Basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyny

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 3-nji tapgyry geçirildi. Basketbolyň 3x3 görnüşinden geçirilen bu bäsleşige aýallaryň we erkekleriň jemi 24 topary gatnaşdy. Olaryň 13- si zenanlar toparydyr. Bäsleşik ''Türkmenistan-Rowaçlygyň Watany'' diýlip atlandyryldy. Çempionata Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ''Gurluşyk we binagärlik sport kluby'' hojalyk müdirliginiň ''Gurluşykçy'' toparynyň oýunçylary Aýna Gökowa, Leýla Halilowa, Irina Sabansowa dagylar gatnaşdylar . Olara Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Bahar Mahtumowa ýolbaşçysylyk etdi. Bäsleşik oktýabr aýynyň 24-ne başlady we üç günläp dowam etdi. ''Gurluşykçy'' toparynyň zenan oýunçylary garaşylşy ýaly hormatly 1-nji orny eýelediler.
Erkekleriň bäsleşiginde ''Gurluşyk'' toparynyň oýunçylary Paşkow Aleksandr we Sapaly Zairow çykyş edip 3-nji orny eýelediler.