Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini gurmak boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň dörediljek ýerindäki gurluşygyň nobatdaky tapgyryna girişmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow wagt ýitirmän, gurluşyga dahylly birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleriniň hem-de sebitiň gurluşyk boýunça jogapkär işgärleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, iri kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine döwlet Baştutanymyzyň bu resminamada kesgitlän wezipelerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Iş maslahatynyň dowamynda häkim milli Liderimiziň kabul eden çözgüdi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň çäginde dörediljek täze şäheriň gurluşygy we zerur düzümi emele getirmek bilen baglanyşykly birnäçe wezipeler, şeýle hem gurluşygy tamamlamagyň möhletleri kesgitlendi.

Şu ýylyň mart we awgust aýlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, Gökdepe etrabynyň çäginde täze şäheriň gurluşygyny tapgyrlaýyn esasda, has takygy, onuň birinji tapgyryny 2019 — 2021-nji ýyllarda, ikinji tapgyryny bolsa 2020 — 2022-nji ýyllarda amala aşyrmak meýilleşdirildi.

Milli Liderimiziň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini gurmak hakyndaky çözgüdi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek, Watanymyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik keşbini döwrüň talabyna laýyk derejede özgertmek boýunça amala aşyrylýan syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylan ýyllarynda toplanan şähergurluşyk tejribelerini ulanmak arkaly bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar, olara durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň gurluşygy ynanyldy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň möçberli we döwrebap gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, sebitleri toplumlaýyn esasda özgertmek, tutuş ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi we hususy pudagy häzirki zaman derejesinde ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrýar. Bu bolsa Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagyny şertlendirýär.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Kararyna laýyklykda, ýakyn geljekde dürli maksatly desgalary bolan şäheriň peýda boljak ýerinde giň gerimli gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Bu ýerde ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalary milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň buýurmalary esasynda degişli kärhanalary we senagat toplumlaryny, täze nusgaly ýaşaýyş jaýlaryny bina ederler. Bellenilişi ýaly, gurulýan desgalaryň halkara ölçegleriň iň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegi, olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň awgust aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýaşaýyş jaýlarynyň 68-si, edara binalarynyň 8-si gurlar. Milli Liderimiziň şu ýylyň noýabr aýynyň başynda gol çeken Karary bilen, täze, döwrebap edara ediş merkezinde orta mekdepleriň 4-si, çagalar baglarynyň 10-sy, ýaşaýyş jaýlarynyň 131-si we 47 sany edara binasy gurlar.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň şu gün gol çeken Kararyna laýyklykda, bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň 59-synyň gurluşygy bilen bir hatarda içerki we daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we gaz ulgamlaryny hem-de ýollary çekmek meýilleşdirildi.

Bu taslamany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde jemi desgalaryň 76-sy, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň 68-si, edara binalarynyň bolsa 8-si gurlup ulanmaga berler. Häzirki wagtda bu ýerde binalaryň we desgalaryň jemi 64-sinde gurluşyk-gurnama işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Onda kuwwatly tehnikalaryň 350-den gowragy ulanylýar we oňa 700-e golaý gurluşykçy gatnaşýar.

Täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda jemi 192 desga bina ediler. Olaryň 131-siniň ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarydygyny, 61-siniň bolsa edara-kärhanalaryň binalarydygyny bellemeli. Şeýle hem bu ýerde kottejleriň hem uly toplumynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu bolsa raýatlaryň hususy isleglerine we ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýän ähli amatlyklary bolan oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny saýlap almagyna mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň sebitleriniň binagärlik taýdan ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Täze nusgadaky obalar we şäherçeler Diýarymyzyň binagärlik babatda baş bezegine öwrüldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryny baş ýörelge edinýän durmuş syýasatynyň ähli ugurlar babatda netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde türkmenistanlylaryň ýaşaýyş şertleri gowulandyrylýar, şäherlerde we obalarda her ýylda maşgalalar ýokary amatlylygy bolan täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barýarlar.

Ähli ýerde gurulýan häzirki zaman kärhanalary we fabrikleri, saglyk, medeniýet we sport merkezleri, ýokary okuw mekdepleriniň we umumybilim berýän mekdepleriň täze binalary döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň aýdyň mysallaryna öwrüldi. Dürli maksatly binalaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýasy esasynda enjamlaşdyrylmagy sanly ykdysadyýete geçmek boýunça taýýarlanan Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmeginde ähmiýetli bolup durýar.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler häzirki döwürde özüniň anyk netijelerini berýär. Şunlukda, raýatlaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşlarynda belleýşi ýaly, ýurdumyzda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylmagy we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işler häzirki döwrüň möhüm wezipesine öwrüldi. Şunlukda, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda amala aşyrylýan binagärlik-gurluşyk syýasatynda ilatyň durmuş üpjünçiligine uly ähmiýet berilýär.

Bu asylly maksady durmuşa geçirmäge Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ähli mümkinçilikleri, syýasy, dolandyryş we beýleki serişdeleri gönükdirildi. Bu işe ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň mümkinçilikleri çekilýär. Ýurdumyzy abadanlaşdyrmaga, bagy-bossanlyga öwürmäge — daşky gurşawyň goralmagyna aýratyn üns berilýär.

Milli maksatnamalarda bellenen wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde ekologiýadan başlap, jemagat hyzmatlaryna çenli iň ýokary talaplar bildirilýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň keşbinde ýyl-ýyldan täze, ajaýyp özgertmeler bolup geçýär. Bu özgertmeleriň ösüş babatda täze mümkinçilikleri döredýändigini ynam bilen bellemeli.

Bu ýere ýygnananlar Ahalyň dolandyryş merkeziniň taslamasynda şäheri we bütin sebiti dolandyryş-çäk birligi bilen bilelikde ösdürmegiň ulgam emele getiriji innowasion düzüm böleginiň binýadynyň goýlandygyny bellediler. Onda sanly we intellektual ulgamlara, ýokary tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu babatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäniň umumy ösüşi bilen deň gadam urmak bilen bir hatarda, häzirki döwür we geljekki nesiller milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, türkmen halkynyň köpasyrlyk medeniýeti we däp-dessurlary ösdürilýär. Munuň özi gurluşyk ulgamynda hem şeýledir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň milli gurluşyk pudagynda gadymy binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar.

Maslahatyň dowamynda milli Liderimiziň görkezmelerinden ugur alyp, täze şäheriň binagärlik keşbinde, onuň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda öz beýanyny tapmagy ugrunda, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur tagallalaryň ediljekdigi nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar döredijilikli işlemek, ýurdumyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek ugrunda döredilýän oňyn şertler üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirdiler we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy täze taryhy eýýamda Watanymyzy mundan beýläk-de gülläp ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdylar.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13618