Ylma goşant
Binagärlik – bu diňe binýadyň berkligi däl-de, eýsem, öz döwrüniň medeni-hojalyk, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň durnuklylygynyň aýnasydyr. Berk binalaryň taryhy gymmaty wagtyň geçmegi bilen mese-mälim görünýär, ol geçmişiň ygtybarly şaýady bolup şuglasyny şu gün hem saçýar. Muňa gürrüňi ediljek täze kitap bilen tanyşylandan soň hem göz ýetirip bolar.
Golaýda okyjylara türkmen, iňlis we rus dillerinde ýazylan «Dehistanyň binagärlik medeniýeti» atly kitap gowuşdy. Onuň awtory öň okyjylara ugurdaş mazmunly birnäçe kitaplary ýetiren taryh ylymlarynyň kandidaty, arhitektor Muhammet Mämmedow.
Türkmeniň gahrymançylyky geçmişiniň howandary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Gözel Balkan welaýatynyň giň düzlüginde ýerleşýän «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň orta asyrlarda özüniň milli binagärlik sungatynyň we arhitekturasynyň aýratynlyklary bilen jahana ýaň salan taryhy-medeni ýadygärlikleri bu gün dürli ýurtlaryň tanymal alymlarynyň, medeni-ruhy geçmişi öwrenijileriň, jahankeşdeleriň ünsüni barha özüne çekýän umumadamzat genji-hazynasyna öwrüldi» – diýip jaýdar belleýär. Gürrüňi ediljek kitap bu aýdylanlaryň hakykatlygyna göz ýetirmäge doly mümkinçilik berýär.
Kitap üç bölümden ybarat. Onuň birinji bölümi Dehistan ülkesiniň geçmişine gysgaça syn bermeklige, ýer-ýurt atlarynyň döreýşine hem-de toponimiki adalgalaryň düşündirilişine bagyşlanan. Bu bölümde Dehistan taryhy sebitiniň müňýyllyklaryň dowamynda geçmişi-hojalyk pudaklary, suwaryş ulgamlarynyň ösüşi, goňşy çarwa we çomry taýpalarynyň özara gatnaşyklary, syýasy taryhyň yzygiderli ösüşi, bularyň ählisiniň ýerli binagärlik medeniyetine ýetiren täsiri yzarlanýar. Ol dürli döwürleriň awtorlarynyň işleriniň, halk arasyndaky rowaýatlaryň üsti bilen beýan edilýär. Şonuň bilen bir hatarda, kitapda birnäçe toponimiki atlara awtoryň öz garaýşy, çaklamalary berilýär.
Kitabyň ikinji bölümi «Maşat» diýlip atlandyrylypdyr. Onda sopularyň mesgeni bolan, il arasynda atlandyrylyşy ýaly Maşat ata ýadygärliginiň gurluşy barada giňişleýin durlup geçilýär. Bölümde Maşat atanyň yslam sungatynyň irki döwrüne degişli bolan mähraby, gelip çykyşy boýunça hatda zoroastrizm dininden öň ýüze çykan basgançakly tagçalar, olaryň ähmiýeti, binagärlik medeniýetindäki soňky özgermelere düşündirişler berilýär.
Awtor bütin Orta Aziýada bolşy ýaly, Dehistanda hem binagärlik meselesinde butparazlyk (buddizm) ybadathanalary bilen yslam dini, esasan hem din (kult) bilen bagly ymaratlardaky ewolýusion meňzeşlikleriň bardygyna ünsi çekýär. Onuň bu meseläni, aýratyn-da olaryň özara täsirlerini «has çuňňur öwrenmek geljekki alymlaryň işidir» diýip ýazmagy ylmy we döwrebap teklipdir. Toplumyň çäginde soňky geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde ol ýerde derwüşlere niýetlenen hanakanyň hem bolandygy anyklanandan soňra, awtor Maşat ata kümmet, metjit, metjit-kümmet hökmünde garalandygyny belläp geçýär.
«Maşat» bölüminde bäş sany kümmet barada aýratyn gürrüň berilýär. Kitapda şol galyndylar, olaryň XX asyryň başlarynda alnan suratlar esasynda, goňşy sebitlerden, aýratyn hem, Eýrandan bolan maglumatlary deňeşdirmek bilen bu ýerleriň dürli wagtlar bir bütewi taryhy-medeni sebit bolandygy bellenilýär.
Dehistan ülkesiniň merkezi orta asyr şäheri Misserian bolupdyr. Ondan biziň Bagtyýarlyk döwrümize çenli şäheriň galyndylary, onuň günorta böleginde saklanyp galan binalarydyr. Maşat atadaky ýaly bişen kerpiçden salnan Misseriana (ol Maşat atadan 7 km. günorta-günbatarda ýerleşýär) kitapda üçünji bölüm bagyşlanypdyr. Saklanyp galan binalar bu gün Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň bir nyşanyna öwrüldi.
Şolaryň biri Misserianyň gülläp ösen döwründen bäri şäheriň buýsanjy we guwanjy bolan Juma metjididir. Bu metjidiň saklanyp galan bölekleriniň, XIX asyryň ahyrlarynda-XX asyryň başlarynda düşürilen fotosuratlaryň ýa-da elde çekilen şekilleriň gazuw-agtaryş işleriň netijesinde ýüze çykan çaklama meýilnamalaryň kömegi bilen metjidiň mährap tagçasynyň, peştagyň daýanç diwarlarydyr minaralaryň aşaky bölegi, eýwanyň bölekleri, gurluşyk tilsimleri, binagärlik aýratynlyklary, öz döwrüniň ideologiki täsirleri we ş.m. özüniň häsiýetlendirmesini tapypdyr.
Juma metjidiniň aýrylmaz bölegi onuň minaralarydyr. Minara gürrüňi edilýän metjidiň meýdançasynyň demirgazyk-gündogar burçunda ýerleşýär. Onuň şu günki beýikligi 20 metrden gowrak, aşagynyň diametri 7 metr, ýokarda bolsa - 5,5 metrdir. Awtor taryhy çeşmelere esaslanyp minaranyň beýikligi onuň ilkibaşdakysynyň ýarysyna deň bolandygyny çaklaýar.
Bu minaradan 120 metr töweregi demirgazykda oňa çalymdaş, göýä onuň ekiz taýy ýaly bolup görünýän ýene bir minara bar. Ol minara taryhda «1102-nji ýylyň minarasy» ady bilen bellidir. Bu minaranyň daşky ölçegleri, gurluş tärleri ýokarda seredilen minaradan känbir tapawutlanyp duranok. Dogry, olar kerpiçleriniň örülişi, kufi ýazgylary, ornamental, geometriki ýa-da epigrafiki şekilleri bilen tapawutlanýarlar. Dürli wagtyň alymlary şol ýazgylardan minaralaryň kimiň buýurmasy bilen ýa-da haçan gurlandygy, olary kimleriň gurandyklary baradaky maglumatlary ýüze çykarypdyrlar.
Wagtyň geçmegi, günüň, ýel-ýagmyryň, tebigy hadysalaryň täsiri bilen minaralaryň depelerinden belli bir bölekleri ýumrulypdyr, käbir ýerleriniň kerpiçleri bolsa dökülipdir. Soňky gezek olarda XX asyryň soňky çärýeginde abatlaýyş işleri geçirilipdir. Garaşsyzlyk döwründe şeýle işler dowam etdirilip, gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Dehistanyň binagärlik medeniýetini has çuňlaşdyrylyp öwrenmeklige mümkinçilik döredi.
Kitabyň ýene bir gymmatly tarapy onda bu gün dünýä belli ymaratlaryň ussalarynyň ýerli ilatdan bolandygynyň nygtalýanlygydyr, ol takyk maglumatlar bilen delillendirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, awtor ol ussalaryň döredijiligini olardan öň geçen döwürleriň ussalarynyň binagärlik aýratynlyklary bilen deňeşdiripdir.
Kitapda 100-den gowrak dürli häsiýetli şekiller berlipdir. Olar esasan gürrüňi edilýän ymaratlaryň dürli ýagdaýdaky suratlary, şeýle hem ol ymaratlaryň beýleki sebitler bilen meňzeşligi (analoglary we parallelleri) bolan binalaryň köp sanly artefaktlaryň şekilleridir.
«Dehistanyň binagärlik medeniýeti» atly kitap bilim ulgamynda, aýratyn hem binagärlik hünäri boýunça bilim alýanlar, amaly işgärler üçin gollanma bolup biler. Taryhymyzyň janköýerleri, jahankeşdeler we syýahatçylar, giň köpçülik hem bu ylmy çeşmeden özlerini gyzyklandyrýan köp soraglara jogap tapyp bilerler.
Aýmämmet Rahymow,
«Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň directory
«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi»
(2-2015)
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan