• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek üns merkezinde


Neşir: 31.05.2022 Seredilen: 574

Ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek üns merkezinde

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz ýakynda Daşoguz şäheriniň merkezinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen welaýat köpugurly hassahanasynda bolup, bu ýerde halkymyzyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça edilýän tagallalar bilen tanyşdy we welaýatyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Milli lukmançylyk ulgamyny ösdürmek Türkmenistanda işjeň durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda adamlaryň saglygyny goramak, olaryň durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmak meselelerine aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan hem-de uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işi toplumlaýyn esasda kämilleşdirilýär. Keselleriň öňüni almak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak işleri pudaga täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak we netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugurlary bilen utgaşykly amala aşyrylýar.

Giň möçberli milli özgertmeleriň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman hassahanalary, ylmy-kliniki merkezler guruldy we şular ýaly desgalaryň gurluşyklary yzygiderli dowam etdirilýär. Şeýle hem köp sanly lukmançylyk edaralary, olaryň enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürlenilýän hyzmatlaryň derejesi boýunça ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän dynç alyş-şypahana düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Şunda dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk we ylmy-barlag edaralary bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Şu ýylyň 27-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda köpugurly we onkologiýa hassahanalary açylyp ulanmaga berildi. Täze lukmançylyk edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary we lukmançylyk tehnikalary bilen doly üpjün edilendigini bellemek gerek.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy hajy Arkadagymyz ir bilen Daşoguz şäheriniň merkezinde ýerleşýän köpugurly hassahana gelip, onuň bölümlerinde döredilen şertler, aýratyn-da, bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýlary bilen tanyşdy. Hassahanada keselleriň öňüni alyş we bejeriş çäreleri häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Şeýle hem bu ýerde işleýän lukmanlaryň hünär taýdan taýýarlygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Hassahananyň çagalar bölüminde dürli oýunlar arkaly çaganyň irki ösüşi boýunça lukmançylyk kömegi berilýär. Çagalaryň saglyk ýagdaýyny barlamak we keselleri anyklamak hem-de degişli bejergi çärelerini kesgitlemek üçin niýetlenen enjamlar dünýäde iň täze barlag enjamlarydyr.

Gahryman Arkadagymyz operasiýa etmäge taýýarlanýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, bu ýerde edilýän lukmançylyk hyzmatlary we onuň netijeleri bilen gyzyklandy. Şunuň bilen baglylykda, bölümiň enjamlaşdyrylyşynyň hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň häzirki zamanyň ýokary talaplaryna we halkara ülňülere doly laýyk gelýändigi bellenildi.

Bu ýerde hormatly Arkadagymyz çagalaryň doly derejede bejergi almagy, olaryň degişli operasiýalara taýýarlanylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanjakdygyny we çagalaryň sagalyp, deň-duşlaryna goşulyp, şatlykly ýaşamaklary üçin zerur bolan ähli goldawlaryň beriljekdigini aýtdy.

Çagalar Gahryman Arkadagymyza mähriban Watanymyzy wasp edýän we ýurdumyzda alnyp barylýan asylly işlere hoşallygyň nyşany bolan goşgularyny okap berdiler. Olar özleri barada edilýän alada üçin sagbolsunlaryny joşgunly setirleriň üsti bilen beýan etdiler.

Hormatly Arkadagymyz hassahananyň otaglarynyň ýene-de birine baryp, bu ýerde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Çagalaryň ene-atalary bu ýerde lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede ýola goýlandygyny belläp, ýurdumyzda çagalaryň sagdyn ösmegi, jemgyýetimizde ilatyň saglygynyň berkidilmegi ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan degişli ýardam beriljekdigini belledi hem-de ene-atalara çagalarynyň tiz sagalmagy baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem ýurdumyzda halkymyzyň, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek ugrunda toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy, saglygy goraýyş ulgamynda zerur çäreleriň geçirilmegine döwlet derejesinde goldaw berilýändigi, bu işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigi bellenildi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işler Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetimiziň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenen adamyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky ählitaraplaýyn aladanyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Hormatly Arkadagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin dünýäniň iň kämil enjamlary we lukmançylyk ylmynyň häzirki zaman gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap hassahanalarda ynsan saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak we ýokary hilli bejerişi ýola goýmak üçin ähli zerur bolan mümkinçilikler bar. Munuň özi ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Soňra hormatly Arkadagymyz hassahanada bejergi alýan çagalara öz sowgatlaryny gowşurdy.

Gahryman Arkadagymyz saglyk bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanýandygyny, munuň üçin bolsa ähli zerur şertleriň döredilendigini belläp, çagalaryň tiz wagtda sagaljakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra lukman Arkadagymyz hassahananyň ikinji gatyna bardy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hassahananyň enjamlaşdyrylyşy, onuň zallarynyň we otaglarynyň abadançylyk derejesi bilen gyzyklandy. Lukmanlar hassahananyň bölümleriniň ýerleşdiriliş aýratynlyklary, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlar hem-de hassahananyň binagärlik ugurlary barada gürrüň berdiler.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Germanowyň we Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň baş lukmany H.Gurbanowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda hassahananyň baş lukmany bölümleriň iş tertibi, lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilişi hem-de sanly ulgamy işjeň ulanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi.

Hormatly Arkadagymyz hassahana gowşurylan halkara hil güwänamalarynyň hereket ediş möhletiniň gözegçilikde saklanylmalydygyny, wagtyň geçmegi bilen täze innowasion tehnologiýalaryň hem-de täze lukmançylyk enjamlarynyň dolanyşyga girizilýändigini nazara alyp, ISO güwänamalaryny täzelemek boýunça degişli guramaçylyk işleriniň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Lukman Arkadagymyz hassahananyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini belläp, baş lukman bilen hassahananyň ähli hünärmenlerini, aýratyn-da, lukmanlary hünär synagyndan geçirmek işlerini ýola goýmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdy we bu babatda oňa degişli maslahatlaryny berdi. Munuň özi täze hassahananyň işini ýokary derejede dolandyrmakda aýratyn ähmiýetli bolar.

Şeýle hem hormatly Arkadagymyz bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bilen bolan gürrüňdeşlikde täze gurlan hassahanada halkymyza lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmagyň guralyşyny dolandyrmak meselelerine möhüm üns berdi. Bu işlere täzeçil garaýyşlaryň zerurdygy, ähli düzümleriň bolşy ýaly, saglygy goraýyş edaralarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmegiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, hassahanalaryň işi gurnalanda, bazar ykdysadyýetiniň düzgünlerinden ugur alynmalydygyna, hojalyk hasaplaşygy we býujet serişdeleri boýunça satyn alnan däri-dermanlaryň, enjamlaryň rejeli hem-de maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik edilmelidigine ünsi çekdi.

Belent mertebeli Arkadagymyz saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda Daşoguz welaýatynda täze gurlan hassahanalaryň, Aşgabat şäherindäki halkara derejeli hassahanalaryň, şeýle hem Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalarynyň alym-lukmanlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň giňden ýola goýulmagynyň bähbitli boljakdygyny aýtdy.

Bu sebitde Aral deňziniň guramagy bilen emele gelýän ýaramaz täsirleriň öňüni almak boýunça zerur işler geçirilmelidir hem-de adamyň saglygyna ýetirjek oňaýsyz täsirini azaltmak boýunça bitewi öňüni alyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirilmelidir. Soňky döwürde ýüze çykýan ýagdaýlaryň beýleki käbir daşarky täsirler bilen baglanyşykly ýagdaýlary hem göz öňünde tutulmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, lukman Arkadagymyz Daşoguz welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen welaýat köpugurly hassahanasy hem-de welaýat onkologiýa hassahanasy, şeýle hem ministrligiň buýurmagynda täze gurulmagy meýilleşdirilýän welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň işiniň hem Aral deňziniň oňaýsyz täsiriniň öňüni almaga, aýratyn-da, çaga keselleriniň öňüni almaga we bejermäge gönükdirilse maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup, ulanmaga berilýän hassahanalarda hem paýtagtymyzdaky hassahanalardaky ýaly çaga kesellerini döwrebap bejermek boýunça amala aşyrylýan bejeriş-öňüni alyş işleriniň ýola goýulmagy möhümdir.

Hormatly Arkadagymyz lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça degişli jemgyýetleri döretmegiň zerurlygyny belledi. Munuň özi lukmançylygy ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmakda, saglygy goraýyş ulgamyna sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri bilen tejribe alyşmakda, maslahatlary geçirip, birek-birege amaly-usuly goldaw bermekde, dünýä tejribesinde keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman usullaryny, keselleri bejermek üçin öndürilýän täze derman serişdelerini özleşdirmekde hem-de amaly lukmançylyga ornaşdyrmakda, jemgyýetiň işini ylmy işler bilen utgaşdyryp alyp barmakda aýratyn ähmiýetli bolar. Bu bolsa milli lukmançylyk ulgamynyň ösüşiň täze derejesine çykmagyny şertlendirer diýip, lukman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda birnäçe maslahatlaryny we nesihatlaryny berdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp hem-de işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Türkmen oba hojalyk institutyna tarap ugrady.

Alym Arkadagymyz ýokary okuw mekdebine gelip, bilim edarasynyň binagärlik aýratynlyklary, onda talyplaryň döwrebap bilim almaklary üçin döredilen şertler bilen tanyşdy we institutyň talyp ýaşlary bilen duşuşdy.

Talyplar bilen duşuşmazdan öňürti, hormatly Arkadagymyz welaýatyň Gubadag etrabynda 40 ýyldan gowrak wagt bäri kärendeçilik usulynda işleýän ussat daýhan Täzebaý Ataýew bilen gürrüňdeş bolup, onuň iş şertleri, maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Tejribeli kärendeçiniň belleýşi ýaly, onuň ata-babasy daýhançylyk bilen meşgullanypdyr. Zähmetsöýer daýhanyň üç ogly, bir gyzy bar, olaryň hemmesi daýhançylyk bilen meşgullanýar. Bu maşgalanyň 3,5 müň gektar kärende ýeri bolup, olar kärende ýerlerinde bugdaý, gowaça we mekgejöwen ösdürip ýetişdirýärler.

Häzirki döwürde ýerden bol hasyl almak, ekinleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda zähmet çekýän daýhanlar üçin döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlar berilýär. Daýhançylygyň ösdürilmegi, oňa işiň täze usullarynyň, häzirki zaman tejribeleriniň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Şeýlelikde, ýurdumyzda topraga yhlas edip, önüm öndürmek bilen meşgullanýan daýhanlar, kärendeçiler we hususyýetçiler üçin ýokary derejeli şertler döredilýär. Önüm öndürýän kärendeçiler ýer we suw serişdeleri, tehnika, dökünler hem-de ýokary hilli tohumlar bilen doly üpjün edilýär. Dünýäniň iň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly tehnikalary daýhanlaryň hyzmatyndadyr. Bu bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygynyň berkidilmeginde, halkymyzyň ter gök-bakja we miwe önümleri bilen üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Kärendeçi daýhan özi bilen duşuşyp, pikir alşandygy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ekerançylykda mikrodökünleriň ulanylmagynyň, onuň bolsa topragyň arassalanmagyna, hasyllylygyň ýokarlanmagyna täsiri, şeýle hem tohumçylyk işini ylmy esasda kämilleşdirmegiň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda guşçulygy ösdürmek meselelerine zerur üns berilýändigini, şunda pudagyň iým binýadynyň döredilmegine täzeçil usulda çemeleşilýändigini aýtdy.

Alym Arkadagymyz daýhanyň tutuş halkymyz, ýurdumyz üçin bähbitli iş edýändigini aýdyp, kärendeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça öndürilen önümleri merkezleşdirilen usulda kabul etmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdi we daýhana asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra hormatly Arkadagymyz institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary bilen duşuşyp, oba hojalyk ylmyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we okatmagyň täze usullaryny, bilim ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, şeýle hem obasenagat toplumynyň ähli ugurlary boýunça zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň meseleleri boýunça pikir alyşdy.

