Mary şäherinde polisiýa işgärleri üçin 24 öýli ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi
Mary şäheriniň Nury Halmämmedow adyndaky köçesiniň ugrunda 4 gatly, 24 öýli täze, döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu döwrebap ýaşaýyş jaýyny Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň buýurmasy esasynda, uzak möhletleýin berilýän karz puluň hasabyna, «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama edarasynyň gurluşykçylary bina etdiler.
Täze jaýyň açylyp, ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarany welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri özleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlary bilen bezediler.
Täze jaý ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününe harby gullukçylara ajaýyp sowgat boldy.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan