TGK 1.06.04-18 “Taslamanyň baş inženeri (baş binagäri) hakynda Düzgünnama”
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik
ministriniň 2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda
çykaran MB-170 belgili buýrugy bilen
tassyklanyldy
“Taslamanyň baş inženeri (baş binagäri) hakynda Düzgünnama” atly
TGK 1.06.04-18 Türkmenistanyň gurluşyk kadalary
Giriş
Şu “Taslamanyň baş inženeri (baş binagäri) hakynda Düzgünnama” atly TGK 1.06.04-18 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çykaran 926-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, gurluşyk taslamalaryny düzmek babatda döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirijileri, gurluşyk babatda döwlet kadalaşdyryjy-usulyýet resminamalaryny bellenilen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.
Şu Kadalaryň düzgünleri pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli edaralar, guramalar we kärhanalar üçin hökmanydyr.
I bap. Umumy düzgünler
1. Şu Kadalar taslama guramalarynyň taslamanyň baş inženeriniň (baş binagäriniň) işine degişli bolýar we binalaryň we desgalaryň taslamasyny düzmek işini dolandyrmagy guramagyň tertibini belleýär hem-de binagärlik we şähergurluşygy işi babatda taslamanyň baş inženeriniň (baş binagäriniň) wezipesini, borjuny, hukugyny we jogapkärçiligini kesgitleýär.
2. Desgalaryň taslamalaryny düzmegiň we gurluşygynyň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen bagly, şu Kadalarda göz öňünde tutulmadyk taslamanyň baş inženeriniň (baş binagäriniň) goşmaça wezipeleri buýrujynyň we taslama guramasynyň arasyndaky potrat şertnamasynda goşmaça töleg esasynda bellenilip bilner.
3. Taslamanyň baş inženeri (baş binagäri) taslama resminamalaryny işläp düzmegi hem-de taslama we agtaryş işlerine tehniki ýolbaşçylyk etmegi guramak üçin desganyň taslamasyny düzmegiň, desgalary gurmagyň, ulanmaga girizmegiň we taslama kuwwatlyklaryny özleşdirmegiň tutuş döwri boýunça bellenilýär.
4. Senagat, ulag, energetika, aragatnaşyk, oba hojalyk we suw hojalyk gurluşyklaryna degişli binalar we desgalar taslananda taslamanyň baş inženeri bellenilýär. Ýaşaýyş-raýat gurluşygyň desgalaryny taslamak, şäherleri, şäherçeleri we oba ilatly ýerleri meýilleşdirmek we gurmak üçin – taslamanyň baş binagäri ýa-da taslamanyň baş inženeri bellenilýär.
5. Iri we çylşyrymly desgalary (toplumlary) ýa-da şäheriň binagärlik keşbi üçin uly ähmiýete eýe bolan desgalary, kärhanalary, binalary taslamak üçin taslama guramasynyň garamagyna görä, taslamanyň baş inženerini we taslamanyň baş binagärini bellemäge ýol berilýär. Şonda öňdebaryjy wezipäni olaryň biriniň üstüne ýüklenilýär.
6. Taslamanyň baş inženeri (baş binagäri) we onuň orunbasary taslama guramasynyň ýolbaşçysy tarapyndan ýokary hünär bilimli, tejribeli hünärmenleriň arasyndan saýlanyp, ýokary hünär derejeleriň talabyna we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenilýär.
7. Baş potratçynyň taslamasynyň baş inženeri (baş binagäri) tutuş gurluşyk desgasy (toplumy) boýunça, kömekçi potratçynyň taslamasynyň baş inženeri (baş binagäri) bolsa – şol gurama tarapyndan ýerine ýetirilýän işler boýunça taslama döwrüni dolandyrmak wezipelerini ýerine ýetirýär. Baş potratçy zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, has wajyp desgalar taslanylanda şu Kadalaryň altynjy böleginiň talaplaryna laýyklykda taslamanyň baş inženeriniň (baş binagäriniň) orunbasaryny belleýär.
8. Taslamanyň baş inženeri (baş binagäri) öz işinde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, düzgünlerden, döwlet standartlaryndan we beýleki hukuk namalaryndan ugur almalydyr we taslamany bu nugtaýnazardan barlap, ony degişli ýazgy bilen tassyklamalydyr.
9. Taslamanyň baş inženeriniň (baş binagäriniň) taslama resminamalaryny işläp düzmegi hem-de taslama we agtaryş işlerine tehniki ýolbaşçylyk etmegi guramak boýunça işiniň bahasy buýrujy bilen baglaşylýan şertnamadaky taslama-agtaryş işleriniň umumy bahasyna girýändir.
II bap. Taslamanyň baş inženeriniň (baş binagäriniň) esasy wezipeleri we borçlary
10. Taslamanyň baş inženeriniň (baş binagäriniň) esasy wezipesi - şähergurluşyk, binagärlik, gurluşyk işini alyp barmakda taslama bilen üpjün etmekligi guramak we dolandyrmak, şeýle hem taslanylýan binalaryň we desgalaryň ýokary tehniki-ykdysady derejesini we hilini, olaryň gurluşygynda we ulanşynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagy we material serişdeleriň harçlanşyny azaltmagy, binalaryň we desgalaryň bahasynyň peselmegini üpjün etmek bolup durýar.
11. Taslamanyň baş inženeri (baş binagäri) dürli maksatly binalaryň we desgalaryň inženerçilik we ulag kommunikasiýalary taslamakda we gurmakda, durkuny täzelemekde, döwrebaplaşdyrmakda, abatlaýyş işleri geçirmekde, şäherleri, şäherçeleri we oba ilatly ýerleri meýilleşdirmekde we gurluşyk üçin taslamalary işläp düzmekde (mundan beýläk - desgalaryň gurluşygynda) öz işini amala aşyrýar.
12. Taslamanyň baş inženeri (baş binagäri) aşakdakylary amala aşyrýar:
Gurluşyk babatda maýa goýum işiniň (prosesiniň) taslama üpjünçiligine degişli resminamalaryň “Şähergurluşyk işi hakynda”, “Binagärlik işi hakynda”, “Standartlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylmagyny guramagy;
Binalarda we desgalarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda 1015 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2016-njy ýylyň 23-nji awgustynda çykaran MB-70 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Binalaryň we desgalaryň gurluşygyna taslama edaralary tarapyndan awtorlyk gözegçiligi” atly TGK 1.06.05-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda awtorlyk gözegçiligini alyp barmagy;
“Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taslama işlerinde we gurluşykda awtorlyk hukugynyň berjaý edilmegini talap etmegi;
Binalar we desgalar ulanyşa girizilende döwlet kabul ediş toparyna hünärmenleriň gatnaşmagyny gurnamagy.
13. Taslamanyň baş inženeriniň (baş binagäriniň) esasy wezipelerine laýyklykda aşakdaky borçlar üstüne ýüklenilýär:
1) gurluşyk üçin meýdançany (trassany) saýlamak boýunça iş toparynyň işine, taslama düzmek boýunça tabşyrygy taýýarlamaga we gurluşyk üçin taslama resminamalaryny işläp düzmek üçin obýektleri inženerçilik barlama işleri guramaklyga hem-de hereket edýän kärhanalary, binalary we desgalary abatlaýyş we durkuny täzelemek boýunça işlere gatnaşmak;
2) içinde täze tehnologiki ösüşler we işlenip düzülmegi, gurnalmagy we taýýarlanyp ýasalmagy uzak tapgyrly enjamlar ulanyljak binalar we desgalar üçin ylmy-barlag, gurnawçylyk we taslama işlerini ýerine ýetirmegiň toplumlaýyn meýilnama-çyzgytlaryň düzülmegine gatnaşmak;
3) taslama işlerini ýerine ýetirmek boýunça buýrujy bilen şertnama baglaşmak üçin maglumatlary, şol sanda olaryň bahalary we taslamany işläp düzmek işine gatnaşýan guramalaryň we bölünmeleriň arasynda işleriň paýlanyp berilmegi baradaky maglumatlary taýýarlamak hem-de taslama resminamalaryny işläp taýýarlamagyň çyzgydyny düzmek;
4) taslamany işläp düzýänleriň düzümini (toparyny) döretmegi üpjün etmek;
5) zähmet hakynyň degişli goruny kesgitlemek bilen olaryň arasynda taslamanyň baplary we bölekleri hem-de işleriň göwrümi boýunça tabşyryklary paýlap bermek;
6) taslamanyň ýokary tehniki we ykdysady derejesini üpjün etmek üçin kabul edilýän taslama çözgütlerine, şähergurluşygyň we binagärlik-meýilleşdiriş çözgüdiň hiline we taslama resminamalaryny işläp düzmegiň möhletine gözegçilik etmek;
7) kömekçi potratçy tabşyrylýan işleri ýerine ýetirmek üçin tabşyryklary taýýarlamak we şol guramalary taslama düzmek üçin zerur bolan başlangyç maglumatlar bilen üpjün etmek, kömekçi potrat guramalarynda taslama resminamalary işläp düzenlerinde ýüze çykýan soraglary öz wagtynda çözmek;
8) zerur halatynda, nusgalaýyn we gaýtadan ulanylýan ykdysady taýdan maksada laýyk ýekebara taslamalary, bir nusga getirilen göwrümleýin-meýilleşdiriş, gurnawçylyk we tehnologiki çözgütleri, düwünleri, gurnawlary we önümleri taslama düzmekde olary giňden peýdalanmak maksady bilen saýlamak. Taslamalara gurluşyk babatda ýurdumyzyň we daşary ýurt ylmynyň we tehnikasynyň gazananlaryny, öňdebaryjy (innowasion) tehniki çözgütlerini, önümlerini we materiallaryny girizmek;
9) tutuş desga (toplum) boýunça taslama we agtaryş işlerini sazlaşdyrmak, şol işleri ýerine ýetirmek boýunça şertnama goşulan çyzgyt tarapyndan göz öňünde tutulan möhletlerde buýruja toplumlaýyn taslama resminamalaryny bermekligi üpjün etmek hem-de taslama we agtaryş işleri üçin serişdeleri dogry harç etmeklige yzygiderli gözegçilik etmek;
10) desganyň taslamasy düzülende, gurluşygynda, ulanmaga girizilende we taslama kuwwatlyklary özleşdirilende ýüze çykýan soraglary öz wagtynda çözmek;
11) wezipe maksadyny kanagatlandyrýan we çeperçilik taýdan göze ýakymlylygyny üpjün edýän, binalaryň we desgalaryň binagärlik taýdan has röwşen, maksada laýyk we tygşytly şähergurluşyk hem-de göwrümleýin-meýilleşdiriş çözgütleriniň işlenip düzülmegini üpjün etmek. Taslama çözgütleriň, zerurlyk bolanda olaryň birnäçe görnüşleriniň işlenip düzülmegini üpjün etmek;
12) işlenip düzülýän taslamalaryň taslama düzmek üçin tabşyryklara we tehniki şertlere, iş resminamalaryny bolsa – gurluşyga maýa goýumyň tassyklanan tehniki-ykdysady esaslandyrmasyna ýa-da taslamanyň tassyklanylýan bölegine laýyk gelmegini üpjün etmek;
13) enjamlaryň tehniki häsiýetnamalaryny barlamak boýunça işleri guramak;
14) taslama we beýleki tehniki resminamalaryň göwrümini azaltmak;
15) hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna esaslandyryp daşyna çykylyp ýerine ýetirilen taslama resminamalaryny Buýrujy bilen bilelikde şol daşyna çykmalar babatda döwlet gözegçilik we barlag edaralary hem-de bilermenler seljermesini geçirijileri bilen, zerur bolan ýagdaýynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ylmy-tehniki geňeşiniň çözgüdi esasynda ylalaşylmagyny üpjün etmek;
16) işläp düzülen taslama çözgütlerini bilermenler seljermesine ugratmak, döwlet gözegçilik we barlag edaralarynda, zerur bolanda – beýleki döwlet dolandyryş edaralarynda goramak;
17) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda 1015 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2016-njy ýylyň 23-nji awgustynda çykaran MB-70 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Binalaryň we desgalaryň gurluşygyna taslama edaralary tarapyndan awtorlyk gözegçiligi” atly TGK 1.06.05-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda desgalaryň gurluşygy boýunça awtorlyk gözegçiligini amala aşyrmak;
18) taslamanyň ýolbaşçylary (taslamanyň baş inženeri, taslamanyň baş binagäri) iş taslamasynyň işlenip düzülýän döwründe, has jogapkär işler, ýagny ýerine ýetirilen işleriň hiline gurulýan desgalaryň howpsuzlygy, berkligi we durnuklylygy bilen bagly bolýan işleri, olary beýleki işler bilen ýapylmazdan öň görmek üçin awtorlyk gözegçiliginiň wekillerini çagyrmalydygyny kesgitlemek;
19) taslama resminamalaryna täze kadalaşdyryjy resminamalarynyň güýje girizilmegi bilen bagly bolan üýtgetmeleri, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2008-nji ýylyň 28-nji noýabrynda 472 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň 2008-nji ýylyň 5-nji noýabrynda çykaran MB-215 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Kärhanalary, jaýlary we desgalary gurmaklyga taslama resminamalaryny işläp taýýarlamaklygyň, ylalaşmaklygyň hem-de tassyklamaklygyň düzümi, tertibi hakynda gözükdiriji” atly TGK 1.02.01-06 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna we “Binagärlik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda, tassyklanylan taslama üýtgetmeler girizmek – taslamanyň awtory bilen ylalaşylyp, tehniki şertlerden üýtgemeler bolan mahalynda bolsa – buýrujy we şeýle tehniki şertleri beren degişli edaralar bilen ylalaşylyp, geçirilmegi üpjün etmek;
20) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda 949 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan,Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran MB-01 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Gurluşygy tamamlanan binalary we desgalary kabul etmeklik. Esasy düzgünler” atly TGK 3.01.02-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna hem-de “Binagärlik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, gurluşygy tamamlanan desga ulanmaga tabşyrylanda döwlet kabul ediş toparynyň işine gatnaşmak we degişli nama gol çekmek;
Bellik: Taslama guramasy, gurluşyk alnyp barylan döwründe awtorlyk gözegçiligini amala aşyrmadyk bolsa, onda gurluşyk tamamlanandan soň şol desgany kabul etmek işine gatnaşmaýar.
21) Awtorlyk hukugy babatda Türkmenistanyň kanunçylyga laýyklykda desganyň taslamasyny düzmek we gurmak döwründe hem-de desgany ulanmagyň dowamynda awtorlyk hukugyny berjaý etmek.
III bap. Taslamanyň baş inženeriniň (baş binagäriniň) hukuklary
14. Taslamanyň baş inženeriniň (baş binagäriniň) aşakdaky hukuklary bardyr:
1) taslama resminamalaryny işläp düzmek, ylalaşmak we seretmek, tassyklanylan taslama boýunça gurluşygy amala aşyrmak wezipeleri boýunça taslama guramasyna edaralarda, guramalarda we kärhanalarda wekilçilik etmek hem-de şu meseleler boýunça taslama guramasy tarapyndan bellenilen tertipde hat alyşmak;
2) desganyň taslamasy düzülende, ylalaşylanda, gurluşygynda, ulanmaga girizilende we taslama kuwwatlyklary özleşdirilende taslama resminamalarynyň aýry böleklerini işläp düzýänçiler üçin hökmany bolan, kadalaşdyryjy hukuk namalaryň, başlangyç maglumatlaryň talaplaryna, taslama düzmek üçin tabşyryga we tehniki şertlere, şeýle hem mundan öňki tapgyrda kabul edilen, ylalaşylan we tassyklanylan şähergurluşyk we göwrümleýin-meýilleşdiriş çözgütlerine laýyk gelýän çözgütleri kabul etmek;
3) taslamanyň bölegini we toplumlaryny işläp düzýänçilerden, şol sanda gatyşyk bölünmelerden we kömekçi potrat guramalaryndan olara berkidilen resminamalar boýunça zerur bolan ylalaşmalary, hasaplamalary, kepilnamalary (maglumatlary) talap etmek;
4) taslamanyň bölegini we toplumlaryny işläp düzýänçilerden Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2008-nji ýylyň 28-nji noýabrynda 472 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň 2008-nji ýylyň 5-nji noýabrynda çykaran MB-215 buýrugy bilen tassyklanylan “Kärhanalary, jaýlary we desgalary gurmaklyga taslama resminamalaryny işläp taýýarlamaklygyň, ylalaşmaklygyň hem-de tassyklamaklygyň düzümi, tertibi hakynda gözükdiriji” atly TGK 1.02.01-06 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna hem-de düzümi, toplanyjylygy we resmileşdirilmegi boýunça beýleki hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän taslama resminamalarynyň ýerine ýetirilmegini talap etmek;
5) gurluşyk-gurnama işleriň aýry görnüşleri taslamadan daşyna çykyp ýerine ýetirilende, tehniki şertler we şol işleri geçirmegiň düzgünleri bozulanda, şeýle hem olaryň hili kanagatlandyrylmadyk ýagdaýynda olary wagtlaýyn saklamak;
6) buýrujy bilen ylalaşmak boýunça taslama resminamalarynyň gysgaldylan göwrümini bellemek we ony taslama düzmek üçin şertnamada takyklamak;
7) taslamany işläp düzmek ýagdaýyny, taslama we agtaryş işleri üçin serişdeleriň dogry harç edilmegini, taslama düzmegiň bellenilen möhletleriniň berjaý edilmegini we taslama resminamalaryny işläp düzmegiň dowamynda taslama çözgütleriň hilini barlamak.
8) taslama guramasynyň ýolbaşçylaryna we ýokarda duran edaralara desgalary taslamak, gurmak we ulanmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarynyň täzelerini işläp düzmek (gaýtadan düzmek) we hereket edýänlerine düzedişler girizmek barada teklipleri bermek.
9) taslama resminamalary işläp düzmekde gönüden-göni gatnaşmak.
10) baş potratçy we kömekçi potratçy gurluşyk guramalaryny kesgitlemek üçin bäsleşik iş toparlarynyň işine gatnaşmak.
IV bap. Taslamanyň baş inženeriniň (baş binagäriniň) jogapkärçiligi
15. Taslamanyň baş inženeri (baş binagäri) gurluşyk desgasynyň tehniki-ykdysady derejesi we kabul edilen taslama çözgütleri, taslama resminamalarynyň hili, öz wagtynda işlenip düzülmegi we toplanyjylygy, obýektleriň çenlik bahasynyň we nobatlylygynyň dogry kesgitlenilişi, taslama görkezijilerine bellenilen möhletlerde ýetilmegi, gurluşyk boýunça awtorlyk gözegçiliginiň netijeli alnyp barylmagy üçin, şeýle hem onuň üstüne şu Kadalar tarapyndan ýüklenilen wezipe borçlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik çekýändir.
16. Taslama resminamalaryny işläp düzmegi hem-de taslama we agtaryş işlerine tehniki ýolbaşçylyk etmegi guramak üçin şu Kadalaryň bäşinji bölegine laýyklykda taslamanyň baş inženeri we taslamanyň baş binagäri bellenilen ýagdaýynda gurulýan desgalaryň tehniki-ykdysady derejesi we binagärlik çözgütleri, taslama resminamalarynyň hili, öz wagtynda işlenip düzülmegi we toplanyjylygy, gurluşygyň çenlik bahasynyň we nobatlylygynyň dogry kesgitlenilişi, taslama görkezijilerine bellenilen möhletlerde ýerine ýetilmegi, gurluşyk boýunça awtorlyk gözegçiliginiň netijeli alnyp barylmagy üçin, şeýle hem onuň üstüne şu Kadalar esasynda ýüklenilen hemme borçnamalaryň ýerine ýetirilişi üçin jogapkärçilik olaryň arasynda taslama guramasy tarapyndan wezipe sanawyna laýyklykda tertipleşdirilip paýlanylýar.
TGK 1.06.04-18 «Taslamanyň baş inženeri
(baş binagäri) hakynda Düzgünnama» atly
Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna
goşundy
Kadalaşdyryjy hukuk kadalarynyň sanawy
Şu kadalarda kadalaşdyrmak we standartlaşdyrmak babatda aşakdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryna salgylanma edildi:
1. 263-V belgili “Şähergurluşyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, 2015-nji ýylyň 18-nji awgusty.
2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2008-nji ýylyň 5-nji noýabrynda 472 san bilen bellige alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň 2008-nji ýylyň 5-nji noýabrynda çykaran MB-215 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Kärhanalary, jaýlary we desgalary gurmaklyga taslama resminamalaryny işläp taýýarlamaklygyň, ylalaşmaklygyň hem-de tassyklamaklygyň düzümi, tertibi hakynda gözükdiriji” atly TGK 1.02.01-06 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary.
3. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda 1015 san bilen bellige alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2016-njy ýylyň 23-nji awgustynda çykaran MB-70 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Binalaryň we desgalaryň gurluşygyna taslama edaralary tarapyndan awtorlyk gözegçiligi” atly TGK 1.06.05-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary.
4. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2016-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda 949 san bilen bellige alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran MB-01 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Gurluşygy tamamlanan binalary we desgalary kabul etmeklik. Esasy düzgünler”atly TGK 3.01.02-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary.
5. 257-IV belgili “Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwary.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan