INNOWASION ÖSÜŞIŇ TÄZE DEREJESI

Awgust aýynyň ahyrynda Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Türkmengurluşyk-2019” atly halkara sergisi ýurdumyzyň hem-de Türkiýeden, Hytaýdan, Russiýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Gresiýadan we Ukrainadan bu pudakda işleýän  daşary ýurt kompaniýalarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň wekillerini, telekeçileri we işewürleri bir ýere jemledi.

Halkara serginiň açylyş dabarasynda hökümet agzalary, Mejlisiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürliginiň wekilleri, alymlar, bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Sergide türkmen we daşary ýurt wekilleri öz tekliplerini hem-de täzeliklerini görkezdiler. Daşary ýurtlularyň arasynda ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de geljegi uly hyzmatdaşlary—taslama düzmekde, gurluşykda, gurluşyk serişdelerini, enjamlary, abzallary we tehnikalary öndürmek ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalar bar.

Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek hem-de ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion taýdan ösmäge tarap ugur almak—hut şu ýörelgeler baş ugur bolup, ýöriteleşdirilen serginiň häsiýetini kesgitledi. Köptaraply sergi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ägirt uly kuwwatyny, onuň önümçilik binýadynyň innowasion düzümini, şähergurluşygynyň maddy-enjamlaýyn mümkinçiligini we binagärligi, häzirki zaman şäher we ulag düzüminiň kemala gelşini aýdyň görkezdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk önümlerine barha artýan islegleri şertlendirip, ýerli çig malyň esasynda olary öndürmek ulgamyny depginli ösdürmäge itergi berdi. Häzir munuň özi milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, dünýä ylmynyň we tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanýar.

Ulanylmaga berilýän döwrebap ýokary tehnologiýaly kärhanalar halkara hil ölçeglerine kybap gelýän bäsdeşlige ukyply giň görnüşli harytlary çykarmaga niýetlenendir. Bezeg serişdelerini, sement, kerpiç, panel toplumlaryny, magdan däl gurluşyk serişdelerini, turba önümlerini, armaturalary, metal gurnamalaryny, plastmas we aýna süýümli turbalary hem-de beýlekileri öndürýän pudaklaýyn edaralaryň hem-de iri kärhanalaryň diwarlyklary pudagyň ösüşiniň depginlerini we onuň gazananlaryny görkezdi. Bu önümlere içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Bu ýerde görkezilen ylmy işläp taýýarlamalar, dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän innowasion taslamalar Türkmenistanyň serişde tygşytlamagyň we ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary görkezijileri bolan tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga maksada okgunly geçýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Aşgabat-siti” giň gerimli taslamanyň serginiň esasy üns merkezinde bolandygyny bellemek gerek. Ony gurmak başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.

Sergide ýurdumyzyň hususy gurluşyk ulgamynyň işi aýratyn giňden görkezildi. Soňky ýyllarda olaryň alyp baran işleri bilen iri taslamalar durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde telekeçilik işi gurluşyk senagatynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu gün ýurdumyzyň firmalary döwrebap edara binalarynyň, ýaşaýyş toplumlarynyň, önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň taslamalaryny düzmekde we olary bina etmekde gurluşyk senagaty ulgamynda dünýä derejesindäki gazanylanlary okgunly özleşdirýärler we ulanýarlar.

Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň hususy kärhanalary halkara hil ölçegine kybap gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini özleşdirdiler. Bularyň ählisini «Ajaýyp gurluşyk», «Ussat inžener», «Şahym Şa», «Elektroulgamgurluşyk», «Maksatly Geňeş», «Berk köpri», «Ak tam», «Nusaý ýollary», «Derýaplastik»,«Aga gurluşyk»,«Kämil ymarat» we beýleki kompaniýalaryň diwarlyklary aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň we daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak, geljegi uly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmak babatda şunuň ýaly çäreleriň örän uly ähmiýeti bardyr. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar sergi meýdançasyny diňe bir özleriniň täsin tehnologiýalaryny teklip etmäge däl, eýsem türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyna hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bu ýerde döredilen şertlere esaslanyp, kärhanalara maýa goýmaga taýýardyklaryny tassyklamak üçin hem peýdalandylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän talaplary we dünýä derejesindäki ýagdaýlar babatda gurluşyk senagatyna ornaşdyrylýan ekologiýa taýdan arassa ulgamlara we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, “intellektual”  düzümli taslamalara hem-de ýaşamagyň oňaýly gurşawyny saklamaga we tebigaty goramaga goşant goşmaga kömek edýän “akylly” enjamlara aýratyn üns berildi.

Dürli maksatly desgalaryň, şol sanda dolandyryş we edara toplumlarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarynyň çyzgydaky nusgalary geljege garamaga, sebitiň binagärlik merjeni diýlip mynasyp derejede atlandyrylýan Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtyny ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly iň ajaýyp taslamalara, depginli täzelenýän şäherlere we obalara baha bermäge mümkinçilik döretdi.

Serginiň açylan güni «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat hem geçirildi. Oňa ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, birnäçe daşary döwletleriň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri, degişli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dürli gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak, bina edilýän desgalaryň ygtybarlylygyny we berkligini ýokarlandyrmak, gurluşykda nyrh emele getirmegiň aýratynlyklary, dürli maksatly desgalar gurlanda, ekologiýa kadalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegi baradaky meseleler esasy çykyşlaryň hatarynda boldy.  Çykyşlaryň biri häzirki wagtda möhüm meseleleriň hatarynda durýan gurluşyk üçin ýükleri daşamagyň ykdysady taýdan netijeli ugurlarynyň kemala getirilmegine bagyşlandy. Ýaşaýyş-jemagat hojalygynda energiýa taýdan netijeli ulgamy ornaşdyrmak, ýörite kompýuter maksatnamalarynyň kömegi bilen binagärlik taslamalary düzmekde täze usullary peýdalanmak baradaky hem-de dürli görnüşli innowasion gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi hakynda tanyşdyrmalar hem gyzyklanma döretdi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz taslamalara seredende seýsmiki howpsuzlygyň üpjün edilmegine örän uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar häziki zamanyň seýsmiki ýagdaýa garşy tehnologiýalary ulanmak babatda tejribe alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäklerinde gurluşyk işleriniň seýsmiki howpsuzlyk boýunça döwlet kadalarynyň talaplaryna laýyk gelşine baha berlişi baradaky çykyş uly üns bilen diňlenildi.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi, bu gurluşyk senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge ýatdam edýär. Şunda örän uly tejribä we innowasiýalara eýe bolan dünýäniň dürli döwletleriniň öňdebaryjy işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Şolaryň tejribesi köp sanly bilelikdäki maýa goýum taslamalary amala aşyrylanda üstünlikli peýdalanylyp bilner.

Ýygnananlar häzirki çäreleriň ähmiýeti barada aýdyp, serginiň we maslahatyň işiniň netijeleriniň Türkmenistanyň gurluşyk pudagyny innowasion taýdan ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň hil taýdan täze derejesine çykarmaga, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge itergi berjekdigi barada biragyzdan pikirlerini aýtdylar.

 

 

 

Annaberdi GULGELDIÝEW,

«Türkmendöwlettaslama» döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň

Smeta bölüminiň inženeri.