6-7-nji awgustda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän bu ýöriteleşdirilen forum 6-njy awgustda ilkinji gezek bellenilen Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlandy. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilikli, ykdysady taýdan ösüş ýoly bilen öňe barýan döwletimiziň bu ugurlarda gazanýan üstünliklerini giňişleýin beýan etdi. Bu hünär baýramçylygy mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça dürli çäreler geçirildi, zähmetiň öňdebaryjylary sylaglanyldy. Olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ägirt uly serişde ekologik taýdan arassa, ýokary tehnologiýaly, şol bir wagtyň özünde ýokary hilli önümleriň önümçiligi hem-de olaryň halkara ülňüleriň talaplaryna doly laýyk gelmegi ýurdumyzyň gurluşyk we senagat ulgamynyň daşary ýurtlarda uly abraýyny üpjün edýär. Kuwwatly önümçilik düzüminiň döredilmegini, ýerli çig mal serişdeleriniň we tebigy baýlyklaryň binýadynda ýokary hilli önümleriň möçberleriniňdir görnüşleriniň artdyrylmagyny esasy ugur edinýän Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirýär. Olar ýurdumyzda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen hem-de daşary ýurt kompaniýalary we maýa goýumlar üçin açyk bolan bazarymyzda öz orunlaryny berkitmäge çalyşýarlar.
Bu gezekki halkara serginiň hem-de maslahatyň baş maksady ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, energetika ulgamlarynyň, himiýa senagatynyň, ýol gurluşygy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermekden, döwletimiziň haryt öndürijileriniň ägirt uly kuwwaty we mümkinçilikleri, daşary ýurtly gatnaşyjylaryň häzirki zaman enjamlary, täze tehnikalary, hyzmatlary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly we ýerli işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar gatnaşdylar.
Paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki pudaklarda bolşy ýaly, gurluşyk, senagat we energetika ulgamlarynda hem ägirt uly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belleýär.
“Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Pudaga häzirki zamanyň innowasion tehnologiýalary, dünýä tejribesi giňden ornaşdyrylýar” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar. Şeýle-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmakda hem-de özara bähbitli taslamalary amala aşyrmakda şunuň ýaly halkara sergileriň we ylmy maslahatlaryň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy bellenilýär.
Söwda-senagat edarasynyň binasynda milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk we senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işler, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Döwlet maksatnamalarynyň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada gürrüň berýän sergi bölümleri ýerleşdirildi. Onuň çäklerinde gurluşyk, senagat we gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, elektroenergetika, himiýa senagaty, gaz hem-de nebithimiýa, ýol gurluşygy ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýan işler görkezildi. Ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň diwarlyklarynda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmekde özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeliligi aýdyň beýanyny tapdy.
Sergide ýurdumyz üçin senagat ulgamynda zerur we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini ozaldan öndürip gelýän kärhanalar bilen bir hatarda, bu işe ýaňy başlan täze kärhanalar hem öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Şol önümleriň hatarynda dürli ölçegdäki turbalar, kerpiçler, demirbeton önümleri, gidroizolýasiýa serişdeleri, ýuwlan çagyl, penopolistirol, keramzit, emulsiýalaryň we boýaglaryň dürli görnüşleri, elektrik kabeller, kafel, gury gurluşyk garyndylary, “Türkmenaýnaönümleri” kärhanasynyň dürli görnüşli aýnalary, ýag we howa süzgüçleri, akkumulýatorlar bar.
Sergi bölümlerinde görkezilýän wideoşekillerde gurluşyk önümçiliginiň täze önümleri we tehnologiýalary, awtomatik ulgamlar, gurluşyk serişdelerini öndürýän kiçi zawodlar, suw sorujylar hem-de suw arassalaýjy enjamlar, panel we diwarlyk bloklary, alýumin, plastik germewler, santehniki we bezeg serişdeleri mahabatlandyryldy.
Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan “Bouygues Turkmen”, “General Electric”, “Gap Inşaat”, “KSB”, “Rönesans”, “Sumitomo Corporation”, “Interbudmontaž”, “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom”, “Çalyk Enerji”, “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi hem-de beýlekiler gurluşyk desgalarynyň şekillerini, innowasion işläp taýýarlamalaryny we tehnologiýalary görkezdiler. Sergide suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýol gurluşygy, işjeň dynç alyş senagaty ugurlaryna möhüm orun berlipdir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine islegiň barha artmagyny we ýerli çig mal serişdeleriniň binýadynda onuň önümçiliginiň ösdürilmegini talap edýär. Häzirki wagtda munuň özi milli ykdysadyýetimizi dünýä ylmynyň we tejribesiniň ýokary gazananlaryna laýyklykda senagatlaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Täze binagärlik taslamalary sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde edara toplumlarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň şekilleri görkezildi. Sergi diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem, şäher ilaty we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin hem gyzykly boldy. Munuň özi ýurdumyzyň geljekki ösüşine nazar aýlamaga, şäherlerimiziň, obalarymyzyň ýakyn geljekde nähili keşbe eýe boljakdygy barada düşünje almaga mümkinçilik berdi.
Aýratyn-da, gurluşyk pudagynda işleýän hususyýetçileriň bölümleriniň ýany köp adamly boldy. Olar soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň möçberli taslamalary amala aşyrýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ösdürilmegine döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns bermegi bilen, telekeçilik işi gurluşyk senagatynda netijeli ugurlaryň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz “akylly” şäher» we “akylly öý» taslamalaryny, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda tehnologik işläp taýýarlamalary netijeli ulanmak arkaly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, sergide “Aşgabat-siti” taslamasynyň binagärlik şekillerine aýratyn orun berildi. Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän bu iri möçberli ýaşaýyş toplumynyň taslamasy “akylly şäher» konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň beýany bolar. Bu täze şäheriň durmuş ulgamynyň esasyna dolandyryşyň sanly, robotlaşdyrylan we intellektual mümkinçilikleri binýat hökmünde goýuldy.
Gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine giň möçberli maksatnamalarda, şol sanda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” wajyp ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kesgitlän wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki döwrüň döredijilik ruhuny alamatlandyrýan täze obalar gurulýar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň batly depginlerde dowam edýän gurluşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu gün ýerli kompaniýalar gurluşyk we taslamalary taýýarlamak ulgamynda häzirki zaman edara binalaryny, ýaşaýyş toplumlaryny, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly iri desgalary gurmakda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň özleşdirýärler we şolardan netijeli peýdalanýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň hususy kärhanalary hil babatda halkara ülňülere doly laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini ýola goýdular. Munuň şeýledigini ýokary hilli we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň bölümi hem aýdyňlygy bilen subut etdi. Onda turbalaryň, kabelleriň, asma petikleriň, penjireler we gapylar üçin niýetlenen önümleriň, polietilenden, polipropilenden jemagat hojalygynda, gurluşyk önümçiliginde giňden ulanylýan önümleriň ýüzlerçe görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy.
“Ajaýyp gurluşyk”, “Ussat inžener”, “Ugurly ýol”, “Ak bulut”, “Berk menzil», “Sapaly jaý”, “Aga gurluşyk”, “Myradym”, “Weli gurluşyk”, “Kämil ymarat” we beýleki kärhanalar gurluşyk pudagynda hususyýetçiligiň mümkinçiliklerini görkezdiler. Aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we täze tehnologiýalary talap edýän desgalaryň gurluşyklary barada gürrüň berýän bölümler uly gyzyklanma döretdi. Onda awtobanlaryň, köprüleriň, köp zolakly halkalaýyn awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriň we ýurdumyzyň uly ýollarynyň ugurlaryndaky köp derejeli çatryklaryň gurluşyklary barada gürrüň berildi.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň bölüminde oturdylan monitorlarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly we soňky ýyllarda ýol-ulag düzümine degişli taslamalary durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan gurluşyk tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Onda ýerleri demrikdiriji, tekizleýji, gazyjy tehnikalaryň, awtogreýderleriň we beýlekileriň işiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýandygy hakynda gürrüň berilýär.
Ýurdumyzyň ýolgurluşyk maksatnamasynyň, aýratyn-da, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine we Watanymyzyň sebitara, halkara multimodal gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny, geoykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýardam berer.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işleri özara baglanyşykly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow himiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmak meselesine aýratyn üns berýär. Munuň özi ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin dürli görnüşli dökünleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak pudagyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Tebigy baýlyklar, uglewodorod we beýleki çig mallaryň ägirt uly gorlary, ony gaýtadan işlemek hem-de önümleri taýýarlamak boýunça täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mineral dökünleriň öndürilýän mukdarynyň, görnüşleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berdi.
“Garabogazkarbamid” zawodynyň önümlerine ýurdumyzyň hünärmenleri we daşary ýurtly bilermenler tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi. Garabogazköl aýlagy dünýäde iň seýrek duş gelýän künjekleriň biri bolmak bilen, onda sulfat natrisiniň we beýleki gymmat minerallaryň senagat möçberinde tebigy şertlerde kristallaşmagy bolup geçýär. Balkan welaýatynyň baý mümkinçiliklerini, aýratyn-da, Garabogazköl aýlagynyň gidromineral serişdelerini nazara alanyňda, daşary ýurtlardan getirilýän himiýa önümleriniň ornuny tutýan täze önümleriň önümçiliginiň toplumlaýyn özleşdirilmeginde uly geljegiň bardygyny görmek bolýar. Gyýanlydaky polimer zawodynda zerur himiki serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar, hususan-da, ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler elektroenergetika pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda onlarça paýlaýjy elektropodstansiýalar guruldy. Paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa bilen üpjünçiligini we yşyklandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär. Bu ugurda ýerine ýetirilýän giň möçberli işler diňe bir iri senagat toplumlaryny, her ýylda ýurdumyzda gurulýan durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony daşary ýurtlara eksporta ugratmaga-da mümkinçilik berýär.
“Sumitomo Corporation” hem-de “Çalyk Holding” kompaniýalarynyň bölümlerinde elektroenergetika pudagynyň täze desgalarynyň gurluşyklarynyň taslamalary we olaryň döwrebaplaşdyrylyşy baradaky maglumatlar köpleriň ünsüni özüne çekdi. Häzirki zaman binalarynyň — energetika enjamlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek boýunça merkezleriň, “ýaşyl” generator beketleriniň şekilleri ýurdumyzyň energetika pudagynyň ýakyn geljekdäki ösüş meýillerine syn etmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň bu ugra degişli düzümleriniň bölümlerinde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň önümçiligi boýunça täze işläp taýýarlamalar görkezildi.
Aşgabat şäher häkimliginiň sergi bölüminde “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň kiçeldilen nusgasy goýlupdyr. Bu ýerde paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde ýetilen sepgitler, şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň netijeleri-de görkezildi.
“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň bölümi hem köp adamly boldy. Bu ýerde häzirki zaman senagat we elektron önümçiligine degişli önümler görkezildi. Bu hojalyk jemgyýetiniň harytlarynyň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Onuň düzümlerinde ykjam telefonlar, smartfonlar, monobloklaryň dürli görnüşleri, smart-telewizorlar, split-kondisionerleri, internet ulgamyny paýlaýjylar (routerler), agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjamlar öndürilýär.
Serginiň maksady diňe bir degişli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri görkezmekden däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşinde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijelerini, onuň mümkinçilikleriniň, iň esasysy bolsa, Watanymyzyň gülläp ösüşini nazarlaýan döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny beýan etmekden ybaratdyr.
“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat iş maksatnamasynyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Onda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, işewürlik düzümleriniň wekilleri, birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalaryň hünärmenleri adaty görnüşde we sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň innowasion ösüşini ugur edinýän syýasatynda gurluşyk we senagat pudaklaryny köpugurly ösdürmäge, umuman, ykdysadyýetimizde düzümleýin özgertmeleri durmuşa geçirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
Daşary ýurtly wekiller sanly ulgam arkaly eden çykyşlarynda döwlet Baştutanymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda kesgitlän ugurlarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny bellediler.
Maslahatyň dowamynda şweýsariýaly önüm öndürijileriň binalaryň we desgalaryň seýsmiki-gorag ulgamynyň ugurlaryna, RIK logistik modulynyň mümkinçiliklerine hem-de ulaglaryň çykdajylaryny hasaplamagyň guralyna, Russiýanyň kompaniýalarynyň önümleri, gurnamalary we enjamlary getirmegiň ykdysady taýdan bähbitli ugurlaryny kesgitlemäge, gurluşyk taslamalaryny dolandyrmagyň usullaryna hem-de türkiýeli işläp taýýarlaýjylar bilen geňeşmeleri guramaga degişli tekliplere baha berildi.
Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar türkmen kärdeşleri bilen täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak, bilelikdäki taslamalara gatnaşmak, önümçilige ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlary synagdan geçirmek boýunça giň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna taýýardyklaryny nygtadylar. Şunda ýurdumyzda häzirki zaman düzümleriniň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy esasynda innowasion işleri alyp barmak üçin döredilen şertleriň we mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Maslahatda elektroenergetika pudagynda alnyp barylýan barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, suw serişdelerini saklamak, gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, ýolgurluşyk pudagynyň ösüşindäki täzeçil usullar ýaly meseleler boýunça hem pikir alyşmalar boldy. Ýurdumyzyň hünärmenleri we telekeçileri iri döwlet sargytlaryny durmuşa geçirmek, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini, “Aşgabat-sitiniň” desgalaryny bina etmek boýunça birnäçe şekilleri görkezdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet strategiýasy uzak möhletleýin ösüş kuwwatyna eýe bolan hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän milli ykdysadyýetiň kemala getirilmegini göz öňünde tutýar.
Maslahata gatnaşyjylar bu forumy guramak babatda döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we ýurdumyzda maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna, Diýarymyzyň dünýä giňişligine goşulyşmagyna we onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna döwlet derejesinde üns berilýändigini nygtadylar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda öndürilýän harytlara içerki bazarda hem, daşarky bazarda hem isleg barha ýokarlanýar. Forumyň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we işewürleriniň birnäçesiniň arasynda gol çekilen resminamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilen ECO-93 kysymly benzini satyn almak boýunça eksport şertnamalarynyň üçüsi, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň iri kompaniýalary bilen baglaşylan 3 import şertnamasy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Germaniýanyň “KSB Group” kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Forumyň gün tertibine himiýa senagatynda ylmyň orny, ýurdumyzyň gazhimiýa önümleriniň dünýä bazarlaryna ugradylyşy, önümçilige täze enjamlaryň ornaşdyrylyşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika diplomatiýasynyň ösüşi, elektroenergetika ulgamynda gaz turbinalary, energiýa tygşytlaýjy gurnamalary ulanmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara sergä gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy hem boldy.
Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65353/asgabatda-halkara-sergi-we-maslahat-gecirildi