TÄZE ÜSTÜNLIKLERE RUHLANDYRÝAN ÝEŇIŞLER
TÄZE ÜSTÜNLIKLERE RUHLANDYRÝAN ÝEŇIŞLER
Gahryman Arkadagymyzyň sport syýasatynda öňe süren möhüm başlangyçlarynyň asylly ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek we öz halkynyň abadançylygyny üpjün etmek üçin hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ýola goýmak, türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak meselelerini üns merkezinde saklaýar.
Bu ugur ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlanyşy ýaly, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde hem işjeň häsiýete eýe bolup, sport çäreleri yzygiderli geçirilýär, işgärleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler barha güýçlendirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dowam edilip gelinýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sportuň dürli görnüşleri boýunça birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işgärleriniň arasynda milli spartakiada geçirilip gelinýär. Watanymyzda geçirilmegi däbe öwrülen bu abraýly sport ýaryşyna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň türgenleri hem uly hyjuw bilen gatnaşyp, her ýylda baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler.
Elbetde, ýeňişler täze üstünliklere ruhlandyrýar. 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart-aprel aýlarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işgärleriniň arasynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen XIII Spartakiadasynyň jemleýji ýaryşlary geçirildi. Bu ýaryşlarda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyndaky «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň ýygyndy topary sportuň milli göreş, basketbol, ýeňil atletika, tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, suwda ýüzmek görnüşleri boýunça üstünlikli çykyş edip, baýrakly I orna mynasyp bolmagy başardylar.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyndaky «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň agzybir türgenleri we işgärleri ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ýola goýmak, türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak meselesinde ähli mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almaklaryny arzuw edýärler.
Baýrammuhammet BABAÝEW,
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamygyndaky “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň direktorynyň w.w.ý.ý.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamygyndaky
«Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň
türgenleriniň ýygyndy topary
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan