy we onuň gurluşygy boýunça deslapky işler üstünlikli alnyp barylýar.

«Akylly» şäherleri döretmegiň, esasan, iki tejribesi bolup, olaryň birinde iň başyndan — tarp ýerden gurluşyga başlansa, beýlekisinde öňden bar bolan şäherlere täze tehnologiýalar tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar. Birinji görnüşe degişli bolan Aşgabat siti — smart siti, geljegiň şäheri, «akylly» şäher. Onuň taslamasy Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Aşgabat şäher häkimligi we ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleri tarapyndan taýýarlandy. Onda bu ugurdaky iň öňdebaryjy tejribeler hem-de milli binagärligiň gazananlary utgaşykly ulanyldy.

Ýeri gelende, ýurdumyzda «akylly» şäherleri gurmakda ýeterlik tejribäniň bardygyny bellemeli. Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalar, häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlary işjeň ornaşdyrylýar hem-de smart sitiniň gurluşygy boýunça uly tejribe toplanýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ulanylýan innowasion tehnologiýalary Aşgabat-sitiniň gurluşygynda hem peýdalanmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet bermelidigine ünsi çekýär.

https://www.salamnews.tm/section/ykdysadyyet/gurlusyk/smart-siti-umnyj-rost-ac6ac1

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan