• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda täze döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlar

Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda täze döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlar
Neşir: 02.04.2024 Seredilen: 433

Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda täze döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlar

Paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda birnäçe täze döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça nusgalyk işler amala aşyrylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak boýunça teklibi goldady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/82039/asgabat-saherinin-parahat-7-yasayys-toplumynda-taze-dowrebap-yasayys-jaylary-gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan