• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Paýtagtymyzda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabarasy boldy


Neşir: 29.12.2022 Seredilen: 1561

Paýtagtymyzda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabarasy boldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy.

Bu durmuş maksatly taslama ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelmegi, şäher ilatynyň sanynyň artmagy nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag düzümi, şäher ilatynyň amatly durmuşyny üpjün etmek üçin degişli inženerçilik ulgamy döredildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günbatarynda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen birnäçe gezek tanyşdy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerime eýe bolandygy guwançly ýagdaýdyr. Munuň özi ilatyň amatly we özlerine kybap ýaşaýyş jaýyny saýlamak mümkinçiligini has-da giňeldýär. Şunda ýaşaýyş jaýlarynyň döwrüň talaplaryna, raýatlaryň isleglerine laýyk gelmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

2018-nji ýylyň oktýabr aýynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatarynda döwrebap binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak meselelerini esasy ugur edinýän şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilýän täze toplumyň gurluşyk işleriniň ýagdaýy hem-de depginleri, gurluşykçylaryň üpjünçilik derejesi yzygiderli gözegçilikde saklanyldy.

Hormatly Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça amala aşyrýan iş saparlarynda dikuçarda aýlanyp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşdy. Munuň özi paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän we şäheriň ähli künjegini öz içine alýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň ýerine ýetirilişine döwlet tarapyndan möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Ak mermerli paýtagtymyz tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň esasy merkezine öwrüldi. Täze gurluşyklaryň gerimi we olaryň depginleri döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýär. Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk konsepsiýasy oýlanyşykly esasda, tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Munuň özi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň, aň-paýhas mümkinçilikleriniň derejesini, durmuş ýagdaýlarynyň, ýörelgeleriniň esasyny düzýär.

Ine, bu gün bolsa Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda bu ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi halkymyzyň ruhuny belende göterip, goşa baýrama öwrüldi. Bu ýerde guralan dabara Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mähriban Watanymyzy we häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleri wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Medeniýet, sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşy mynasybetli joşgunly gutlaga öwrüldi. Bu ýerde guralýan dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Ol çykyşynyň dowamynda häzirki dabaranyň Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny, şeýle hem bu ýaşaýyş jaý toplumynyň açylmagynyň halkymyz üçin goşa toýa öwrülendigini aýratyn belledi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, halkymyz üçin bähbitli işlere beslenýändiginiň anyk netijesidir. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna giň ýol açýar diýip, Mejlisiň Başlygy sözüni dowam etdi.

Mejlisiň ýolbaşçysy ähli halkymyzyň adyndan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza sagbolsun aýtdy hem-de berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdi.

Şol pursatda dabaranyň geçirilýän ýerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz şowhunly el çarpyşmalaryň astynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň toý bagyny kesdi.

Halkymyzy häzirki döwrüň ýokary hil derejesine laýyk gelýän oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Köp sanly täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy ýokary döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan häzirki döwrüň möhüm wezipesidir. Bu ýerde bina edilen ähli ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň, ýollaryň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň güýji bilen gurlandygyny aýratyn bellemeli. Munuň özi türkmen telekeçileriniň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we halkymyzyň durmuş üpjünçiligini, adamlar hakyndaky aladany esasy ugur edinýän giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny görkezýär. Telekeçileriň yhlasly zähmeti netijesinde bina edilen toplumyň ähli desgalarynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyryldy.

Täze toplumyň çäginde aýdym-sazly dabaralar şatlyk-şowhun bilen dowam etdi. Aýratyn-da, türkmen halkynyň döreden we dünýä nusgalyk toý dessurlaryny açyp görkezýän çykyşlar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türkmen toýlarynyň özboluşly aýratynlyklaryny janlandyrýan sungat ussatlary belent ruha beslenen çykyşlary bilen şanly waka mynasybetli guralýan dabaranyň şatlyk-şowhunyny belende göterdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgala agzalary myhmançylyga çagyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde bina edilen 320 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň binasyna hem bardy. Onda bilim-terbiýe almak, ýaşlaryň belent ruhly, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän ähli zerur mümkinçilikler döredildi.

Mekdebiň baş binasynyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdançada çagalar tans toparlary şanly waka mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Bu ýerde halkara ülňülere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen okuw otaglary okuwçylaryň we mugallymlaryň ygtyýaryna berildi. Hormatly Prezidentimiz ilki binanyň başlangyç synp otagy bilen tanyşdy.

