Paýtagtymyzyň Parahat 7/3 ýaşaýyş jaý toplumynda maşgalalaryň 270-si täze ýyly täze jaýlarda garşylarlar

Şu ýylyň soňky günleri aşgabatly maşgalalaryň 270-si Parahat 7/3 ýaşaýyş jaý toplumynda amatly täze jaýlara göçüp bardylar.

Aşgabat şäher häkimliginiň tabşyrygy bilen «Arkaçgurluşyk» ÖB-niň gurluşykçylary otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 1, 2, 3, 4 otagly 54 öýli jaýlaryň üçüsini we 108 öýli jaýyň birini ulanmaga bermäge taýýarladylar.

Täze ýylyň öň ýanynda ulanylmaga bermäge taýýarlanylan täze dokuz gatly jaýlaryň dördüsi iki müňden gowrak maşgala niýetlenen iri panelli jaýlaryň 27-si bolan Parahat 7/3 ýaşaýyş jaý toplumyny kemala getirmegi jemledi. Indi ol Parahat 7 etrapçasynda iň köp adamly sebitdir.

Paýtagtyň günorta-gündogaryndaky ýaşaýyş jaý toplumy şäher gurşawyny toplumlaýyn guramak konsepsiýasyny ýokary depginli durmuşa geçirmegiň mysaly boldy. Bu ýeri abadanlaşdyrmak we gök nahallary ekmek boýunça işler geçirildi, zerur kommunikasiýa ulgamlary çekildi, metjit, üsti ýapyk bazar, Saglyk öýi, köp gatly ulag duralgasy guruldy, seýilgäh zolagynyň düýbi tutuldy.

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13757