Paýtagtymyzyň demirgazygynda döwrebap awtoklaster kemala gelýär

Paýtagtymyzyň demirgazygynda gurulýan awtoulag kärhanalary toplumynda üç müňe golaý awtomobil ýerleşer. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tabşyrygy bilen Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrunda Aşgabat halkara awtoterminalynyň golaýynda şäher we şäherara ýolagçylar ulaglaryny saklamak, olara tehniki taýdan hyzmat etmek hem-de abatlamak boýunça klaster, şeýle hem okuw-türgenleşik merkezli awtomekdepler Birleşigi döredilýär.

Gurluşygyň potratçysy - «Weli Gurluşyk» hususy kärhanasy alty gektardan gowrak ýerde üsti ýapyk duralgalary, abatlaýyş zolaklaryny, dispetçerlik nokatlaryny, edara jaýlaryny we beýleki binalary gurýar.

Aşgabadyň ýollagçy-ulaglary önümçilik birleşiginiň taksoparky üçin 800 maşyna niýetlenen duralga göz öňünde tutulan. Şäherara awtobuslarynyň 350-si üçin üsti ýapyk duralgalaryň bäşisi bolar. Üsti ýapyk duralgalaryň 24-sinde şäher içine gatnaýan awtobuslaryň bir ýarym müňden gowragy saklanylar.

Toplumda awtoulaglara hyzmat etmek we olary abatlamak üçin hersi günde 50 ulaga niýetlenen abatlaýyş zolaklarynyň 12-si bolar. Olar dürli çylşyrymlykdaky abatlaýyş işleri üçin döwrebap enjamlar we tehnologiýlar – demir işleýji stanoklar, ulaglaryň kemçiligini anyklaýan kompýuterler, her hili göteriji kranlar, duruzyş diwarçalary, tigirleri abatlaýyş agregatlary, gurallar tirkegleri bilen üpjün ediler.

Her awtoparkyň öz ýangyç guýýan bekedi, kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen dirpetçerlik nokady, lukmançylyk-gözegçilik bölümi bolar. Iki gat edara jaýynda 100 orunlyk naharhana we 200 orunlyk mejlisler otagy göz öňünde tutulan.

Toplumda awtomekdepler Birleşigi hem dörediler, onda diňleýjileriň 335-si amaly taýýarlyk geçip we maşyn sürmek endiklerini öwrenip bilerler. Okuw toplumy kompýuter synplary, trenažýorlar, ýörite diwarçalar bilen enjamlaşdyrylar. Türgenleşik merkezi üçin ýeňil awtomobilleriň 60-sy satyn alnar. Awtoulag kärhanalar toplumyny 2020-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13710