6-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen geçen ýylyň ahyrynda döredilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni ilkinji gezek belleniler.
Baýram mynasybetli geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy-2022» halkara sergisi toplumyň gazananlary, mümkinçiligi we ösüşi bilen tanyşdyrar. «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar wajyp hünär wezipelerini we gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň, himiýa senagatynyň hem-de ýol gurluşygynyň geljekki taslamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, ýörite kitap sergisi guraldy. Sergide hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary üçin dürli ýyllarda türkmen hem-de rus dillerinde neşir edilen köp dürli kitaplar, döwürleýin neşirler, okuw gollanmalary görkezilýär.
Gurluşyk önümçiliginiň tehnologiýasy boýunça kitaplar we beýleki ýörite neşirler okyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Şeýle hem bu ýerde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň senagaty» hem-de «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» çärýekleýin žurnallar hem görkezilýär.