• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Oňaýly şäher gurşawyny döretmek ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladadyr

Oňaýly şäher gurşawyny döretmek ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladadyr
Neşir: 17.09.2021 Seredilen: 961

Oňaýly şäher gurşawyny döretmek ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladadyr

Şu gün paýtagtymyzda döwrebap seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Aşgabady häzirki zaman derejesinde ösdürmegiň esasynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde amala aşyrylan bu taslama ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy.

Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýän döwrebap seýilgähiň hem-de Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan ýerasty geçelgeleriň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen ajaýyp paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbiniň owadan desgalarynyň hatary artdy.

Paýtagtymyzyň toplumlaýyn ösdürilmegine, şäher düzüminiň maksatnamalaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylan bu taslama baş şäherimizde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleriniň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bular barada täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşanlaryň çykyşlarynda hem aýratyn nygtaldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň her bir güni ägirt uly ösüşlere we ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysynda şu günki dabaralar ýaly şanly wakalar hem mynasyp orun eýeleýär.

Çykyş edenler paýtagtymyzda döwrebap seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň gurlup, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda açylyp, halkymyza şanly sene mynasybetli sowgat edilendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler.

Täze, döwrebap seýilgähiň eýeleýän meýdany 10 gektara golaý bolup, onuň merkezi böleginde Oguz hanyň ýyldyzy şekilinde ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy bina edildi. Bu ýerde suw çüwdürimlerinden başga-da, suw howdanlary, bassyrmalar, dynç alar ýaly ýerler gurnaldy, yşyklandyryş sütünleri dikildi. Uzynlygy 320 metre we ini 310 metre deň bolan döwrebap seýilgähde ekilen baglar, dürli güller hem-de döredilen gök otly ýerler suw çüwdürimleri bilen umumy sazlaşygy emele getirip, bu ýeriň howasynyň tämiz bolmagyny üpjün edýär. Munuň özi tebigy gözelligiň ajaýyp öwüşginleri bilen utgaşyp, seýilgäh zolagynyň görküne görk goşýar.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli belleýşi ýaly, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda täze seýilgäh toplumlaryny hem-de ýaşyl zolaklary döretmek boýunça görülýän çäreler adamlaryň saglygyna oňyn täsir edýän amatly ekologik gurşawy döretmäge gönükdirilendir.

Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap uzalyp gidýän täze seýilgäh zolagynda onuň bezeg aýratynlyklaryna, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegine, şäherlileriň boş wagtlaryny göwnejaý geçirmekleri üçin seýilgähiň iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülmegi ugrundaky işlere milli Liderimiziň talap edişi ýaly çemeleşildi. Şunuň esasynda döwrebap bezeg serişdeleri we tehnologiýalary ulanylyp, olar milli binagärlik aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyryldy.

Dabara gatnaşyjylar döwrebap seýilgäh bilen tanyşlygy tamamlap, A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan ýerasty geçelgeleriň ýanyna bardylar. Ýerasty geçelgeleriň ýer böleginiň umumy meýdany 6 müň 270 inedördül metre barabardyr. Jemi 4 sany ýerasty geçelgede dükanlaryň ençemesi ýerleşdirildi. Şeýle hem duralgalar guruldy.

Taslamalar ýerine ýetirilende hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda, häzirki zaman tejribeleri utgaşdyryldy. Olaryň bezelişinde peýdalanylan serişdeler hil aýratynlygy bilen tapawutlanyp, milli öwüşginler bilen ünsüňi özüne çekýär.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň ösüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş syýasatynyň çäklerinde işjeň häsiýete eýedir. Adamlaryň ýokary durmuş ölçeglerini üpjün etmek, göwnejaý ýaşaýşy üçin zerur şertleri döretmek özgertmeler maksatnamasynyň möhüm ugry bolup durýar.

Eziz Diýarymyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklary gözegçilikde saklap hem-de şäheriň durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere yzygiderli üns berip, bu işleriň häzirki zaman talaplaryna we ölçeglerine kybap gelmeginiň, şol sanda hil we gözellik, ekologiýa babatda uzak geljegi nazarlaýan täzeçil çemeleşmelere eýe bolmagynyň alnyp barylýan işleriň möhüm şertleriniň biridigini belleýär.

Ak mermerli paýtagtymyz sebitiň we dünýäniň iň owadan hem-de amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini barha pugtalandyrýar. Mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň möçberli özgertmeleriň depginleri netijesinde Aşgabat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň oňyn netije berýändigini äşgär edýär.

Sebitiň iri işewürlik we medeni merkezi derejesine eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän şäheriň — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Onda gözellik we amatlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inžener-tehniki pikiriň üstünlikleri hem-de milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri utgaşykly sazlaşýar. Diňe bir myhmanlar däl, eýsem, aşgabatlylar hem özlerine tanyş bolan köçeleriň we meýdançalaryň keşbiniň okgunly özgerip, aýratyn gelşikli hem-de gözel görnüşe eýe bolýandygyna haýran galýarlar. Bu işleriň gözbaşynda hut milli Liderimiziň ýadawsyz aladalarynyň we yzygiderli tagallalarynyň durýandygyna örän oňat düşünýän halkymyz munuň üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýar.

Ýol-ulag ulgamyna degişli bu desgalar pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň abadançylygyny, rahatlygyny gazanmagyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýär.

Dabara gatnaşyjylar ýerasty geçelgeleriň içi bilen geçip, şol ýerlerde döredilen amatlyklar bilen tanyşdylar hem-de dükanlara syn etdiler. Ýerasty geçelgeleri bezemekde ulanylan milli nagyşlar, göl hem-de dürli surat şekilleri, owadan bezeg daşlary we mermerler, şeýle hem yşyklandyryjylar bu desgalara ajaýyp öwüşgin çaýyp, kalbyňda çäksiz ruhubelentlik döredýär. Munuň özi ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň bellenilýän günlerinde ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Şeýle ajaýyplyklar üçin halkymyz Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýar. Bular barada ýerasty geçelgeler bilen tanşan dabara gatnaşyjylar aýratyn buýsanç bilen bellediler.

Döwrebap seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň gijeki görnüşleriniň aýratyn özüne çekijidigini bellemek gerek. Bu bolsa adamlaryň ruhuny galkyndyryp, beýik Garaşsyzlyk toýumyzyň ýakynlaşyp gelýän günlerinde merjen Aşgabadymyza, eziz Watanymyza hem-de hormatly Prezidentimize ildeşlerimiziň guwanjyny goşalandyrýar.

Seýilgähiň yşyklary paýtagtymyzyň şu künjeginiň älemgoşar şekilini emele getirip, özboluşly görnüşi janlandyrýar. Munuň özi tyllaýy agşamlaryň görküne görk goşup, Ginnesiň rekordlar kitabynda pugta orun eýelän ak mermerli Aşgabadyň ajaýyplygyny artdyrýar. Ähli ýerlerde çar ýana şuglasyny saçýan dürli yşyklandyryjylar, birek-birege aýdylýan hoşniýetli arzuwlar nurana gijeleriň her pursadynyň ýatda galyjy bolmagyny şertlendirýär. Şäheriň bezeg aýratynlyklary halkymyzyň şatlygy bilen utgaşyp, Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Şeýlelikde, Aşgabadyň binagärligi, bagy-bossanlyklar toplumy sebitiň binagärlik merjeni diýlip mynasyp atlandyrylýan ak mermerli paýtagtymyzyň bezegine öwrüldi. Ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmagyň we ösdürmegiň, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryna degişli täze desgalary gurmak, seýilgäh zolaklaryny bagy-bossanlyga büremek, şäheriň amatly durmuş gurşawyny döretmek maksady bilen, ylmyň we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gazananlaryny peýdalanmak meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. Munuň şeýledigine şu gün Aşgabatda geçirilen binagärlik açylyşlary hem güwä geçýär.

Surata düşüren: Meretdurdy Rozyýew.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan