Binagärlik we gurluşyk sanly ykdysadyýete geçiş döwründe
«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň mejlislerinde we iş maslahatlarynda bu pudaklaryň öňünde goýan wezipelerini çözmek babatda milli ykdysadyýetimiziň şu ulgamynyň gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berilýär.
Şähergurluşyk özgertmeleri döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady maksatnamasynyň netijeli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Žurnalyň nobatdaky sany sport ulgamynyň täze desgalary hakyndaky makala bilen açylýar. Şolar milli Liderimiziň gatnaşmagynda 1-nji sentýabrda Aşgabatda ulanylmaga berildi. Şol binalar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalarydyr.
Paýtagtymyzyň binagärlik ösüşi onuň ozal döredilen düzümleriniň, Aşgabadyň keşbini kemala getirýän kompozisiýa arabaglanyşygyny aýawly saklamagyň esasynda emele gelýär. Sport ulgamynyň täze desgalary hem okuw-dolandyryş toplumynda özara bagly bolup, giň gerimli sport tejribesini dowam edýär.
Bu bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň olimpiýa ýörelgeleriniň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegi has-da kämilleşdirmek hem-de watandaşlarymyzy köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine hem-de ýokary görkezijiler sportuna çekmek baradaky pikirine kybap gelýär.
Žurnal ýurdumyzda bolup geçýän jemgyýetçilik-syýasy wakalardan hem çetde galmaýar. “Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslary pugtalanýar” atly nobatdaky makala milli Liderimiziň başyny başlan, Türkmenistanyň parlamentini iki palataly ulgama geçirmäge gönükdirilen konstitusion özgertmelere bagyşlandy.
Žurnalda binagärlik, şähergurluşygy, strategik giňişligi meýilleşdirmek babatda esasy bilermenleri we hünärmenleri, häkimiýet edaralarynyň, ýurdumyzyň esasy taslama institutlarynyň wekillerini, alymlary, degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny öz sahypasynda birleşdirmek bilen, pudagyň halypa işgärleri we öňdebaryjylary barada hem buýsanç bilen söhbet açylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň hormatyna halk hojalygynyň, şol sanda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň dürli düzümlerinde işde tapawutlanan işgärlere döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabaralary geçirildi. Olar barada “Göreldeli zähmete belent sarpa” diýen makalada gürrüň berilýär.
“Taslama” atly rubrikada Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmagyň inžener-geologiýa şertleriniň aýratynlyklary hakynda ylmy makala çap edildi. Bu makala gurluşyklaryň alnyp barylýan ýerinde geçirilen barlaglaryň netijelerini, şeýle hem Inženerçilik-seýsmometrik monitoring merkezini hem-de Desgalara geotehniki gözegçilik gullugyny döretmek boýunça teklipleri öz içine alýar.
“Şäheriň agşamky keşbi” atly makala okyjylarda uly gyzyklanma döretse gerek. Onda agşamyň düşmegi bilen binagärlik desgalary gözüňi gamaşdyrýan binalara, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, çyra bezeginiň täze mümkinçilikleri ulanylan köçeleri we meýdançalary bolsa dür düzümine öwrülýän Aşgabadyň dürli reňkli keşbi barada söhbet açylýar.
“Türkmenistanyň gurluşyk senagaty sanly ykdysadyýete geçiş döwründe” atly synda gurluşyk pudagynda hem-de ýaşaýyş jemagat hojalygynda sanly özgertmeleri geçirmegiň tapgyrlary we ugurlary hakynda gürrüň berilýär. Bu özgertmeler binalaryň hem-de desgalaryň taslamasyny düzmegiň, olary gurmagyň hem-de ulanmagyň netijeliligini artdyrmaga, ilatly ýerleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň we bu ulgamda hödürlenilýän hyzmatlaryň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bulardan başga-da, sanly ykdysadyýete geçilmegi daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk serişdelerini öndürýän düzümi gysga möhletde döretmäge, eksport ugurly önümleriň möçberini artdyrmaga, ýerli çig malyň esasynda olaryň görnüşini giňeltmäge mümkinçilik berer. Bularyň hemmesi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Milli Liderimiz innowasiýalaryň diňe ornaşdyrylan tehnologiýalar däl-de, eýsem, olary yzygiderli täzelemek işi bolup durýandygyny belleýär.
“Innowasion ykdysadyýet döwründe «ýaşyl» gurluşyk” atly makala bu baradaky gürrüňiň, emma ekologiýa nukdaýnazaryndan, gürrüňiň dowamyna öwrülýär. Diýarymyzyň gurluşyk pudagynda täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar hem-de serişde tygşytlamagyň talaplary we ölçegleri ýurdumyzyň bazarynyň aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrylýar. Ýakyn ýyllarda paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri durmuş taslamasy şeýle çemeleşmäniň nusgasyna öwrüler.
“Akylly şäheriň” nusgasyna öwrüljek bu şäherde tehnologiýalar esasy wezipäni — ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek wezipesini ýerine ýetirer. Mega taslamany — ähli innowasiýalaryň adamlaryň bähbidine, olaryň amatly we howpsuz durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýän şäher gurşawyny döretmek pikiri hormatly Prezidentimize degişli bolup, ol milli Liderimiziň şähergurluşyk konsepsiýasyna sazlaşykly goşulýar.
“Ylym” bölüminde ýurdumyzyň hünärmenleriniň işläp taýýarlan möhüm işleri barada gürrüň berilýär. Onda gurluşyk materiallarynyň önümçilik tehnologiýasynda metallurgiýanyň galyndylaryny peýdalanmagyň usullary hakynda gürrüň berýän makala ýerleşdirildi. Şeýle hem žurnalda hünär bilimi, hususan-da, binagärlik-gurluşyk pudagy üçin işgärleri taýýarlamak meselelerine orun berildi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz syýasatynda bu ugra aýratyn üns berýär.
Neşiriň täze sanynda dünýä tejribesiniň mysalynda binalaryň hem-de desgalaryň seýsmiki durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek babatda barlag işlerine seredilýär. Geosintetiki materiallaryň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygynda ulanylmagy makalanyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu işleriň amala aşyrylmagy ýoluň ulanyş möhletini artdyrmaga, işçi güýjüni we maddy-enjamlaýyn serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän neşir halkara derejedäki maglumatlary alyşmaga, maýadarlaryň, buýrujylaryň, taslama düzüjileriň, gurluşykçylaryň, önüm öndürijileriň hem-de serişdeleri we enjamlary getirýänleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan çap edilýän žurnal diňe hünärmenlere däl-de, eýsem, sungat we durmuş gurşawy hökmünde gyzyklanma döredýän binagärlige sarpa goýýan adamlara niýetlenendir. Muňa garamazdan, neşiriň esasy mazmuny ussat inženerçilik-tehniki we ylmy maglumatlary öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin takyk kesgitlän durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýän, pudagy sanly ulgama geçirmek hem-de ýokary tehnologiýalaryň esasynda onuň bilim we senagat binýadyny döwrebaplaşdyrmak žurnalyň täze sanynyň esasy mowzugyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan