"Türkmenistan-ruhubelentligiñ we sagdynlygyñ ÿurdy" atly XI sport ÿaryşlary tamamlandy

2020-nji ÿylyñ mart-aprel aÿlary aralygynda, yurdumuzyñ ministrlikleriniñ we pudak edaralarynyñ işgärleriniñ arasynda "Türkmenistan-ruhubelentligiñ we sagdynlygyñ ÿurdy"atly XI-sport ÿaryşlarynyñ ÿapylyş dabarasy Nebit we gaz uniwersitetiniñ sport binasynda aydym-saza beslenip geçirildi. Sportuñ basketbol, ÿeñil atletika, stoluñ üstünde oÿnalÿan tennis, uly tennis, woleÿbol, milli göreş, küşt kiçi futbol görnüşlerinden geçirilen bäsleşikler çekeleşikli, dartgynly ÿagdaÿda geçdi.
Netijede, Türkmenistanyñ Gurluşyk we binagärlik Ministrligi 105 utuk sany bilen hormatly 1-nji orny eÿeledi. Türkmenistanyñ Bilim Ministrligi 100 utuk toplap 2-nji ÿeri eÿeledi. 81 utuk toplan Türkmenistanyñ Aragatnaşyk agentliginiñ topary 3-nji orny eÿelemegi başardy.
Türkmenistanyñ Gurluşyk we binagärlik Ministrliginiñ "Gurluşyk we binagärlik sport kluby" hojalyk müdirliginiñ ussat türgenlerini gazanan uly ÿeñşi bilen gutlaÿarys.