• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK KADALARY BARADA MAGLUMAT


Neşir: 01.07.2024 Seredilen: 646

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK KADALARY BARADA MAGLUMAT

 

1. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda çykaran 35-iş belgili buýrugy bilen “Senagat kärhanalaryň Baş meýilnamalary” atly TGK 2.09.01-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary tassyklanyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde 1784 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

 

2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 42-iş belgili buýrugy bilen “Kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlar. Taslamagyň kadalary” atly TGK 2.08.14-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary tassyklanyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde 1786 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

 

3. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2024-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran
45-iş/74-iş belgili bilelikdäki buýrugy bilen “Türkmenistanda obýektleri gurmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryny işläp düzmegiň we tassyklamagyň Gözükdirijisi” tassyklanyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 4-nji maýynda 1791 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

 

4. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 53-iş belgili buýrugy bilen “Saglygy goraýyş edaralary. Taslamagyň kadalary” atly TGK 2.08.04-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary tassyklanyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 10-njy maýynda 1793 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

 

5. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde çykaran 55-iş belgili buýrugy bilen “Binalaryň içki suw geçiriji we lagym ulgamy” atly TGK 2.04.01-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary tassyklanyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda 1796 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

 

6. 2024-nji ýylyň 7-nji iýunyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 76-iş belgili buýrugyna laýyklykda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen Türkmenistanyň gurluşyk kadalary:

1) TGK 2.04.01-98 “Binalaryň içki suwgeçirijileri we lagym ulgamy”;

2) TGK 2.09.01-98* “Senagat kärhanalaryň umumy meýilnamalary”.

 

Şu mesele boýunça sorag ýüze çykan halatynda şu telefon belgilerine
44-46-12, 44-46-53 jaň edip bilersiňiz.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan