Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk merkezi
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen özgertmeler strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki wagtda ak mermerli Aşgabat döwrebap, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemläp, sebit hem-de dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýär. Barha gözelleşýän türkmen paýtagty bu gün Aziýanyň hakyky merjenine öwrüldi. Munuň özi aşgabatlylaryň we ähli türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjy bolup durýar. Her ýyl onuň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täsin binalar hem-de desgalar bilen ýetirilýär. Olar şäheriň özboluşly ýüzüne, täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanlaryna öwrülýär. Şolaryň hatarynda şu hepdede ulanylmaga berlen “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň belent edara binalary bar. 14-nji aprelde bolsa Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu taryhy mejlisiň barşynda milli Liderimiz Halk Maslahatynyň başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.
Şu gün şol uly sanawyň üsti Çandybil şaýolunyň ugrunda gurlan Maslahatlar merkezi we Kabul ediş merkezi bilen ýetirildi. Bu täsin desgalary gurmak ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän meşhur “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanyldy.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, döwletara derejede hem-de abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabat dürli halkara ähmiýetli çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýagdaý Maslahatlar merkeziniň hem-de Kabul ediş merkeziniň taslamasy düzülende we gurlanda, olaryň tehniki üpjünçiliginde esasy ugur hökmünde kesgitlenildi. Bu ýerde halkara maslahatlary we duşuşyklary, şol sanda ýokary derejedäki duşuşyklary guramak we geçirmek, daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin zerur şertler döredildi.
Bu desgalaryň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda ulanylmaga berilmeginiň çuň manysy bardyr. Paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan beýleki täze, ajaýyp desgalar bilen birlikde, olar Köpetdagyň etegindäki tebigy landşaft bilen täsin we özboluşly sazlaşyk döredýär.
...Dabaranyň başlanmagyna hemme zat taýýar edilipdir. Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, milli parlamentiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de BMG-niň we onuň düzümleriniň wekilhanalarynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Maslahatlar merkeziniň öňündäki meýdançada dünýäniň halklarynyň dostlugyny hem-de milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döredijilikli we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny alamatlandyrýan aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.
Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan pursat gelip ýetýär: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär. Şeýlelikde, Maslahatlar merkezi dabaraly ýagdaýda açylýar.
Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girýär we täze desga bilen tanyşýar.
Maslahatlar merkeziniň umumy meýdany 47 müň 464 inedördül metre barabardyr. Bu äpet binanyň beýikligi 38,65 metre, uzynlygy 190 metre barabardyr. Onuň gurluşygy üçin 9,37 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Ýaşyl zolagyň meýdany 46 müň 23 inedördül metre deňdir.
Maslahatlar merkezinde ähli şertler döredildi, şol sanda sebit hem-de dünýä derejesindäki forumlary, duşuşyklarydyr gepleşikleri, şeýle hem metbugat maslahatlaryny we beýleki çäreleri geçirmek üçin bu merkez öňdebaryjy kompýuter we beýleki tehniki enjamlar, sanly tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi.
Bu ýerde 500 orunlyk sammitler zaly ýerleşýär. Zalda şeýle hem 80 orunlyk stoluň başynda gepleşikleri geçirmek üçin mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da bu ýerde 403 orunlyk multimediýa zaly, metbugat, resminamalara gol çekmek, dynç almak üçin zallar bar.
Maslahatlar merkeziniň içki bezeginde häzirki zaman suratkeşleriniň nakgaş eserleri ulanyldy, şeýle hem ussat halyçylarymyzyň dokan guş gölli halylary binanyň otaglaryna aýratyn görk berýär. Bularyň ählisi reňkleriň köpöwüşginliligi bilen birlikde, binanyň bezegine özboluşly öwüşgin çaýýar.
Maslahatlar merkeziniň hem-de onuň golaýynda ýerleşen Kabul ediş merkeziniň ägirtligi haýran galdyrýar. Olaryň keşbinde häzirki zaman binagärligi we bezeg ýörelgeleri gadymy milli binagärligiň däpleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Binalaryň öň tarapyny ak reňkli sütünler we altynsow witražlar bezeýär. Binalara ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi.
Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda gurluşyk taslamalary işlenip taýýarlananda we durmuşa geçirilende, bag ekmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä uly üns berip, diňe bir estetiki babatda däl, eýsem, ekologiýa nukdaýnazaryndan hem onuň ähmiýetini belleýär.
Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, täze Maslahatlar merkezinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.
Milli Liderimiz zala barýar. Şol ýerde ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Halkara forum dabaraly ýagdaýda açyk diýip yglan edilýär.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan