• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

GÖRELDELI ZÄHMETE BELENT SARPA

GÖRELDELI ZÄHMETE BELENT SARPA
Neşir: 02.10.2020 Seredilen: 1491

GÖRELDELI ZÄHMETE BELENT SARPA

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öň ýanynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna amala aşyran ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öň­debaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, watandaşlarymyzyň köp sanlysy köpýyllak çeken ak ýürekli hem-de halal zähmetleri üçin ýörite sylaglara we hormatly atlara mynasyp boldular.

Sylaglanan işgärleriň hatarynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň we onuň garamagyndaky düzümleriň işgärleriniň öz tejribesini, yhlasyny we edermenligini mähriban Watanymyza halal hyzmat etmek ýaly asylly işe bagyş edenleriň birnäçesiniň bolmagy diýseň guwandyryjydyr.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşiginiň 9-njy binagärlik-gurluşyk bölüminiň taslamanyň baş binagäri Ju­ma­mu­rad Gel­di­ýe­we «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan gur­lu­şyk­çy­sy», Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň direktory Ka­kamyrat Aşyrowiç Nökerowa «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan bi­lim iş­gä­ri» di­ýen hor­mat­ly at dakyldy. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy- barlag institutynyň baş hünärmeni Swetlana Partewowna Sap­ri­na­, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 1-nji Ýöriteleşdirilen gurnama dolandyryş edarasynyň meýdança başlygy Annaoraz Orazmuhammedowiç Amanow “Gaýrat” medaly bilen sylaglandylar. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Ruhabatgurluşyk» trestiniň 3-nji Gurluşyk gurnama dolandyryş edarasynyň önümçilik meýdançasynyň başlygy Nury Akmämmedowiç Şamyradow «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medaly bilen sylaglandy.

«Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan gur­lu­şyk­çy­sy» diýen hormatly ada mynasyp bolan Jumamurad Geldiýew gurluşyk pudagynda elli ýyla golaý wagt bäri göreldeli zähmet çekip gelýär. 2007-nji ýyldan bäri bolsa ol TGweBM-niň «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşiginde zähmet çekýär. «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşiginiň 9-njy binagärlik-gurluşyk bölüminiň taslamanyň baş binagäri J.Geldiýew ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ösmegine, gurulýan binalaryň milli äheňde, döwrebap, gözel keşbe eýe bolup, bildirilýän talaplara kybap gelmegi üçin yhlasly zähmet çekýän halypa hökmünde tanalýar.

«Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan bi­lim iş­gä­ri» di­ýen hor­mat­ly ada mynasyp bolan TGweBM-niň Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň direktory Kakamyrat Nökerowyň zähmet ýoly kyrk ýyldan gowrak döwri öz içine alýar. Ol ykbalyny jemagat hojalygynyň ösmegine baglap, bu ugurdan bilim alýan ýaşlaryň watansöýüji, zamanabap hünärmenler bolup ýetişmegi üçin çuňňur aladalanýar. Kakamyrat mugallymyň göreldesine eýerip, bu ugurdan bilim alýan ýaşlar bu günki gün bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli hünärmenler hökmünde ýurdumyzyň jemagat hyzmatlarynyň talabalaýyk ýola goýulmagy, daşky gurşawyň abat we gözel bolmagy ugrunda jan aýaman zähmet çekýärler.

Altmyş ýyldan gowrak wagt bäri gurluşyk pudagynda zähmet çekip gelýän Swetlana Saprinanyň zähmet ýoly uly üstünliklere beslenendir. Manyly ömrüni pudagyň ösmegine bagyş eden ussat halypa häzirki döwürde TGweBM-niň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň “Inžener seýsmologiýasy, esaslar we binýatlar” barlaghanasynyň baş hünärmeni hökmünde göreldeli zähmet çekýär. S.Saprina baş hünärmen hökmünde gurulýan binalaryň seýsmika durnukly, esaslaryň we binýatlaryň gaýym häsiýete eýe bolmagy üçin çuňňur aladalanýar.

Ýeri gelende “Gaýrat” medalyna eýe bolan S.Saprinanyň tejribeli hünärmen hökmünde 2000-2001-nji ýyllarda Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň (AHHG) işi­niň ne­ti­je­li häsiýete eýe bolmagy babatda ylmy hasaplamalary alyp barmak bilen bir hatarda, Köpetdag bendiniň hem-de Hanhowuz suw howdanynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky meseleleri öz içine alýan dört sany ylmy kitabyň çap edilmegine gatnaşandygyny hem belläp geçmek möhümdir.

“Gaýrat” medalyna eýe bolan Annaoraz Amanowyň kyrk ýyla golaý zähmet ýoly bar. TGweBM-niň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 1-nji Ýöriteleşdirilen gurnama dolandyryş edarasynyň tejribeli ýolbaşçysy hökmünde ol gaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz turbalaryny gurmak işleriniň, talabalaýyk ýerine ýetrilmegi, turbalaryň kebşirleme we birleşdirme işleriniň öz wagtynda ýokary hilli gurnalmagy, izolirlemek, garymlary gazmak, turbalary çekmek boýunça işleriň durnukly hala getirmek boýunça talaplaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin uly işleri alyp barýar.

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medaly bilen synaňlanan Nury Şamyradowyň gurluşyk pudagynda işlän ýigrimi ýylynyň on üç ýyldan gowrak döwri TGweBM-niň «Ruhabatgurluşyk» ýöriteleşdirilen gurluşyk kompaniýasy bilen baglanyşyklydyr. N.Şamyradow «Ruhabatgurluşyk» trestiniň 3-nji Gurluşyk gurnama dolandyryş edarasynyň önümçilik meýdançasynyň başlygy bolup işlemek bilen, özüni pudakda göreldeli işgär hökmünde tanatdy. Ol gurluşyk-gurnama işleri boýunça we medeni-durmuş maksatly gurluşyklarda işleri düýpli abatlaşdyrmak, jaýlaryň, binalaryň düýpli gurluşygynda gazkebşirleýiş işlerini amala aşyrmak, pudagyň ýokary depginler bilen ösüşe eýe bolmagy üçin tagallalykly zähmet çekýär.

Maksada okgunly, köptaraply, öz borçlaryny nusgalyk derejede ýerine ýetirýän we Watanymyzyň bähbidine tagallasyny gaýgyrmaýan sylaglanan adamlar ýaşlar üçin nusgalyk göreldedir.

Döwlet sylaglaryny buýsanç duýgusy we tolgunma bilen kabul eden adamlar işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň her bir ýyly şanly syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny aýdyň­lyk bilen görkezýär.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň milletimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň berkidilmegine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi ugrunda güýç-gaýratlaryny we yhlasyny sarp etjekdiklerine ynandyrdylar.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,

Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi”.

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan