Şu gün Türkmenistanda uly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
“Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli hormatly uruş weteranlaryna we türkmen halkyna iberen Gutlagynda belledi.
“Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhynyň gahrymançylykly sahypalary hiç wagt unudylmaz! 1941 — 1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar!” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli syýasaty, ýurdumyzyň häzirki gazanan uly üstünlikleri janyny aýaman mukaddes Ýeňşi ýakynlaşdyran ähli türkmen esgerlerine dikilen belent heýkeldir. Türkmen halky Gahryman diýen ada, ordendir medallara mynasyp bolan Watanymyzyň merdana goragçylaryny, ýanýoldaşyny söweşe ugradyp, yzynda ýalňyz galan zenanlary, eneleri we uýalary hiç haçan unutmaz. Olaryň tylda görkezen gahrymançylygy we edermenligi Ýeňiş gazanmak ugrundaky hereketlerinde uly ähmiýete eýe boldy we häzir Garaşsyz Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň goragynda durýan ýaşlar üçin nusga hem-de terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen zenanlary uruş ýyllarynda Goranmak gaznasyna köp mukdarda gymmatly şaý-seplerini tabşyryp, hakyky watansöýüjiligini, ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan däplerine ygrarlydyklaryny görkezdiler. Biziň uly ýaşly nesillere çäksiz hoşallygymyz, olaryň gahrymançylykly hereketleri baradaky hakydamyz anyk işlerde beýanyny tapýar. Şol işler parahatçylygy goramaga, Garaşsyz Türkmenistany yzygiderli ösdürmäge, jemgyýetde belent ynsanperwer ýörelgeleriň goralyp saklanmagyna gönükdirilendir.
Türkmen döwleti frontçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň zerurlyklaryna aýratyn üns-alada bilen garaýar. Milli gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” atly kitaplarda ebedileşdirildi. Weteranlara köp sanly ýeňilliklerden başga-da, durmuş taýdan goldaw hem berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize milli gahrymanlarymyz baradaky hakydany gorap saklamagyň we ebedileşdirmegiň mynasyp nusgasyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyz baýramyň öň ýanynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hakynda Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Ýeňiş güni mynasybetli dabaralaryň ähmiýetini belläp, şeýle çäreleriň Watanymyzyň durmuşynda uly syýasy ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
...Belentde howalanýan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň ýanynda aýratyn ýagdaý emele geldi. Bu ýerde — “Milletiň ogullary” ýadygärliginde biz Watan üçin wepat bolanlary, “Baky şöhrat” ýadygärliginde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary, “Ruhy tagzym” ýadygärliginde Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary hatyralaýarys.
Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan esgerleriň ýadygärliginiň töweregi has köp adamly boldy. Bu ýer harby şöhratyň hem-de umumy halk hatyrasynyň mukaddes ýeridir. Dünýäni faşizmden goran, mähriban Watanymyzyň azatlygy we Garaşsyzlygy, onuň bagtyýar geljegine bolan hukugy ugrunda göreşen nesilleriň wekilleri bolan ata-babalarymyzy hatyralamak üçin bu ýere ýüzlerçe adamlar geldiler.
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalar boldy. Şol gün Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak hem-de Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň nyşanyny gowşurmak üçin paýtagtymyza geldi. Şeýle hem şol gün Türkmenistana uruş ýoluny geçen hem-de öýüne Ýeňiş bilen gaýdyp gelen şöhratly esgeriň — Berdimuhamet Annaýewiň şahsy maglumaty getirildi.
Berdimuhamet Annaýewe Russiýanyň döwlet sylagy — “Edermenlik üçin” atly medal ýaly harby nyşanyň gowşurylmagyny ýurdumyzda beýleki halklar bilen egin-egne berip, Beýik Watançylyk urşunda duşman bilen gaýduwsyz göreşen hem-de umumy Ýeňşe mynasyp goşandyny goşan türkmenistanly esgerlere çuňňur hormatyň alamaty hökmünde kabul edildi.
Şeýle hem şol günlerde ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalary we onuň gulluk eden polkunyň söweşjeň baýdagy paýtagtymyzdaky Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebe gowşuryldy. Harby mekdepde goýlan bu taryhy gymmatlyklar Watanymyzyň azatlygy, geljek nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda janlaryny pida eden ata-babalarymyzyň söweşjeň ýolunyň nyşanydyr.
Bu hakydanyň hemişelik nyşany hökmünde ýadygärligiň merkezinde Baky ot ýanýar. Beýik ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolan ýaş esgerler hormat garawulynda mizemez ýagdaýda durlar. Bu ýere ýygnananlar dabara gatnaşmaga gelen Gahryman Arkadagymyzy mähirli garşylaýarlar.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow uruş we zähmet weteranlaryny, kümüş saçly enelerimizi, bu ýere ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş gününiň taryhy ähmiýetini nygtady. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş taryhy waka bolup, onuň kynçylykly, ýowuz ýyllaryny biziň ata-babalarymyz hem başdan geçirdi. Käbir maglumatlara görä, şol ýowuz urşa türkmenistanly gerçekleriň bir milliona golaýy gatnaşyp, umumy ýeňşe goşandyny goşdular. Olaryň yzynda ýar ojagyny saklap galan zenanlar, ene-mamalarymyz hem zähmet gahrymançylygyny görkezip, Ýeňşiň gazanylmagyna kömek etdiler. Bu işler mukaddes, parz işlerdir. Häzirki döwürde biz şol gahrymanlarymyzyň bitiren beýik işlerini, görkezen gahrymançylygyny ýatlaýarys, olaryň sarpasyny belent tutýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Milli Liderimiz halkymyzyň “Ölüsini sylan beg bolar” diýen parasatly sözlerini ýatlap, hatyralamagyň belent we mukaddes işdigini, şu günki dabaranyň uly ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan we hut öz adyndan kümüş saçly ene-mamalarymyza, bu ýere ýygnananlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip: “Siz — ýaşulular, ene-mamalar biziň geljegimiz bolan ýaşlar üçin uly göreldesiňiz! Şonuň üçin siziň hemmäňize taňryýalkasyn!” diýip aýtdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşýan diplomatlary mähirli mübärekläp, ajaýyp bahar gününde bellenilýän bu baýramyň jebisleşdiriji ähmiýetini belledi.
Bu gün biz bilelikde Ýeňiş gününi baýram edýäris. Biziň ata-babalarymyz hem egin-egne berip, gahrymançylykly hereketleri amala aşyryp, Ýeňşi ýakynlaşdyrmak bilen, hak işi goradylar we biz ýeňdik! Milli Liderimiz sözüni dowam edip, mälim bolşy ýaly, türkmenistanlylaryň bir milliona golaýy Ýeňiş üçin janlaryny pida etdiler, biz olara minnetdarlyk duýgusy bilen belent sarpa goýýarys. Men enelerimize hem minnetdardyryn. Olar maşgala ojagyny saklap, yhlasly we gaýratly zähmeti bilen Ýeňşi ýakynlaşdyrdylar. Biziň zenanlarymyz duşmany ýeňmek üçin altyn we kümüş ýygnap tabşyrdylar, ýyly egin-eşikleri tikip, fronta ugratdylar. Şoňa görä-de, geçmişi, taryhymyzy bilelikde ýatlaýandygymyz biziň hemmämiz üçin örän möhümdir. Iň esasysy bolsa, biz ösüp gelýän ýaş nesillere nusga görkezýäris. Munuň özi biziň atalyk borjumyzdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatlary baýram bilen mähirli gutlap, Türkmenistanda geçirilýän ähli jemgyýetçilik we syýasy çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin sagbolsun aýtdy.
Öz nobatynda, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, Gahryman Arkadagymyzy hem-de ähli türkmenistanlylary Beýik Ýeňiş baýramy bilen gutlady. Doly ygtyýarly wekiliň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz weteranlaryna hormat goýýar we Watan üçin, diýmek, şu günki ýurt üçin janlaryny gurban edenleri unutmaýar. “Munuň özi diňe janlaryny gurban edip, aramyzdan gidenler üçin däl-de, eýsem, biziň döwürdeşlerimiz we geljekki nesiller üçin hem möhümdir” diýip, ilçi nygtady.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligi tamamlap, “Goý, bütin dünýäde hemişe parahatçylyk bolsun!” diýdi. “Türkmenistan Bitaraplyk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk döwletdir. Biz muňa buýsanýarys we gadyr goýýarys” diýip, milli Liderimiz sözüniň üstüni ýetirdi.
Dabaraly pursatlar gelip ýetýär — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gül çemenleri goýulýar.
Soňra uruş weteranlary, diplomatlar hem-de dabaraly çärä gatnaşyjylaryň ählisi — frontçylaryň ogullary, agtyklary, çowluklary, milli gahrymanlarymyzyň edermenliginiň öňünde baş egmäge gelenleriň hemmesi gül desselerini goýdular.
Bu gün meýdançada weteranlar hem-de ýaş esgerler egin-egne berip durlar. Olara döwletimiz öz serhedini, asuda asmany we Ikinji jahan urşy ýyllarynda Ýeňiş gazanmak ugrunda janlaryny orta goýan ynsan ömrüniň pida bolmagy bilen ýetilen Garaşsyzlygymyzy goramagy ynandy. Watanymyz ýaş türkmen esgerlerini beýik ata-babalarymyzyň iň oňat däplerinde terbiýeleýär. Olar üçin ata Watana gulluk etmekden belent borç ýokdur.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hormatly weteranlarymyzyň bütin durkuň bilen Watanymyzyň mukaddesliklerine uýmak, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny gorap saklamak, ynsan mertebesini belent tutmak, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmak, manyly ömür sürmek baradaky öwüt-ündewlerine hem-de nesihatlaryna eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.
***
Şu gün ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde agyr synaglara mertlerçe döz gelen edermen ildeşlerimiz sarpalandy, XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşip, öz mukaddes borçlaryny berjaý edip, maşgala ojaklaryna dolanyp gelen weteranlary hem-de tylda zähmet çekenleri, uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryny hormatlamak dabaralary geçirildi.
Konsert meýdançalarynda aýdym-sazlar, peşgeş berlen asuda durmuş üçin milli gahrymanlara hoşallyk sözleri ýaňlandy. Ýeňiş güni mynasybetli “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda guralan dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam goýan parahatçylyk dörediji ýurdumyza — Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/63029/turkmenistanda-yenis-guni-bellenildi