"Gurluşyk we binagärlik sport klubuň" ýeňişleri

''Türkmenistan--ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy'' atly XI nji sport basleşikleriniň basketbol oýunlary tamamlandy. Bäsleşik Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň sport zalynda geçirildi. Çekeleşikli basleşikde
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň "Gurluşyk we binagärlik sport kluby" hojalyk müdirliginiň "Gurluşykçy" erkekler we zenanlar ýygyndy toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş edip hormatly 1-nji orny eýelediler. 2-nji orny Bilim
ministrliginiň, 3-nji orny bolsa Aragatnaşyk ministrliginiň topary eýelediler. Ertir stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşikler "Aşgabat " köpugurly stadionynda geçiriler. "Gurluşykçy" toparynyň türgenlerini gazanan ýeňşi bilen gutlap öňde
boljak bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazanmagyny arzuw edýäris.