Häzirki döwürde ylmy ösdürmekde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy-barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini ulanmak wajyp wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmelere laýyklykda, ylymly-bilimli, öňdebaryjy tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Alym Arkadagymyz institutyň talyp ýaşlarynyň we mugallymlarynyň ýokary okuw mekdebinde döredilen şertler, okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylyşy, institutda amaly sapaklaryň tejribe bilen utgaşdyrylyşy baradaky çykyşlaryny diňledi.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumy üçin ýokary bilimli we häzirki zaman tejribesinden ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle hem institutda ylmy iş bilen meşgullanmak, dünýä tejribesini içgin öwrenmek ugrunda ähli zerur şertler üpjün edildi. Bu bolsa talyp ýaşlaryň saýlap alan hünärine bolan höwesiniň artmagyny şertlendirýär.

Şeýle hem çykyş edenler institutyň talyplarynyň ýurdumyzda we halkara derejede geçirilýän çärelere yzygiderli gatnaşýandyklaryny aýtdylar. Munuň özi ýurdumyzda milli bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, ylmyň gazananlaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesi bolup durýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki zaman ylmyny ösdürmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylmy önümçilik-tejribe ugurlary bilen utgaşdyrmak ugrunda döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyz, aýratyn-da, obasenagat toplumy üçin gerekli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Alym Arkadagymyz çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki döwürde ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmek, bu ugurda meşgullanýan kiçi we orta telekeçiligiň işini höweslendirmek, welaýatlarda ýer kadastryny döretmek boýunça döwlet tarapyndan zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy. Bu işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginde ýokary hünärli işgärlere möhüm orun degişli bolup durýar.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz Daşoguz şäherindäki oba hojalyk institutynda pudak üçin zerur bolan hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny belläp, ýaşlaryň ata-babalarymyzyň döreden daýhançylyk tejribelerini döwrebap derejede ösdürjekdiklerine ynam bildirdi we bu ugurda özüniň durmuş tejribesi boýunça öwüt-nesihatlaryny berdi.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 13-nji maýynda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda we Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Alym Arkadagymyz bu barada aýdyp, häzirki döwürde bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny, elektron serişdelerini ulanmak bilen, okatmagyň we bilim işini dolandyrmagyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň seljerilendigini belledi.

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyna, bilim-terbiýeçilik işleriniň degişli maglumatlar, elektron gollanmalar, kitaplar, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary bilen üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Abraýly halkara guramalar, ylmy-barlag edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de dünýä tejribesiniň gazananlaryny ylym ulgamyna ornaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipesine öwrüldi diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň ylym-bilime, pähim-paýhasa, şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine bolan gyzyklanmalarynyň hemişe ýokary bolmalydygyny, ylmyň, bilimiň ynsany belende göterýändigini aýdyp, bu ugra wepaly ýaşlaryň köp bolmagyny arzuw etdi.

Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris, bu bolsa ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagyny, olaryň häzirki zaman sanly ulgamyndan oňat baş çykarmaklaryny üpjün edýär. Hormatly Arkadagymyz döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýaş nesliň dünýäniň dürli dillerini, şol sanda iňlis dilini öwrenmeklerini nesihat etdi. Ýaşlaryň ylma-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesine möhüm orun degişlidir. “Kitaby söýüň, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ata Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir” diýip, alym Arkadagymyz aýtdy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory ýokary okuw mekdebine gelip, talyplaryň bilim alşy, professor-mugallymlaryň iş şertleri bilen tanşyp, gymmatly maslahatlaryny, öwüt-nesihatlaryny berendigi üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, geljekde hem ýurdumyzda obasenagat toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagynda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur tagallalaryň edilýändigini aýratyn belledi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günki duşuşykda beýan edilen ähli teklipleriň hormatly Prezidentimize ýetiriljekdigini aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz çykyşynyň ahyrynda ýaşlara: “Geljek siziň bilendir. Mundan beýläk-de pajarlap ösmek üçin, öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýip ýüzlendi. Duşuşyga gatnaşýanlar bu jümläni şowhunly el çarpyşmalar bilen gaýtaladylar.

Alym Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/63726/yurdumyzyn-sebitlerini-toplumlayyn-osdurmek-uns-merkezinde

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan