Türkmenistan — Ýaponiýa: dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menzilinde gondy. Milli Liderimize gül desseleri gowşurylýar.

Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini Ýaponiýanyň resmi adamlary garşylaýarlar.

Milli Liderimizi Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni howa menzilinden sapar mahalynda türkmen Lideriniň kabulhanasy ýerleşen «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, dostlukly Ýaponiýa bilen özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Saldamly kadalaşdyryjy –hukuk binýady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny goýdy, ol döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarynyň uly toplumyndan ybaratdyr.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlgynyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy, 2013-nji we 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran resmi we iş saparlary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda uly ähmiýetli wakalar boldy. 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe resmi sapar bilen ýurdumyzda boldy. Bu saparlaryň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Hökümetleriň hem-de daşary syýasat edaralarynyň derejesinde, parlamentleriň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklar saklanylýar. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy sebit derejede hem, şol sanda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygyň çäginde hem üstünlikli ösdürilýär.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady özara gatnaşyklar babatynda Günüň dogýan ýurdunyň Türkmenistanyň esasy maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biridigini bellemek gerek. Bu gün bilelikdäki uzakmöhletleýin taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady komitetleriniň işi uly ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde şu gezekki saparyň möhümdigi barada aýtmak bilen, Ýaponiýa bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň taraplaryň hoşniýetli erk-islegine esaslanýan hem-de anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydygyny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda özara ynanyşmak, oňyn häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny hem-de ikitaraplaýyn görnüşde hem, iri sebit, halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Yzygiderli geçirilýän işewürler duşuşyklary hem-de forumlar, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisleri munuň subutnamasydyr, şeýle duşuşyklar onuň ägirt uly mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda ýokarda agzalan komitetiň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda dostlukly ýurtdan gelen hyzmatdaşlar nobatdaky gezekde ýapon işewürler toparlarynyň okgunly ösýän türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge, ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň hem-de täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Hyzmatdaşlygyň has geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berildi, bu ýerde Türkmenistanyň ýurdy senagatlaşdyrmaga hem-de ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ylma esaslanýan ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine gönükdirilen önümçilikleriň döredilmegini ugur edinýändigini nazara almak bilen, ägirt uly mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň mart aýynda Ýaponiýa sapary mahalynda gol çekilen resminamalaryň döwletara hyzmatdaşlygyna täze itergi berendigini bellemek gerek.

Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň giň ugurlary açylýar. Ýaponiýanyň kompaniýalary Mary welaýatynda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid dökünleriniň önümçiligi boýunça, Gyýanlyda polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça, Ahal welaýatynda bolsa tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki ýangyç-benzin önümçiligi boýunça dünýäde ilkinji zawod ýaly iri senagat toplumlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler.

Ulag-kommunikasiýa hem logistika, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikler bar, bu ugurda tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli bolar.

Ynsanperwer ulgamy, şol sanda ylym-bilim ulgamynda, medeniýet hem sungat, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegini düzýär. Şunda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon bölümini hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallary hökmünde görkezmek bolar. Şolarda Ýaponiýadan gelen tejribeli mugallymlar işleýär. Şeýle hem okuw maksatnamasyna ýapon dili girizilen ýörite orta mekdep işleýär.

Şeýlelikde, strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, geljegi nazarlaýan netijeli türkmen-ýapon işewürlik gatnaşyklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin ähli şertler we ygtybarly binýat döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär, şolaryň barşynda giň ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13465