• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň bilelikdäki Beýannamasy


Neşir: 15.06.2022 Seredilen: 572

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň bilelikdäki Beýannamasy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1401-nji hijri-şemsi ýylynyň hordad aýynyň 24-25-ine gabat gelýän 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň toplumy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar taryhdan gelip çykýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, iki ýurduň doganlyk halklarynyň gülläp ösmegi üçin bu mümkinçiliklerden doly peýdalanmak ugrunda tagalla etmäge meýillidiklerini beýan etdiler.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara itergi berýän we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hyzmat edýän ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň wajyp orun eýeleýändigini nygtap, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini düýpli artdyrmagyň möhümdigini tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de höweslendirmegiň, iki ýurtda öndürilýän önümler bilen özara tanyşdyrmagyň, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmegiň we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze görnüşlerini gözlemegiň zerurdygyny bellediler.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine degip geçmek bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň möhüm ornuny bellediler. Şeýle hem olar 1400-nji hijri-şemsi ýylynyň 4-5-nji abanyna gabat gelýän 2021-nji ýylyň 26-27-nji oktýabrynda Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň on altynjy mejlisiniň geçirilmegine oňyn baha berdiler hem-de onuň dowamynda kabul edilen çözgütleri doly ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Taraplar energetika pudagynda, aýratyn-da, nebit we gaz ugurlarynda olaryň «swop» görnüşinde we üstaşyr geçirilişini hem-de söwdasyny öz içine alýan hyzmatdaşlygy öwrenmegiň zerurdygyny bellediler.

Taraplar ulag we üstaşyr ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň iki ýurduň arasynda söwdany ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny tassykladylar.

Taraplar ulag babatda iki ýurduň bähbitlerine hyzmat edýän möhüm taslamalary, şol sanda 2011-nji ýylyň 25-nji aprelindäki Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Katar Döwletiniň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýratyn bellediler.

Taraplar 2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň arasynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol ýük geçelgesini durmuşa geçirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini kanagatlanma bilen bellediler hem-de bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.

Taraplar iki ýurduň halklarynyň arasynda köpasyrlyk dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak üçin bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy edaralaryň, döredijilik toparlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Taraplar iki halkyň dilini, medeni mirasyny, däp-dessurlaryny öwrenmek we gorap saklamak üçin amatly şertleri döretmek barada ylalaşdylar.

Taraplar keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek babatda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň häzirki döwürde iki ýurduň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridigi barada bir bitewi garaýşy beýan etdiler. Taraplar koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň netijesinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda iki ýurduň birek-birege goldaw berýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar ýokanç keselleriň öňüni almak we olary bejermek, sanjymlary, derman serişdelerini, beýleki lukmançylyk we derman önümlerini öndürmek, olar bilen üpjün etmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.

Taraplar Hazar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, Hazarýaka döwletleriň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy goldamakda, Hazarda ykdysady ösüşi ilerletmekde esasy orny eýeleýändiklerini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, sebitde hyzmatdaşlyga itergi bermäge, sebitiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga we olary çözmek üçin bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitlerini yzygiderli geçirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanda VI Hazar sammitini geçirmegiň, onuň mazmunyny ýokary hilli işläp taýýarlamagyň we ylalaşmagyň ähmiýetini bellediler. Bu sammitiň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirildi. Sammit Hazar deňzinde özara gatnaşyklaryň häzirki zaman hukuk esaslaryny emele getirmäge goşant goşar, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam eder.

Taraplar köptaraplaýynlygy berkitmegiň we birtaraplaýyn hereketlerden gaça durmagyň zerurdygyny nygtamak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyňdyr forumlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy, özara goldawy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Taraplar dünýäde durnukly ösüşi, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryny hem-de Tertipnamasynyň kadalaryny berjaý etmek esasynda ählumumy we sebit meselelerini çözmekde bu guramanyň ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini tassykladylar.

Taraplar 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň geçirilendigini kanagatlanma bilen bellediler hem-de onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Döwletleriň Baştutanlary Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle-de taraplar bu ýurduň durnukly ösüşine ýardam berilmeginiň ähmiýetine üns çekdiler.

Taraplar iki ýurduň Owganystanyň üstaşyr ulag we energetika ulgamlaryny güýçlendirmek, ýurdy dünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna çekmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdiler.

Döwletleriň Baştutanlary halkara terrorçylyga, ekstremizme, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we halkara howpsuzlygyň beýleki wehimdir howplaryna garşy ikitaraplaýyn derejede hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem göreşmekde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Taraplar saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň we gol çekilen resminamalaryň dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine hyzmat etjekdigine, olaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, mähirli we hoşniýetli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistana özi üçin amatly wagtda sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Türkmenistanyň Prezidenti                        Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW                        Seýed Ebrahim RAISI

Tähran şäheri, 1401-nji hijri-şemsi ýylynyň hordad aýynyň 25-ine gabat gelýän 2022-nji ýylyň 15-nji iýuny.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64111/turkmenistanyn-prezidenti-serdar-berdimuhamedowyn-we-eyran-yslam-respublikasynyn-prezidenti-seyed-ebrahim-raisinin-bilelikdaki-beyannamasy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan