Aşgabady ösdürmegiň döwrebap strategiýasy

Türkmen paýtagty döwrebap şähergurluşyk ýörelgelerine laýyk ösdürilýär.

Onuň ösüş strategiýasy ýaşaýyş üçin amatly innowasion tilsimleriň ulanylmagyny göz öňünde tutýar: ozalky ýaşaýyş jaý toplumlarynyň durky täzelenýär we täzeleri gurulýar, edara we jemgyýetçilik binalarynyň döwrebap binagärlik toplumlary bina edilýär, dynç alyş zolaklary döredilýär, gara ýollar gurulýar we maglumatlar kommunikasiýalary kämilleşdirilýär.

Kaşaň «Arkadag» myhmanhanasy, Kongresler-merkezi binalarynyň toplumy, Halkara bejeriş-estetika, şeýle hem Ýanyk bejeriş merkezleri, Magtymguly Pyragy ýadygärligi, «Türkmenbaşy» we «Senagat» banklarynyň täze edara jaýlary ulanylmaga berilmäge taýýar edildi.

Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasy hem-de Nusaý myhmanahanasynyň ikinji nobatdakysy gurulýar. Halkara aeroportunyň golaýynda Atamyrat Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygynda «Garagum» telekeçilik merkezli myhmanhana, Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrunda Awtoulaglar kärhanalary toplumy we awtoulaglar mekdepleri birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi bina edilýär.

Ekologiýa taýdan howpsuz gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanylýan amatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy şäher gurşawyny ösdürmegiň 2020-nji ýyla we soňky ýyllara niýetlenip, ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. Paýtagtymyzyň günorta-gündogar böleginde birnäçe müň maşgala niýetlenen Parahat-7 jaýaýyş jaý toplumynyň kemala gelmegi toplumlaýyn ýasaýyş jaý gurluşygy maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň mysalydyr.

Birnäçe ýylyň dowamynda bu ýerde köp öýli dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 60-dan gowragy guruldy. Durmuş-medeni düzümler döredildi – çagalar baglary, mekdepler, Saglyk öýi, köpçülikleýin-medeni çäreler üçin meýdançalar, çagalar üçin oýunlar we sport meýdançalary, köp gatly ulag duralgalary we beýleki binalar guruldy. Ýakyn ýyllarda ýaşaýyş jaýlarynyň ýene 43-si, mekdep bina ediler we seýilgäh zolaklarynyň ikisi dörediler, daş-töwerek abadanlaşdyrylar we nahallar oturdylar.

Magtymguly şaýolunyň ugrunda – Köşi we Tähran köçeleriniň çatrygynda ýokary amatlykly 12 gatly jaýlaryň 16-syndan ybarat ýaşaýyş jaý toplumy kemala geler. Aşgabatly maşgalalaryň 2260-syna niýetlenen iri ýaşaýyş jaý toplumy paýtagtymyzyň günbatarynda, Görogly, Gurbansoltan eje we Köşi köçeleriniň arasynda guruldy.

«Gurtly» ýaşaýyş jaý toplumynyň ikinji tapgyrynda 40 we 68 öýli dört gatly jaýlaryň 62-sini gurmak göz öňünde tutulýar. Şolar bilen bir wagtda çagalar baglary, orta bilim berýän mekdep, söwda we dynç alyş merkezi, ýapyk bazar hem-de dükanlaryň birnäçesi gurulýar.

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýene bir ýaşaýyş jaý toplumy döredilýär. Bu ýerde «Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşigi iri panelli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 35-sini gurar.

Aşgabadyň demirgazyk böleginde «Aşgabat-siti» mega-taslamasy durmuşa geçirilýär, onuň gurluşygynda «düşünjeli şäher» konsepsiýasyna laýyklykda sanly dolandyryş ulgamy ulanylar.

Aşgabatlylar üçin ekologiýa taýdan amatly gurşawy döretmek we oňa eýermek paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugry hökmünde öňe sürülýär, ýaşyl zolaklar hem köpsanly seýilgähler, çüwdürim-bag toplumlary şäheriň görküne görk goşýar.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13611