• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Daşoguzda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

Daşoguzda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi
Neşir: 18.09.2020 Seredilen: 1201

Daşoguzda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Türkmenitan köçesiniň ugrunda ýerleşýän we hil hem-de ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän täze binany «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurdular.

Giň iki we üç otagly öýlerde amatly ýaşaýyş üçin zerur şertleriň ählisi döredilen, dürli ähmiýetli goşmaça otaglar göz öňünde tutulan.

Ýurduň demirgazyk sebitiniň toplumlaýyn ösdürilýän dolandyryş merkezinde ýaşaýyş jaýlary gurlanda ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, Daşoguz köçesindäki döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy we köp öýli täze jaýlaryň birnäçesi şäheriň merkezi bölegindäki köne jaýlardan boşan ýa-da boş ýatan ýerlerde gurulýar. Munuň özi binagärlik landşaftynyň sazlaşygyna we şäheriň bütewi estetiki ýörelgesiniň kemala gelmegine ýardam edýär.

Ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermäge bagyşlanan dabaralara welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulylar we ýaşlar gatnaşdylar. Dabaralarda aýdym-sazlar ýaňlandy, aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

https://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14855

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan