Basketbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy tamamlandy

''Aşgabat'' köpugurly stadionynda, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda basketbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak boýunça ýaryş tamamlandy. Her toparda 5 oýunçy çykyş edip galan 7 oýunçy ätiýaçda bolan bu bäsleşige welaýatlaryň ählisinden aýallaryň we erkekleriň toparlary gatnaşdylar. Çempionata Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ''Gurluşyk we binagärlik sport kluby'' hojalyk müdirliginiň ''Gurluşykçy'' toparynyň oýunçylary Aýna Gökowa, Leýla Halilowa, Irina Sabansowa gatnaşyp Bahar Mahtumowanyň ýolbaşçysylyk etmeginde 1-nji orny eýelediler. 2-nji orny ''Lebap'', 3-nji orny ''Aşgabat-2'' toparlary eýelemegi başardylar. Erkekleriň arasyndaky bäsleşikde ''Gurluşykçy''  toparyndan Paşkow Aleksandr, Sapaly Zairow gatnaşyp hormatly 1-nji orna mynasyp boldular. Oýunçylarymyza ussat halypa Myrat Atamedow ýolbaşçysylyk etdi. Aýal-gyzlaryň bäsleşigi 6 toparyň gatnaşmagynda geçirilip, 5 günläp dowam etdi.