Bu ýerde işleýän mugallym okuw otagynda döredilen mümkinçilikleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini aýdyp, munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz himiýa hem-de biologiýa dersi boýunça ýöriteleşdirilen otaglarda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Mugallym okuwlary häzirki zaman usulynda geçirmäge niýetlenen otaglaryň enjamlaşdyrylyşy, onuň barlaghanalarynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berip, bu ýerde ýaşlara sapak bermekde häzirki zamanyň ösen tejribesini we ylmyň gazananlaryny peýdalanmak üçin ähli zerur şertleriň bardygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, otaglarda ornaşdyrylan enjamlar, täzeçil tehnologiýalar, okuw sapaklaryny häzirki zaman usulynda, sanly ulgam arkaly alyp barmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýaşlaryň dersleri çuňňur özleşdirmeginde we dünýä ylmyna ýakyndan aralaşmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Mugallymlar döwrebap mekdepde ýokary derejeli bilim bermek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz hormatly käriň eýeleri bolan mugallymlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we olary hem-de okuwçylary ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlady.

Bu ýerde okuwy häzirki zaman usulynda alyp barmaga niýetlenen otaglardaky we barlaghanalardaky enjamlar biologiýa, fizika, himiýa, matematika ýaly dersleri gyzykly hem-de täsirli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Lingafon otaglaryndaky täze enjamlar diňe bir amaly sapaklary özleşdirmäge däl, eýsem, daşary ýurt sözlerini dürs aýtmak endigini kämilleşdirmäge-de şert döredýär.

Şeýle hem mekdepde okuwçylaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň döredijilik ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. Bu ýerde aýdym-saz otaglary, sport hem-de mejlisler zallary, zähmet sapagyny geçmek üçin ýörite otaglar bar. Olarda okuwçy gyzlar el hünärini özleşdirerler. Umumybilim berýän mekdepde lukmançylyk otagy, naharhana bar. Şeýle-de bu ýerde mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin oňyn mümkinçilikler üpjün edildi.

Toplumyň çäginde täze çagalar bagynyň gurlup ulanmaga berilmegi körpeler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Bu ýerde ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, olaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara alyp, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi.

Ak mermerli çagalar bagynyň binasyna baranda, körpeler Arkadagly Serdarymyzy şatlyk-şowhun bilen garşyladylar we Täze ýyl gutlaglaryny beýan etdiler. Soňra körpe nesillere hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Çagalar bagy iki gatly esasy binadan we tehniki desgalardan, özbaşdak durmuş üpjünçilik ulgamlaryndan ybaratdyr. Diwarlaryna çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilleri çekilen çagalar bagyndaky oňaýly mebeller, ýatmak üçin niýetlenen otaglar körpeleriň ygtyýarynda. Şeýle hem bu ýerde okuw, oýun otaglary bolup, olarda çagalaryň ösüşi we boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi.

Bu ýerde işleýän mugallymlar, terbiýeçiler toplumyň çäginde gurlan ajaýyp çagalar bagynda işlemek, körpe nesillere başlangyç bilim-terbiýe almaklary ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Bu ýerde çagalar üçin ähli zerur şertler, okuw otaglary we toparlaryň ýaş aýratynlyklaryna görä şertleri üpjün edilen otaglar, oýun meýdançasy bar. Çagalar onda wagtlaryny gyzykly hem-de şatlykly geçirerler.

Umuman, çagalaryň wagtlaryny şadyýan, peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertler döredildi. Olary okuwa taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet berildi. Bu ýerde çagalar başlangyç bilim we kompýuter sowadyna eýe bolarlar.

Soňra Arkadagly Serdarymyz bagtyýar nesiller bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mugallymlara we terbiýeçilere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, olary ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlady.

Soňra döwlet Baştutanymyz şanly waka mynasybetli bu ýerde guralan dabara gatnaşýan daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolup, olary Täze ýyl baýramy bilen gutlady we diplomatlara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi diplomatlaryň adyndan hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baýramy bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýerde bina edilen täze şäheriň düýbüni tutandygyny, Arkadagly Serdarymyzyň bolsa bu asylly işleri dowam etdirip, gurluşygyň üstünlikli tamamlanmagy ugrunda tagalla edendigini belledi. Şeýle-de ol ähli diplomatlaryň adyndan hormatly Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Siz täze şäheri gurduňyz we oňa “Arkadag” diýip mynasyp at dakdyňyz. Munuň özi ýerine düşen çözgüt. Çünki hormatly Arkadag şäheriň gurluşygyna badalga berdi we gurluşyklaryň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklady. Şeýlelikde, tagallalar özüniň oňyn netijesini berdi diýip, russiýaly diplomat sözüni dowam etdi we hormatly Prezidentimizi bu şanly waka hem-de Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, Arkadagly Serdarymyza bagt, egsilmez şatlyk, parahatçylyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri şanly waka we ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlap, bu ýerden ugrady.

Asyrlar aşyp gelýän milli däplere laýyklykda, ýurdumyzda jaý toýlary giňden we dabaraly bellenilýär. Täze ýaşaýyş toplumynyň çäginde baýramçylyk äheňinde bezelen Täze ýyl arçalarynyň ýanynda aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanýar. Her bir öýde toý saçaklary giňden ýazylyp, olarda milli tagamlar goňşy-golamlara, jaý toýlaryny gutlamaga gelenlere hödürlenilýär.

Täze ýaşaýyş toplumynda zerur bolan medeni-durmuş düzümleri, ýokary derejede enjamlaşdyrylan oýun we sport meýdançalary bar. Toplumyň çägi we binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy. Ulag ýollary, yşyklandyryş ulgamy çekildi, ýaş bag nahallary, dürli güller ekildi, gök zolaklar döredildi. Bu oňaýly binalar şäherimiziň ähli künjeginde emele gelýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň nobatdaky tapgyryna öwrüldi.

Bu ýerde otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si guruldy. Olar 3064 maşgala üçin niýetlenendir.

Şu günki açylan desgalaryň hatarynda “Abadançylyk” söwda-dynç alyş merkeziniň bardygyny bellemeli. Täze merkez binagärligiň nusgawy we häzirki zaman usullarynyň sazlaşdyrylmagy esasynda guruldy. Bu ýerde söwda zallarynyň 5-si, restoran, toý mekany, çaýhana we beýlekiler bar. Söwda merkeziniň ýanaşyk ýerlerinde gök zolaklar döredildi, dürli güller ekildi, özboluşly yşyklandyryş ulgamy we oturgyçlar gurnaldy. Şeýle-de bu ýerde awtoduralga bar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda içerki bazarlaryň haryt bolçulygyny üpjün etmek, olarda dürli görnüşli önümleriň satuwyny ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Halkyň sarp edýän harytlaryny, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bir hatarda, söwda ulgamlarynyň ösdürilmegine köp möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Aşgabatda we welaýatlarda gurlan köp sanly döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary kämil enjamlar bilen üpjün edilip, olar ilata ýokary hilli hyzmatlary hödürleýärler.

Toplumyň birinji we ikinji gatlarynda azyk we senagat harytlarynyň köp görnüşlerini özünde jemleýän ýöriteleşdirilen dükanlar ýerleşdirildi. Giň söwda zallarynda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerini satyn almak bolýar.

Täze bazaryň ulanmaga berilmegi toplumda açylýan desgalaryň üstüni ýetirdi. Bu ýerde satyjylar we alyjylar üçin amatly şertler üpjün edildi. Bazaryň çägi ýöriteleşdirilen söwda zolaklaryna bölünipdir. Şunda azyk harytlarynyň hödürlenilýän zolagyna giň orun berlipdir. Onuň inženerçilik-tehniki üpjünçiligi häzirki zaman derejesine laýyk gelýär. Onda elektrik we aragatnaşyk ulgamlary, suw üpjünçiligi we lagym ulgamy sazlaşykly hereket edýär.

Köpugurly bazarlar ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlup, olar türkmen halkynyň we mähriban topragymyzyň sahawatyny, berekedini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bazarlaryň elýeterli bahasy bolan harytlar bilen üpjün edilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Hut şonuň üçin-de bazarlar halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär. Munuň özi täze döwrüň milli ykdysady nusgasynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Asyrlaryň dowamynda “ýedi ýoluň çatrygy” hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň çäginden gadymy Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günorta çäkleri baglanyşdyrypdyr. Häzirki döwürde ýurdumyz çäk taýdan amatly ýerde ýerleşip, Ýewraziýa yklymynyň söwda ýollarynyň ähmiýetli çatrygyny emele getirýär.

Dabaralara gatnaşýan Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary toplumyň çäginde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda bolup, olarda döredilen şertler bilen tanyşdylar hem-de bagtyýar öý eýeleriniň hödürlän tagamlaryndan dadyp gördüler.

Hökümet agzalary täze ýaşaýyş jaýlarynyň eýelerine hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlary gowşurdylar.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, belli estrada aýdymçylarynyň, folklor, tans toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Belent ruha beslenen aýdymlarda we tanslarda, ajaýyp çykyşlarda mähriban Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten derejesiniň, hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän asylly işleriniň waspy ýetirildi. Munuň özi halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly wakalaryň taryhy pursatlara beslenýändiginiň, ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/68921/paytagtymyzda-bayramcylyk-mynasybetli-taze-binalaryn-acylys-dabarasy-boldy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan