Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini, şäheri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäheriniň ekologiýa ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleri synlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Serdarymyz welaýatyň täze, döwrebap edara-ediş merkezinde alnyp barylýan işleri, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklary yzygiderli gözegçilikde saklaýar.
Bu ýerde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň toplumynyň gurluşyklary batly depginlerde dowam edýär. Onda gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, merkeziň edara ediş binalarynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ähli ugurlarda, şol sanda milli gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk getirilýändigini görkezýär.
Täzeçil häsiýete eýe bolan bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegine toplumlaýyn we oýlanyşykly esasda çemeleşilmegi netijesinde, gurluşyklaryň depgini barha ýokarlanýar. Bu bolsa täze merkeziň gurluşyk işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň enjamlar we beýleki serişdeler bilen üpjünçiligine yzygiderli üns berilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň merkezine tarap ugur aldy. Arkadagly Serdarymyz guşuçar belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak boýunça görülýän taýýarlyk işlerini synlady. Bu merkeziň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň enjamlaryny ýokary derejede abatlamakda aýratyn möhüm orun eýelär.
Ekologiýa taýdan bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän bu merkeziň gurluşygynda ylmyň ýokary gazananlary, ösen tejribeler utgaşdyryldy. Munuň özi merkeziň işiniň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün edýär. Şunuň bilen birlikde, täze merkeziň işiniň milli ykdysadyýetimiz üçin örän amatlydygyny hem-de ykdysady taýdan bähbitlidigini aýratyn bellemeli.
Munuň özi iri şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.
Ak mermerli Aşgabadyň günbatar tarapynda gurlan ýaşaýyş jaý toplumlary, aýratyn-da, “Gurtly” we “Köşi” ýaşaýyş toplumlarynyň çäginde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, durmuş ulgamyna degişli ugurdaş desgalaryň bina edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Guşuçar belentlikden bu künjekde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi aýdyň görünýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Ähli meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek, gurluşyklary bellenen möhletlerde tamamlamak meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzda täze döredilýän “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň ýokarsyndan öwrüm etdi. Paýtagtymyzyň ilaty we onuň myhmanlary üçin özboluşly binagärlik sowgadyna öwrüljek bu toplumda adamlaryň amatly dynç almagy we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzda “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň peýda bolmagy ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändiginiň, aýratyn-da, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň we onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini synlap, şäheriň merkezi künjeginde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň gurluşygynyň barşyny synlady. Onda döwlet dolandyryş ulgamy üçin taýýarlanýan hünärmenleriň döwrebap bilim almaklary üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäheriň merkezi künjeginde bina edilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.
Arkadagly Serdarymyz paýtagtymyzyň häzirki zaman işewürlik we durmuş düzüminiň kemala gelýän ýeri bolan demirgazyk künjegindäki desgalar toplumyny synlady. Bu ýerde gurlup ulanmaga berlen söwda merkezleri, “Garagum” myhmanhanasy hem-de beýleki dürli maksatly desgalar bir bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan söwda merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýeriniň üstünden öwrüm etdi. Bu ýerde gurluşyk işleri bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzda durmuş ugurly desgalaryň gurluşygyna berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr.
Şäheriň merkezi böleginde gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli toplumlarda ýerine ýetirilýän işleriň gerimi hem-de depgini döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa gurluşyklaryň bellenilen möhletde tamamlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegine tarap ugur aldy. Döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden bu künjekde alnyp barylýan işleri, seýilgählere we gök zolaklara edilýän ideg işleri hem-de döwrebap binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz uçuşyny dowam edip, paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň emele gelen we dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň batly depginler bilen dowam edýän ýeri bolan “Parahat-7” ýaşaýyş jaý toplumynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.
Ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan paýtagtymyzyň durnukly ösüşiniň we özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrülen “Parahat-7” ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň möhüm görkezijisi bolup durýar.
Aşgabat ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýar. Paýtagtymyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bolşy ýaly, paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýändigini görkezýär. Ak mermerli Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar paýtagtymyzyň halkara ähmiýetli işewür duşuşyklaryň we dürli çäreleriň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegindäki ajaýyp ýerleriniň birinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň üstünde öwrüm etdi. Döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerini, dag etekleriniň abadanlaşdyrylyşyny we döredilen tokaý zolaklarynyň aýratynlyklaryny synlady.
Soňra döwlet Baştutanymyz uçuşy tamamlap, awtoulagda şäheriň ähli künjeklerinden howalanyp görünýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna tarap ugrady.
Öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak hem-de olaryň uzakmöhletli geljege niýetlenilmegi, sazlaşyklylyk we oňaýlylyk, adamlaryň abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek meseleleri şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň ýanynda hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow hem-de Türkmenistanyň ozaldan gelýän işjeň hyzmatdaşy, Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato mähirli garşyladylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow hormatly Prezidentimize paýtagtymyzyň çäklerinde ýerleşýän awtomobil köprüleri, olaryň aýratynlyklary, şeýle hem köprüleriň ýerasty bezeg işleriniň görnüşleri barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olaryň häzirki döwrüň ruhuna we ak mermerli paýtagtymyzyň okgunly ösüşine kybap gelmelidigine ünsi çekip, bezeg işlerine gaýtadan seredilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň gurluşygynyň taslamasy we onuň ýerleşjek ýeriniň teklip edilýän çyzgylary barada hasabat berdi.
Şeýle hem işewür “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň “Garabogaz-Gazagystan serhedi” böleginiň ýerleşjek ýeriniň teklip edilýän çyzgylaryny, gurulmagy göz öňünde tutulýan ýoluň aýratynlyklaryny we onuň ugrunda ýerleşdiriljek hyzmat ediş desgalaryny, awtobus duralgalarynyň görnüşlerini, yşyklandyryş ulgamynyň sütünleriniň taslamalaryny we ýoluň ugrunda oturdyljak şertli belgileriň nusgalaryny hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.
Şäheriň Köpetdag şaýolunyň durkuny täzelemek, Aşgabat şäheriniň daşyndan geçýän halkalaýyn aýlaw ýolunyň demirgazyk bölegini döwrebaplaşdyrmak boýunça teklip edilýän işleriň görnüşleri, şeýle hem olar bilen baglanyşykly çyzgylar baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde hem-de ak mermerli Aşgabatda özboluşly şäher gurşawynyň döredilýändigini, bu ugurda degişli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň häzirki zaman ýol-ulag düzüminiň gurluşygyny dowam etmegiň we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşyklarynyň taslamalary taýýarlananda ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklary nazara alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda russiýaly işewüre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Arkadagly Serdarymyz dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýan paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň belentliklerine galdy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna toplumyň yşyklandyryş ulgamynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz beýik şahyryň heýkelini hem-de medeni-seýilgäh toplumynyň umumy görnüşiniň taslamalary we çyzgylary, şeýle hem toplumy abadandaşdyrmakda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz toplumyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, onda häzirki zamanyň yşyklandyryş ulgamynyň iň täze enjamlaryny ornaşdyrmak wezipelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.
Şeýle hem Arkadagly Serdarymyz şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäheri boýunça guran iş saparynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak işlerinde häzirki zaman hem-de ýokary hilli bezeg serişdeleriniň ulanylmagy boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, toplumyň bezeg işlerinde we Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlaryndan ganatly setirleri baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.
Tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny, adamlaryň ýaşamagy, oňaýly dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bir hatarda, taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleri hatyralamak meselelerine örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzyň günorta künjeginde sil suwlaryny toplaýan gorag desgalarynyň, sil suwlaryny süzüji we sil suwlaryny toplaýan bentler, beton hem-de toprak düşekli akabalar we olaryň görnüşleri bilen baglanyşykly taslamalar hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Şunda gurluşyklarda we bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we desgalaryň ýokary hilli gurulmagy bilen bir hatarda, olaryň ýanaşyk ýerleriniň degişli derejede abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.